Hormatly Prezidentimiziň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda daşky gurşawy goramagyň dürli ugurlary boýunça halkara hyzmatdaşlygy barha ösdürilýär.
Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasyna, Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça konwensiýasyna, Ozon gatlagyny goramak boýunça Wena konwensiýasyna we Ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça Monreal Teswirnamasyna, Howply galyndylaryň serhetüsti daşalyşyna we olaryň çykarylyşyna gözegçilik etmek hakyndaky Bazel konwensiýasyna, Habara elýeterlik, kararlary kabul etmek işine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy hem-de daşky gurşawa dahylly meseleler boýunça adyl kazyýetlige elýeterlik hakyndaky konwensiýa (Orhus konwensiýasyna), Halkara ähmiýetli, esasan-da suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan suwly-batgalyk ýerleri hakyndaky konwensiýasyna (Ramsar konwensiýasy), Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça Konwensiýa (Bonn Konwensiýasy) we onuň Afrika-Ýewraziýa göçýän suw guşlaryny gorap saklamak baradaky ylalaşyga (AEWA), Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýasyna (Tähran Konwensiýasy) gatnaşyjy tarap bolmak bilen, olardan gelip çykýan borçnamalary durmuşa geçirmekde göreldelik işleri durmuşa geçirýär.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP), Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy (UNDP), Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy (FAO), Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO), Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa boýunça Ykdysady komissiýasy (UNECE), Bütindünýä ekologiýa gaznasy (GEF), Ýaşyl howa gaznasy (GCF), Uýgunlaşma gaznasy (AF), Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasy (OSCE), Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi (CAREC), Araly halas etmegiň halkara gaznasy, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) ýaly abraýly halkara guramalar bilen işjeň we netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar. Bu guramalar bilen hyzmatdaşlykda onlarça milli we sebitleýin derejelerdäki bilelikdäki taslamalar durmuşa geçirilýär.