SÜNT-HASARDAG döwlet tebigy goraghanasy
1658 Günorta-Günbatar Köpetdag, Merkezi Aziýa we Ortaýer deňiz sebitleriň çäkleşýän ýerinde bolan özboluşly biogeografik ýerlerdir. Bu sebit gurak subtropikleriň iň demirgazygynda ýerleşip, özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen tapawutlanýar. Görnükli alymlar bu sebiti öwrenip, Günorta Günbatar Köpetdagyň dünýädäki medeni ösümlikleriň gelip çykan merkezleriniň biridigini kesgitläpdirler. Olaryň maslahaty bilen bu ýerde geçen asyryň 30-njy ýyllarynda Ösümlikleriň genetiki gorlarynyň Türkmenistandaky synag merkezi döredilýär. Sebitiň tebigy toplumlaryny gorap saklamak üçin bolsa goraghana döretmek wajyp bolýar. 1978-nji ýylda Günorta-Günbatar Köpetdagyň tebigy ekoulgamlaryny öwrenmek, dikeltmek we gorap saklamak maksady bilen, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasy döredilýär.
Döredilmeginiň esasy maksady Günbatar Köpetdagyň ekologik toplumlaryny hemme taraplaýyn öwrenmek, olary dikeltmek we gorap saklamak usullaryny işläp düzmekden ybaratdyr.
Goraghana aýry-aýrylykda ýerleşýän üç sany, ýagny Merkezi bölümden (13406 ga), Aýdere bölüminden (3618 ga) we Çendir bölüminden (9437 ga) ybarat. Olar biri-birlerinden 50 km töweregi daşlykda ýerleşýärler. Merkezi bölümiň günortasyna ýanaşyp Sünt-Hasardag çäkli goraghanasy ýerleşýär (3800 ga). Şeýlelelik-de, goraghananyň umumy tutýan meýdany Günbatar Köpetdagyň takmynan 2%-ni eýelýär.
Günbatar Köpetdagda ösümlikleriň 1500-den gowrak görnüşleri mälimdir. Şolardan 1300-den gowragy Günorta-Günbatar Köpetdagda duşýar. Sebitde 119 sany görnüş Türkmen-Horasan daglarynyň, 72 sany görnüş Köpetdagyň, 42 sany görnüş bolsa Günorta-Günbatar Köpetdagyň endemikleri hasaplanýar.
Günorta-Günbatar Köpetdagyň esasy aýratynlygy - miweli agaçlaryň ýabany kowumdaşlarynyň Merkezi Aziýada ýeke-täk gögerýän sebitdir. Türkmen selmelegi bolsa özboluşly endemigi bolup, onuň kowumdaşlary diňe Orta Ýer deňziniň sebitlerinde gabat gelýär. Goraghanada Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen 34 görnüşi duş gelýär, bu bolsa Gyzyl kitaba girizilen ösümlikleriniň 30% deň.
Goraghananyň haýwanat dünýäsi 2899 görnüşden ybarat bolup, Şol sanda Oňurgasyz jandarlaryň 2500 töweregi, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2, süýrenijileriň 37, süýdemdirijileriň 52, balyklaryň 6, duş gelýär. Günorta-Günbatar Köpetdagda gabat gelýän guşlaryň umumy görnüş sany 276 bolup, tutuş Türkmenistanyň görnüş sanynyň 75%-ne barabardyr. Şolardan goraghanada 160 görnüşi gabat gelýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen 11 görnüş goraghanada gabat gelýär.
Oňurgaly haýwanlaryň 30 we oňurgasyzlaryň 17 görnüşi (jemi 47) Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir.
Goraghananyň tabynlygynda 1 sany çäkli goraghana ýerleşýär.
Sünt-Hasardag tebigy çäkli goraghanasy 1990-njy ýylyň 1-nji martynda ulanmaga berilen. Tutýan meýdany 3800 ga. Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyna degişli. Döredilmeginiň masady: Magtymguly etrabynyň ilatynyň durmuş-ykdysady şertlerini gowylamak.
Goraghana aýry-aýrylykda ýerleşýän üç sany bölümden ybarat: Merkezi (13406 ga), Aýdere (3618 ga) we Çendir (9437 ga). Olar biri-birlerinden 50 kilometr töweregi daşlykda ýerleşýärler. Merkezi bölümiň günortasyna ýanaşyp, Sünt-Hasardag çäkli goraghanasy ýerleşýär (3800 ga). Şeýlelelik-de, goraghananyň umumy tutýan meýdany 30261 ga bolup, Günbatar Köpetdagyň, takmynan, 2% eýeleýär.