KÖÝTENDAG döwlet tebigy goraghanasy

1463
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda ýerleşýär. Ol 1986-njy ýylyň 11-nji iýulynda dőredilendir. Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy äpet Pamir-Alaý dag ulgamynyň Gissar gerşiniň bir şahasy bolan Köýten daglarynyň günbatar eňňidinde ýerleşýär. Goraghananyň tutýan meýdany 27139 gektar. Goraghananyň dőredilmeginiň esasy maksady – Kőýtendagyň we oňa golaý ýerleriň täsin tebigatyny goramakdan hem-de bozulan ekoulgamlaryny dikeltmegiň we saklamagyň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň genetik goruny hem-de sebitiň tebigatyny goramagyň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň dőredilmegi, juda seýrekligi üçin Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekesini goramak zerurlygy bilen baglydyr.
Köýtendagyň ady onuň relýefiniň mahsus aýratynlygyny örän jaýdar häsiýetlendirýär. Ol  “kuhi” diýen pars we “teň” diýen türk sözlerinden gelip çykyp, “geçmesi kyn dag” diýen manyny aňladýar. Hakykatdan hem, bu daglyk ýerler köp sanly jülgedirdir dereler bilen dilkawlanandyr.
Köýtendaglarynyň florasy seljerilende ol Köpetdag bilen Pamir-Alaýyň arasyndaky geçiş ýagdaýa eýedigi mälim bolýar. Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda we oňa galtaşýan çäklerde häzirki wagtda ýokary derejeli ösümlikleriň 1003 görnüşi duş gelýär. Şolardan 23 görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2024 ý.) girizilendir, 39 görnüş bolsa endemik ösümliklerdir. Bu ýerdäki ösümlikleriň 225 görnüşden  gowragy bolsa dermanlyk ösümliklerdir. 
Goraghanada esasy tokaý emele getiriji agaçlaryň biri hasaplanýan – Zerewşan arçasy giňden ýaýrandyr onuň boýy 15-20 m, sütüniniň ýogynlygy ortaça 50-60 sm deň bolup, serwiler maşgalasynyň bu ýerdäki ýeke-täk wekili hökmünde mydama gök öwsüp otyr.
Köýtendaglarynyň baý haýwanat dünýäsi bar. Häzirki güne bu ýerde haýwanat dünýäsiniň 500-den gowrak görnüşi aýan edilen. Şeýlelikde, Köýtendaglarynda we dag eteklerinde oňurgasyzlaryň 200-e golaý, balyklaryň 10, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2, süýrenijileriň 25, guşlaryň 225 we süýdemdirijileriň 43  görnüşi duşýar.
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyna dört sany çäkli goraghana degişli. Olar Hojaýpil, Hojaburjybelent, Garlyk we Hojagarawul. 
Hojaýpil döwlet tebigy çäkli goraghanasy Köýtendagyň goraghana girmedik demirgazyk bölegini, Köýten jülgesiniň ýokary guşaklygyny we Gowurdak pes daglygynyň demirgazyk-gűndogaryny öz içine alýar. Ol takmyndan 150 mln ýyl mundan öň ölüp giden dinozawrlaryň aýak yzlary saklanyp galan “Dinozawrlaryň belent tekizligi”, gözel dereli “Kyrkgyz” gowagyny, şaglawukly Umbarderäni, Kette, Aýgyr, Horjun ýaly karst kölleri, Köýten obasyndaky köp asyr ýaşan çynarlary, arnap tokaýjygyny hem Garadepäniň ýanyndaky pisse tokaýjygyny goraýar. Onuň umumy meýdany 31635 gektara deň.
Garlyk  döwlet tebigy çäkli goraghanasy Köýtendag etrabynda ýerleşip, ol Köýtendag gerşiniň günorta eňňidini we Köýtendag gerşinden Amyderýa çenli aralykdaky daglyklary öz içine alýar. Bu çäkli goraghanada Köýtendaglarynyň günorta ýapgydynyň dag landşaftlary, ösümlik we haýwanat dünýäsi, gidrologiki tebigy ýadygärlik bolan Gaýnar baba çeşmesi goralyp saklanýar. Onuň meýdany 40000 ga deň.
Hojaburjybelent döwlet tebigy çäkli goraghanasy Köýtendag etrabynda ýerleşip, Sakyrtma, Tahtadag, Hojaburjybelent gerişlerini we onuň töweregindäki ýerleri öz içine alýar. Bu çäkli goraghana Sakyrtma, Tahtadag, Hojaburjybelent ýapgytlyklarynyň we onuň töweregindäki ýerleriň tebigy deňagramlylygyny saklamakda ýagny, şol ýerleriň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda, şol ýerlerdäki suw saklaýjy, topragy ýuwulmakdan saklaýjy ähmiýeti bolan pisse tokaýlyklaryny gorap saklamakda uly ähmiýete eýedir. Onuň meýdany 17592 ga deň.
Hojagarawul döwlet tebigy çäkli goraghanasy Köýtendag etrabynda ýerleşip, ol Köýtendag gerşiniň goraghana girmedik günbatar böleginiň demirgazygynda Daraýdere jülgesinden günortasynda Garajumalak dagyna çenli aralygy öz içine alýar. Bu çäkli goraghananyň Daraýdere, Hojagarawul jülgeleriniň tebigy deňagramlygyny saklamakda haýwanat we ösümlik dünýäsini goramakda uly ähmiýeti bar.  Onuň umumy meýdany 16011 ga deň.
Tebigy ýadygärlikler. Köýtendag döwlet tebigy goraghanasy tarapyndan Umbardere şaglawugy, Kyrkgyz deresi, Arnap tokaýjygy, Gaýnarbaba çeşmesi, Köýten obasyndaky iki sany gojaman çynary, Daraýdere kanýony, Hojagarawul deresindäki gojaman tut agajy, Garlyk gowaklar ulgamyna degişli bolan „Haşimoýuk“, „Gülşirin“, „Aralyk“, „Gapgotan“, „Daşýürek“, „Ölüler“ atly gowaklar, “Dinozawrlaryň belent tekizligi” ýaly tebigy ýadygärlikler hem goralyp saklanýar. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04