Bäherden tokaý hojalygy

999
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Bäherden tokaýý hojalygy 1975-nji ýylda döredildi, tokaý fonduna jemi 439500 ga meýdan degişli bolup durýar.Şondan 411000 ga gum bölegini hem-de 28500 ga dag bölegi tutýar.
Gum bölegi Gökdepe etrabyndan günbatarlygyna Balkan welaýatynyň Serdar etrabyna çenli araçäkkleşýär. Günorta—demirgazyk bölegi Bäherden etrabyndaky Garagum derýasyndan Daşoguz welaýaty bilen araçäkleşýär. Gum böleginde özboluşly çöl ösümlikleri şol sanda sazak, çeti, çerkez, gandym ýaly nahallaryň ösüp duranlygyny görmek boolýar.
Dag bölekleri Bäherden etrabynyň Köpetdag sebitiniň gündogar-günorta tarapyndan Degirmenli serheet galasyndan başlap Sünt-Hasardag goraghanasyna çenli we günbatar-günorta tarapy Magtymguly tokaý hojalygy bilen araçäkleşýär. Hem-de demirgazyk –günbatar tarapy Balkan welaýatynyň Serdar etraby bilen araçäkleşýär. Daglyk ýerlerde özboluşly türkmen arçasy,kerkaw,dagdan,badamça ýaly dürli baglar ösüp ýetişýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04