Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty

521
Milli institut 1996-njy ýyldan bäri BMG-nyň Çölleşmä garşy göreşmek Konwensiýasynyň Türkmenistan boýunça utgaşdyryjy ylmy Merkezi wezipesini alyp barýar. Häzirki wagtda howanyň üýtgemegi, Aral deňziniň ekologiki meseleleri, Merkezi Aziýada ýerleriň degradasiýasy we çölleşme hadysasynyň güýçlenmegi bilen Konwensiýadan gelip çykýan wezipeleri çözmegiň ylmy esaslaryny işläp düzýär. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda tassyklan 2021-2025-nji ýyllarda üçin Türkmenistanyň milli Aral meýilnamasyndan we Türkmenistanyň Milli tokaý Maksatnamasyndan (2021-2025ý.ý.) gelip çykýan wezipeleri çözmeklige gönükdirilen ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. 
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan 2021-2025-nji ýyllar üçin ylmy-barlag işlerini alyp barmagyň tassyklanan Meýilnamasyna laýyklykda 7 sany tema boýunça işleri ýerine ýetirýär:
1. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde biodürlüligi öwrenmek we  olary gorap saklamak boýunça teklipleri taýýarlamak. 
2. “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde şorlaşan ýerleriň ekologik monitoringi we olary dikeltmegiň fitomelioratiw tehnologiýasyny işläp düzmek.
3. Hazarýaka çöllükleriniň ösümlik örtüginiň ekologik monitoringi we onuň hojalyk ähmiýeti.
4. Howanyň üýtgeýän şertlerinde Merkezi Garagumuň agaç we gyrymsy ösümlikleriniň häzirki ekologik ýagdaýyny öwrenmek.
5. Günorta-Günbatar Köpetdagyň ýabany ösýän miweli ösümlikleriniň bioekologiki aýratynlyklaryny öwrenmek we olary dikeltmegiň ýollary.
6. Hojalyk desgalarynyň çölüň ekoulgamlaryna edýän täsirini öwrenmek we tebigaty goramak çärelerini işläp düzmek (Merkezi Garagumuň günorta böleginiň mysalynda).
7. Aşgabat şäheriniň töweregindäki  tokaý zolaklarynyň toprak we howa şertlerine täsirini öwrenmek (Merkezi Köpetdagyň etegi mysalynda).
Ýokarda görkezilen ylmy-barlag işleriň netijeleri boýunça birnäçe gollanmalar, ylmy makalalar we önümçilige ornaşdyrmak boýunça teklipnamalar taýýarlanyldy. 
Milli institutynyň alymlary tarapyndan 2025-nji ýyla çenli Türkmenistanda çölleşmä garşy göreşmegiň milli Meýilnamasynyň rejelenen görnüşini taýýarlamak işleri alnyp barylýar. 
Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty ylalaşylan tertipde birnäçe daşary ýurtlaryň ugurdaş ylmy merkezleri, halkara iri guramalary bilen bilelikde taslamalary ýerine ýetirmek işleri alnyp barylýar. Şol sanda, Kostýakow adyndaky Bütinrussiýanyň gidrotehnika we meliorasiýa ylmy-barlag instituty we Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýada alyp barýan sebitleýin taslamasynyň çäginde bilelikde ylmy hyzmatdaşlyk işleri ýerine ýetirilýär.  
Çöller, ösümlk we haýwanat dünýäsi milli instituty esasy maksady – ýurdumyzyň biologik dürlüligini we daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak boýunça düýpli we amaly ylmy barlag işlerini alyp barmakdyr. Institutyň baş wezipeleri şulardan ybaratdyr:
1) tokaý we öri meýdanlaryny dikeltmegiň we netijeli peýdalanmagyň, ösümlikleri we haýwanlary goramagyň usullaryny işläp düzmek;
2) daşky gurşawa we çölleşme hadysalaryna gözegçilik etmegiň usullaryny we çölleşmäge garşy göreş çärelerini işläp düzmek; 
3) howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa, ösümlik we haýwanat dünýäsine edýän täsirini öwrenmek;
4) tebigaty goramak ulgamynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň gazanan üstünliklerini seljermek, peýdalanmak hem-de önümçilige ornaşdyrmak boýunça teklipleri we hödürnamalary taýýarlamak;
5) ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudak edaralary, ylmy-barlag institutlary bilen bilelikde toplumlaýyn ylmy maksatnamalary ýerine ýetirmek boýunça özara hyzmatdaşlygy berkitmek;
6) uly göwrümli ylmy taslamalary we maksatnamalary ýerine ýetirmek maksady bilen daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04