Ekologiýa gözegçilik gullugy
605Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ekologiýa we tebigaty goramak meseleleri ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak-jemgyýetiň durmuş-ykdysady ösüşiniň hökmany şertidir. Häzirki zaman şertlerinde ilatyň ähli gatlaklarynyň daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmaga, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga we täzeden dikeltmäge gyzyklanmasy barha artýar. Birleşen Milletler Guramasynyň 1972-nji ýylda Stokgolm şäherinde geçirilen Daşky gurşaw boýunça maslahatynda 5-nji iýun Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi. Şol maslahatda adamzat taryhynda ilkinji gezek tebigat bilen baglanyşykly meseleler dünýä ähmiýetli meseleler hökmünde ykrar edildi. Şondan bäri Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni ekologiýa senenamasynda iň esasy baýram hasap edilip, dünýäniň 150 gowrak ýurdunda bellenilýär.
Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň ýörite karary bilen 2008-nji ýyldan başlap, her ýylyň iýun aýynyň 5-i Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni biziň ýurdumyzda milli baýram diýlip yglan edildi.
Garaşsyz, baky bitarap döwletimiziň ykdysady we durmuş taýdan ösüşine, jemgyýetimiziň ruhy, medeni galkynyşyna giň ýollar açyldy. Tebigaty, ilatyň saglygyny, biologik dürlüligi goramak, ýer, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpzuzlygy üpjün etmek meselelerini Hormatly Prezidentimiz hemişe üns merkezinde saklaýar. Türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmek, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksadydyr. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň çäklerinde paýtagtymyz Aşgabadyň daş-töwereginde we welaýatlarda tokaý zolaklarynyň emele gelmegi, gojaman Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi, Garagumuň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurulmagy we ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm çözgütleriň kabul edilmegi daşky gurşawy goramak meselesine milli derejede uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistany bagy-bossanlyga öwürmek baradaky döwrebap meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirilýär. Köpetdagyň eteginde giň göwrümli tokaý-seýilgäh zolagy döredildi. Aşgabatda we welaýatlarda agyz suwuny arassalamak boýunça kärhanalaryň ençemesi işe girizildi.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşawy goramak boýunça birnäçe konwensiýalaryna we halkara ylalaşyklaryna goşulmak bilen, bu ugurda durnukly ösüş boýunça dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan meseleleri çözmäge saldamly goşant goşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi, Çölleşmäge garşy göreş, Biologik dürlülik baradaky we beýleki halkara konwensiýalarynyň hem-de ylalaşyklarynyň çäklerinde derwaýys ekologiýa meselelerini çözmek babatda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurtda atmosfera düşýän parnik gazlarynyň hasabaty ýöredilýär.
Halk hojalygynyň dürli pudaklaryna häzirkizaman, ekologiýa nukdaýnazardan has kämil tehnologiýalar yzygiderli ornaşdyrylýar. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak bilen baglanyşykly degişli innowasion tehnologiýalary işläp taýýarlamaklyga hem-de parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagyna aýratyn üns berilýär.
Globallaşmak asyrynda tebigaty goramak işiniň ynsanperwerleşdirilmegini güýçlendirmek häsiýetlidir, bu ýerde ilkinji nobatda adam durmuşynyň we saglygynyň hökmany şerti hökmünde daşky gurşawyň hilini üpjün etmek öňe sürülýär. Şu nukdaýnazardan, daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ulgamynda ýene-de bir wajyp ýörelge ýüze çykarylýar ýagny raýatlaryň daşky gurşawyň amatlyklaryna bolan hukugyny üpjün etmek ýörelgesi. Bu ýörelge Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň garaşsyzlygy we döwlet gurluşynyň esaslary hakynda konstitusion kanunynda, Tebigaty goramak hakynda, Atmosfera howasyny goramak hakynda, Döwlet ekologiýa ekspertizasy hakynda, Ösümlik dünýäsi hakynda, Haýwanat dünýäsi hakynda, Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda, Uglewodorod resurslary hakynda Türkmenistanyň Kanunlarynda, ýer, suw, tokaý, sanitariýa kodekslerinde we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalarda berkidilendir. Şu ýörelgäniň esasynda Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy maksady bolan-häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri amala aşyrylýar.
Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň ekologik syýasatynyň durmuşa geçirilmegi milli kanunçylygyň halkara kadalary bilen sazlaşykda daşky gurşawyň deňagramlykda goralyp saklanmagyna, ykdysadyýetiň pudaklaryny ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmeklige we jemgyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.