Ähliumumy metan borçnamasy
70Ählumumy metan borçnamasynyň milli derejede ýerine ýetirilişi
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýanyň Taraplarynyň 28-nji mejlisinde Hormatly Prezidentimiziň taryhy çykyşynda Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulýandygy barada yglan edildi. Bu borçnamanyň çäklerinde oňa goşulan ýurtlar metanyň zyňyndylaryny 2030-njy ýyla çenli 2020-nji ýyldaky derejesinden 30% azaltmagy ylalaşýarlar.
Halkara bilermenleriň aýtmagyna görä metan gazy kömürturşy gazyndan soňra, howanyň ählumumy maýlamagynyň ikinji çeşmesi bolup durýar. Metanyň atmosferada jemlenmeginiň artmagy howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagyna we parnik täsiriniň güýçlenmegine getirýär. Metan gazy howanyň üýtgemegi hadysasyny çaltlandyrýan gaz (parnik gaz) bolup, howanyň üýtgemeginiň 4-9 % metan zerarly emele gelýär. Tebigy gazyň düzüminde, nebitiň ugurdaş gazynda, çeşmelerden we batgalardan çykýan gazlarda, şeýle hem nebitiň garyndysynda hem duş gelýär. Adamyň hojalyk işiniň (antropogen täsiriň) netijesinde emele gelýän metanyň zyňylmalarynyň 24% nebit-gaz senagatyna degişli, olardan: tebigy gaz gazylyp alnanda we daşalanda – 60 %, nebit gazlyp alnanda 40%.
Soňky ýyllarda metan gazynyň toplanmasynyň ýokarlanmagy Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasynyň çäklerinde ähli umumy derejede temperaturanyň ýokarlanmagyny 1,5С çäklendirmek maksadyna uly howp salýar. Metan zyňyndylary ýyllylygy saklamak boýunça kömürturşy gazy bilen deňeşdirilende 84 esse güýçli bolup, esasy parnik gazlarynyň biri hasaplanýar.
Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň milli strategiýasyna laýyklykda metan zyňyndylary esasan ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda emele gelýär.
Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň Pudagara toparynyň 2023-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynda geçirilen birinji mejlisinde kabul edilen çözgütlere laýyklykda, şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2023-nji ýylyň dekabrynda geçiren giňişleýin mejlisinde Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri ýerine ýetirmek boýunça işleriň meýilnamasyny düzmek barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň belliklerini we tekliplerini göz önünde tutýan Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan 2024-2030-njy ýyllarda ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy hem-de 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça «Ýol kartasy» işlenip düzüldi.
Howanyň üýtgemegi boýunça Üçünji Milli Habarnamany taýýarlamagyň çäklerinde Türkmenistanda zyňyndy gazlaryň zyňylmalary hasaba alyndy. Bu maglumatlara laýyklykda ýurduň howanyň ählumumy ýylamagyna goşant goşýan esasy zyňyndy gazlar СО2 (kömürturşy gazy) we CH4 (metan) gazlardyr.
Bu sebäpden Metan zyňyndylaryny azaltmak boýunça Meýilnamanyň taslamasy düzülende energiýa serişdelerine baý bolan Türkmenistanda adamyň hojalyk işiniň netijesinde daşky gurşawa edilýän täsiri peseltmek meselesiniň çözülmegine, ilkinji nobatda bolsa, öňdebaryjy daşary ýurtly öndürijileriň häzirki zaman ekologiýa taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalaryny halk hojalygynyň nebit-gaz, energetika, ulag we beýleki pudaklarynda ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Nebit-gaz toplumynda energiýa netijeliligi we energiýanyň tygşytlanylmagyny ýokarlandyrmak üçin gaz öndürilende, daşalanda, saklananda we täzeden işlenende syzyp çykmalary azaltmak boýunça işleri geçirmek ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Meýilnamada göz öňünde tutulan işleri utgaşykly alyp barmak üçin Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanynda metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň Pudagara toparynyň kätipligini döretmek we onuň düzgünnamasyny tassyklamak, parnik gazlary, şol sanda metan gazynyň zyňyndylary bilen baglanyşykly kärhanalaryň sanawyny düzmek, howanyň üýtgemegi bilen bagly ylmy işleri taýýarlamak, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasy boýunça Türkmenistanyň Dördünji Milli Habarnamasynyň göz öňünde tutulýar. Şeýle hem, täze tehnologiýalara, şol sanda metan we beýleki parnik gazlarynyň syzylyp çykmagyny anyklaýan enjamlara bolan islege baha bermegi geçirmek hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen metan zyňyndylaryny azaltmak babatynda synag taslamalaryny işläp düzmekde hyzmatdaşlygy ýola goýmak, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleriniň we kompaniýalarynyň iş tejribeliklerini öwrenmek hem meýilleşdirilýär.
Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž Ylalaşygyny ýerine ýetirmekde zyňyndy gazlaryň möçberini azaltmak we ýaşyl ykdysadyýete geçmek boýunça Milli derejede kesgitlenýän goşandy işläp taýýarlamak üçin gözegçilik, hasabat we barlag ulgamyny (MRV) düzmek we ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu ugurda abraýly halkara maliýe guramalary bilen hususan-da Bütindünýa Banky we Aziýa Ösüş Banky bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bütindünýa Bankynyň “Ugurdaş gazlaryň ýanmasyny we metanyň zyňyndylaryny azaltmak maksatlaýyn ählumumy hyzmatdaşlyk (GFMR)” taslamasynyň çäklerinde metan zyňyndylaryna gözegçilik etmek, hasabatlylyk we barlag boýunça milli ulgamyny işläp düzmekden, daşky gurşawy goramak boýunça milli kanunçylygy kämilleşdirmek we tejribe alyş çärelerini geçirmek babatda tehniki goldawlary bermek meýilleşdirilýär.
Türkmenistan tarapyndan Pariž Ylalaşygyna gol çekilmegi bilen baglanyşykly ýurtda öňüni alyş (mitigasiýa) çärelerini üstünlikli amala aşyrmak üçin Milli derejede kesgitlenen goşandy we ony amala aşyrmagyň meýilnamasyny, meselem ygtyýarly edaralaryň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny hem öz içine almak bilen, işläp taýýarlamagyň we kämilleşdirmegiň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek zerurdyr. Bu ugurda parnik gazlarynyň, şol sanda metan zyňyndylary boýunça kärhanalaryň hasabat beriş nusgalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak, täze kanunlary, hereket edýänleri rejelen görnüşde taýýarlamak arkaly howanyň üýtgemegi boýunça hukuk esaslaryny döretmek we kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda “Atmosfera howasyna parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak hakynda” hem-de “Howanyň üýtgemegi hakynda” Tükmenistanyň kanunlarynyň taslamalary işlenip taýýarlandy.
Metan gazlarynyň emele gelýän pudaklarynyň biri jemagat hojalygydyr. Bu ulgamynda lagym suwlary arassalaýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, zir-zibilleri saýhallaýan we gaýtadan işleýän toplumlary gurmak boýunça teklipleri taýýarlamak hem meýilleşdirilýär. Metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak maksady bilen jemagat lagym suwlarynyň arassalaýyş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak - wajyp wezipe bolup durýar.
Bu ugurda “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna” laýyklykda birnäçe lagym arassalaýjy desgalaryň gurluşyklarynyň ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulyp, ýurt boýunça bir näçe lagym arassalaýjy desgalar gurulyp ulanmaga berildi we bu işler dowam etdirilýär. Bu bolsa öz gezeginde dürli önümçilik kärhanalaryndan, edaralardan we guramalardan, ilatly ýerlerdäki ýaşaýyş jaýlardan çykarylýan lagym suwlaryndan emele gelýän metan zyňyndy gazlarynyň möçberini yzygiderli azalmagyna ýardam berýär.
Elektrik energetikasy pudagynda gaz turbinaly elektrik beketlerini ekologiýa taýdan amatly bolan gaz we bug dolanyşygynda işleýän elektrik stansiýalarynyň gurluşygyna uly ähmiýet berilýär.
Daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberini azaltmak üçin Şeýle elektrik stansiýalarynyň biri Mary welaýatynda Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde gurlup, 2018-nji ýylda ulanyşa tabşyryldy. Bu stansiýanyň iş aýratynlygy gaz turbinalaryndan çykýan zyýanly galyndylaryň temperaturasyny bug turbinalarynda energiýany öndürmek üçin ulanmakdan ybaratdyr. Bu tehnologiýanyň ornaşdyrylmagy daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň möçberini ep-esli azaltmaga, tebigy gazy sarp etmezden, goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge, täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär.
Bu elektrik stansiýalarynyň iş öndürijiliginiň ýokarydygy, daşky gurşawy goramak babatda ähmiýetlidigi göz öňünde tutulyp, 2023-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly şäherçesiniň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 megawat bolan bug-gaz dolanyşygynda işlejek elektrik stansiýasynyň ýene-de biriniň gurluşygyna badalga berildi. Häzirki wagtda onuň gurluşygy dowam edýär.
2030-njy ýyla çenli gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça Milli strategiýa hem-de “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edilendigini hem bellemek bolar.
Ýokarda beýan edilen işleri geçirmekde Bütindünýä metan borçnamasynyň çäklerinde esasy hyzmatdaşlaryň biri bolan Metan zyňyndylaryny azaltmak babatyndaky halkara obserwatoriýasy (IMEO) hem-de BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy bilen bilelikde ylmy barlaglary geçirmek, milli kanunçylygy kämilleşdirmek maksady bilen degişli işleri geçirilýär. BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň çäklerinde döredilen “Metan zyňyndylary boýunça duýduryş we çäre görüş ulgamy” (MARS) atly sanly platformanyň işine ýurdumyzyň giňden gatnaşmagyny ýola goýmak işleri-de dowam etdirilýär. Bu ugurda hemra maglumatlaryny seljermek boýunça degişli edaralaryň wekilleri üçin okuw maslahatlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.
Bütindünýä metan borçnamasy barada habarlylygy ýokarlandyrmak maksady bilen howanyň üýtgemegi we onuň täsirleri barada ilatyň habarlylygyny ýokarlandyrmak babatda halkara guramalary bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalaryň, maksatnamalaryň çäklerinde okuw maslahatlary, duşuşyklary, wideoaragatnaşyk arkaly maslahatlary, yzygiderli gurnalýar.
Metan gazynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek maksady bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň degişli hünärmenleri bilen bilelikde ýurdumyzda metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Ýokary derejeli türkmen-amerikan iş topary döredilip, onuň duşuşyklary geçirildi.
“Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Tetra Tech ES Inç” we “Deloitte & Touche LLP” kompaniýalarynyň arasynda gol çekilen ylalaşyklara laýyklykda saýlanan ýerlerde metan gazynyň zyňyndylarynyň çeşmelerini anyklamak we geçirilen barlag işleriň netijeleri boýunça hasabatlary taýýarlanyldy. Hasabatda barlag geçirilen desgalarda metan zyňyndylary azaltmak boýunça degişli teklipler hödürlendi.
2024-nji ýylda “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda baglaşylan “Özara düşünişmek” Ähtnama laýyklykda “Türkmengaz” döwlet konserniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hünärmenleriniň germaniýanyň Klaustal tehniki uniwersiteti bilen daşky gurşawy goramaga gönükdirilen täze tehnologiýalary öwrenmek, tejribe alyşmak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça degişli işlerini geçirmek hem-de desgalarda syzmalary anyklamak we öňüni almak boýunça degişli ulgamy ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy uglewodorod serişdelerini Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryna eksport etmek boýunça Ýewropanyň metan zyňyndylaryna gözegçilik etmek bilen bagly kanunçylygyna doly gabat gelýär.
Howanyň üýtgemegi baradaky meseläniň halkara gün tertibinde möhüm orun eýeleýändiginden ugur alyp, Türkmenistan bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar we pes uglerodly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreleri maksatlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Geçirilen işleriň netijesinde diňe 2024-nji ýylyň ahyryna çenli Türkmenistanda metan zyňyndylary 11 göterim azaldy.
Serdar Eýeberenow
Gidrometeorologiýa bölüminiň başlygy
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi