“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnaly
548“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnaly Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti tarapyndan 2013-nji ýylyň 26-njy martynda 12913 belgili “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalyny döretmek hakynda” Kararyna laýyklykda döredildi.
Žurnalyň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologiýa syýasatyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny we Kararlaryny, Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilýän kanunçylyk namalaryny hemmetaraplaýyn beýan edip, okyjylara düşündirmek arkaly, şeýle hem ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak ulgamynda öňdebaryjy dünýä tejribeleriniň, ylmyň gazananlarynyň we innowasion tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylyşy, ulanylyşy, öňdebaryjy hojalyklaryň iş tejribeleri baradaky makalalary yzygiderli çap edip, bu ulgamyň ösmegine, tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyna ýardam bermekden we ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmekde gazanylýan üstünlikleri giňden ýaýmak, daşky gurşaw bilen bagly meseleleri okyjylar köpçüligine ýetirmekden ybaratdyr.Žurnal 2013-nji ýylyň mart aýyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde çap edilip başlandy. Žurnal 60x84 1/8 ölçegde, 12 çap kagyz, 96 sahypa möçberinde her çärýekde 1 (bir) gezek kagyz görnüşinde çap edilýär we internet ulgamynda “Türkmenpoçta” poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň “Türkmenmetbugat” saýtynda elektron görnüşde ýerleşdirilýär. Žurnal ylmy-populýar neşir bolup, žurnalyň doly resmi ady: türkmen dilinde: “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnaly, rus dilinde: журнал “Экологическая культура и охрана окружающей среды”, iňlis dilinde: “Ecological Culture and Environment Protection” journal. Žurnalda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ekologiýa meselelerine bagyşlanan iri halkara forumlarynda eden çykyşlary, Türkmenistanyň ylmy institutlarynyň alymlarynyň we ylmy işgärleriniň, dürli pudak edaralarynyň hünärmenleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, önümçilik kärhanalarynda ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz innowasion tehnologiýalar, türkmen halkynyň tebigy baýlyklaryny tygşytly ulanmaklygyň gadymy usullary, Türkmenistanyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi baradaky makalalar we ýurdumyzyň gözel tebigatyny wasp edýän ýokary hilli fotosuratlar ýerleşdirilýär.
Žurnalyň ýuridiki salgysy Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 15-nji jaýy.