Gidrometeorologiýa gullugy

2264
   Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy 1926-njy ýylda Gidrometeorologiýa baradaky müdirligi  ady bilen esaslandyrylýar. 
Gidrometeorologiýa baradaky müdirligi 1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň 1992-nji ýylyň 24-nji awgustyndaky №882 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň düzümine birikdirilip, Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky uprawleniýesi diýip atlandyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 15-nji dekabryndaky №2413 belgili Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň Tebigatdan peýdalanmak we daş-töweregi goramak ministrliginiň  Gidrometeorologiýa baradaky uprawleniýesi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetine öwrülýär.
   Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky №1076 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komiteti Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyna berilip, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy diýlip atlandyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 14-nji iýulyndaky “Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek” hakynda PP-240 belgili Permany we “Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň meseleleri hakynda” 2023-nji ýylyň 01-nji awgustyndaky 660 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň adynyň we edara tabynlygynyň üýtgedilip, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugy diýlip atlandyrylýar.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň (Türkmengidrometiň) düzüminde 5 sany: Gidrometeorologiýa, Howa çaklamalar, Tehniki, Türkmenistanyň Awiameteorologiýa we Hojalyk merkezleri bar. Ulgamyň ýerlerde 59 sany gidrometeorologiýa beketleri we 60 sany gözegçilik nokatlary gözegçilik işlerini alyp barýarlar. Jemi 4 sany welaýat Gidrometeorologiýa merkezleri hem döredilen.
 Türkmengidromet gözegçilik beketlerinden we nokatlaryndan alnan maglumatlaryň esasynda howanyň häzirki wagtda bolup duran ýagdaýyny hasaba almak, boljak howa, meteorologiki hadysa we howply howa hadysalary barada çaklama düzmek bilen meşgullanýar.
  Mundan başga-da Türkmenistanyň çäginden akyp geçýän derýalara, wagtlaýyn akarlara (sarp edilşine, temperaturasyna, derejesine), günbatarda ýerleşýän Hazar deňzine gözegçilik edilýär. Amyderýanyň möwsümleýin suwlulygyna, Köpetdagdan akyp gaýdýan akarlarda sil emele gelme hadysasyna çaklama düzülýär.   
Agrometeorologiýa boýunça Türkmenistanyň ykdysadyýeti üçin bähbitli bolan oba hojalyk ekinleriniň we öri meýdanlaryň ot örtükleriniň ösüşlerine gözegçilik edilip, bugdaýyň bişjek, gowaçanyň ilkinji gozasynyň açyljak, ýorunjanyň birinji gezek güllejek wagtlaryna çaklama düzülýär we oba hojalygyna ýaramaz täsir edýän howa şertler barada duýduryşlar berilýär. 
Awiameteorologiýa merkezi we welaýat raýat awiameteorologiýa beketleri ýurdumyzyň howa menzillerinde gije-gündiziň dowamynda uçarlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin boljak howany we meteorologiki hadysalary çaklamak bilen meşgullanýarlar. 
  Çaklama düzmek üçin zerur bolan maglumat alyş-çalşygy ýörite kanallar arkaly sebitleýin merkezler bilen amala aşyrylýar. Taýýarlanan gidrometeorologiki maglumatlary telefon, internet we köpçülikleýin maglumat beriş serişdeleri arkaly halk hojalyk pudaklaryna we ilat köpçüligine ýetirýär. Türkmengidromet öz ulgamynda peýdalanýan enjamlaryny döwürleýin barlamak, sazlamak we käbir enjamlary sertifikatlaşdyrmak işleri bilen meşgullanýar. 
Gullugyň döwrebap enjamlar bilen abzallaşdyrylmagy giňişleýin we has takyk çaklamalary düzmäge, maglumatlary taýýarlamaga ýardam edýär. Bu bolsa öz gezeginde diýarymyzyň pudaklaryny ylmy esasda ösdürmäge we Hormatly Prezidentimiziň ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýär.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04