Türkmenistan boýunça 2026-njy ýylyň iýul aýynyň 06-12-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
12 Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24...+26°С-dan +27...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +37...+39°С-dan +40...+42°С aralygynda yssy bolar.
Arçabilde: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +23...+25°С-dan +26...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +36...+38°С-dan +39...+41°С aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25°С-dan +24...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +37...+42°С yssy, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +30...+35°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+26°С-dan +25...+30°С aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25°С-dan +24...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda: az-kem bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +24...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+38°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň başynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +19...+24°С-dan +22...+27°С aralygynda maýyl, gündizlerine +32...+37°С-dan +37...+42°С aralygynda yssy bolar.
Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-4,0 mm bolmagyna garaşylýar.