EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ARKADAG ŞÄHERINIŇ 3 ÝYLLYK DABARASY
39 Häzirki zaman dünýäsinde döwletiň kuwwaty we halkara abraýy diňe bir ykdysady görkezijiler bilen däl, eýsem, onuň daşky gurşawa bolan garaýşy, tebigaty goramak ugrunda alyp barýan yzygiderli we maksatnamalaýyn syýasaty bilen hem ölçenilýär. Şu nukdaýnazardan, gurulup ulanylmaga berilmeginiň 3 ýyllyk baýramyny uly dabaralar bilen garşylaýan Arkadag şäheri, Gahryman Arkadagymyzyň gurluşyk sungatyndaky ajaýyp we beýik pelsepesiniň, şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda milli ekologik syýasatymyzyň halkara derejesinde gazanan iň ýokary hem-de nusgalyk ýeňşidir. Bu ak mermerli şäher diňe bir döwrebap binagärlik sungatynyň sebiti däl, eýsem, tebigat bilen ynsan sazlaşygyny dabaralandyrýan, ekologik taýdan arassa gurşawyň täze we kämil nusgasydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren durmuş-ykdysady we ekologik taýdan durnukly ösüş baradaky pähimli başlangyçlary, bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen durmuşa doly ornaşdyrylyp, täze şäheriň her bir künjeginde öz aýdyň beýanyny tapýar. Şäheriň köçelerinde hereket edýän ekologiýa taýdan arassa elektrobuslar we elektrik taksileri, gün energiýasyny tygşytly ulanýan "akylly" ulgamlar döwletimiziň daşky gurşawa bolan belent sarpasyny görkezýär. Köp sanly ýaşyl zolaklar, seýilgähleriň gözel görki we bagy-bossanlyga bürelen giň meýdançalar sebitiň howa tämizligini üpjün edýär.
Arkadag şäheriniň gysga wagtyň içinde ekologik durnuklylygy we döwrebaplygy aňlatýan birnäçe halkara şahadatnamalara, şol sanda ekologik taýdan arassa we durnukly "ýaşyl şäher" hökmündäki abraýly baýraklara mynasyp bolmagy, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň dünýä derejesindäki dabaralanmasydyr. Bu baýraklar diňe bir şäheriň däl, eýsem, bütin türkmen halkynyň daşky gurşawyň arassalygyna, ekologik deňagramlylyga we durnukly geljege goşýan ägirt uly goşandynyň halkara ykrarnamasydyr.
Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak we ekologik diplomatiýany durnukly ösdürmek baradaky beýik başlangyçlary öňe sürýän, döwrebap "akylly" şäheri we ekologik durnukly ösüşiň nusgalyk nusgasyny halkymyza peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza hem-de bu ugurda milli we halkara derejeli döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris! Döwletimiziň ekologik syýasatyny we bütin adamzadyň bähbidine gönükdirilen "ýaşyl" diplomatiýasyny dünýä derejesine göteren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
A.Arabaliýewa
Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň bölüm müdiri