Empuzanyň ýaýran ýerlerini öwrenmegiň ähmiýeti

10
  Buýnuzganat empuza (Empuza pennicornis Pallas) mör-möjekleriň Hudaýatylar toparynyň Empuzalar maşgalasyna degişli görnüş. Empuzalaryň bu görnüşi  Merkezi Aziýanyň endemigi hasaplanylýar. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 1999, 2011, 2024-nji ýyllarda çapdan çykarylan neşirleriniň sanawuna girizildi, derejesi boýunca: Ýitmek howpunyň abanmagyna ýakyn görnüş. Türkmenistandan daşarda Özbegistanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda ýaýrandyr. Bu jandaryň daşky görnüşi örän täsin, bedeniniň uzynlygy 50-65 mm ýetýär, bedeniniň reňki sarydan-ýaşyl bolup, meýdan ösümlikleriniň reňklerine mahsus.  Kellesinde çowly ösüntgileri bar.  Empuzalar gijelerine işjeň hereketde bolýar, gündizlerine ösümliklere ýapyşyp bukuda ýaşaýar. Olaryň uly osoblary hem-de uly ýaşdaky liçinkalary gyşlaýar. Olar mör-möjekler bilen iýmitlenýärler. Ýaşaýan ýerleri daglyk ýowşanly, dürli otly  ösümlikli meýdanlar, gara sazakly çägeli-çöllük ýerler.  2024-nji ýylda Duşakerekdagynda deňiz derejesinden 2300 m belentliklerde, 2025-nji ýylda Mürzedagda deňiz derejesinden 1200 metrden  gowrak belentliklerde hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň iýun aýynyň ikinji ongünlüginde Sekizýap derýajygyna golaý ýerde bellendi (meýdanyň kordinaty N 38˚02.377', E57˚47.031'). Şeýle hem buýnuzganat empuza başga tebigy çäklerde ylmy barlaglaryň geçirilen ýerlerinde hasaba alyndy: 2019-njy ýylyň oktýabr aýynyň 22-sine Üstýurt belentliklerde geçirilen barlaglarda Hojasuwa golaý meýdanlarda gündizine   liçinkasy bellendi. 2020-nji ýylyň 3-nji maýynda ilkinji gezek Şasenem çäkli goraghanasynyň meýdanynda gara sazaklyklarda 1 sanysy hasaba alyndy. Şeýlelikde bu görnüşiň ekologiýasy we ýaýran ýerleri barada maglumatlaryň toplanmagy dowam edýär. Bu görnüşiň dageteklerde  ýaşaýandygy barada ylmy maglumatlarda görkezilýär, emma ýokary dag guşaklyklarda hem ýaşaýandygy Duşakerekdagda geçirilen gözegçilikleriň netijesinde bellendi. Empuzanyň goragy barada Gyzyl kitabyň sahypalarynda zerur çäreleriň geçirilmegi, ýagny ýaşaýan mesgenlerini goralyşyny güýçlendirmek, öri meýdanlarda pestisidleriň ulanylyşyny çäklendirmek barada teklipler berilýär. Bu täsin jandaryň gijelerine işjeň hereketligi bilen köplenç yşyga gelýär. Gije yşyga köp mör-möjekler üýşýär, şeýlelikde ýyrtyjy mör-möjekler üçin iýmitlenmäge  amatly pursatlar  döreýär. Empuzanyň  howatyrlanmazdan adamlaryň ýanyna golaýlaşma aýratynlygy hem bar, hat-da egin-eşiklere ýapyşyp hem durýar. Şeýle halatda bu görnüşe zeper ýetirilmegi ähtimal. Şeýlelikde her bir jandaryň, şol sanda buýnuzganat empuzanyň ekoulgamyň sazlaşygynda uly ähmiýetiniň bardygyny unutmalyň hem-de olaryň goralmagyna ýardam bereliň! 
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň başlygy 
Aknabat Potaýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04