Bugdaý oragyna guramaçylykly girişildi,Ýangyn howpundan goralyň!
17 Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistan Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat Farap etrap birleşmesiniň we Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda Farap etrabynyň Osty Galla daýhan birleşiginde “Milli buýsanjymyz bolan gallany ýangyn howpundan goralyň” ady bilen çäre geçirildi. Çärä etrabyň oba hojalyk ulgamyndan hünärmenler, ýer eýeleri, kärendeçiler, dünýä üleňlerine laýyk gelýän galla orýan kämil oba hojalyk kombaýynlaryna erk edýän mehanizatorlar, ýygnalan gallalary galla ammarlaryna daşaýan ýük awtoulaglarynyň sürüjilerini we oba adamlary gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen Lebap welaýatynyň ähli künjeklerinde galla oragyna guramaçylykly girişildi. Üstümizdäki ýylda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmaklarynda gallanyň bitginli hasyly kemala getirildi. Toprak, howa şertlerine laýyk gelýän bol hasyllary getirýän naýbaşy tohumlar, mineral dökünler, tehniki hyzmatlar bilen üpjün edilmegi netijesinde babadaýhanlarymyz garaşylýan netijelere eýe bolýarlar. Üstümizdäki ýylda farap etrabynyň babadaýhanlary 19140 tonna guşgursak dänäni ýetişdirip watan ammaryna tabşyrmagy borç edinýärler. Bu ugurda etrabyň Osty galla, Galkynyş, Dosluk, daýhan birleşikleriniň gallaçylary tapawutlanyp zähmetleri çekýärler. Galla oragynyň isripsiz, gysga wagtyň içinde tamamlanmagy ugrunda ähli şertler döredilen şol döredilen şertler bolsa orak möwsümine gatnaşýanlarda uly ruhybelent duýgularyny oýarýar.
Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak Jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni Gunça Pamyýewa, Türkmenistanyň kärdeşler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat Farap etrap birleşmesiniň hünärmeni Döwlet Allamyradowyň, etrabyň Osti galla daýhan birleşiginiň TKA-ň ilkinji guramasynyň başlygy Baýram Kerimowyň eden çykyşlarynda kemala gelen bol hasyly isripsiz ýygnap almak, ýangyn howpunyň öňüni almak, döräp biläýjek nowsanlyklaryň sebäpleri dogursunda çykyşlar edip, şeýle işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler.
Watan öňündäki boýun alan borçnamalary artygy bilen ýerine ýetiren gallaçy kärendeçileriň ençemeleri Türkmenistanyň Kärdeşkler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat Farap etrap birleşmesiniň gymmat bahaly sowgatlaryna şeýlede Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň Hormat hatlaryna mynasyp boldylar.
Şu günler galla oragy gyzgalaňly, uly depginler bilen alynyp barylýar. Daýhanlaryň netijeli işlemekleri ugrunda döredilen şertler bolsa olaryň önjeýli işlemeklerine itergi berer.
Çäräniň esasy maksady Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany ýylynda galla oragyna guramaçylykly girişen babadaýhanlarymyzyň möwsümi gysga wagtda ýokary hilde geçirmeklerine ýardam etmegine ruhybelent duýgularyny oýarar.
Türkmenistanyň Kärdeşkler Arkalaşyklarynyň Lebap welaýat
Farap etrap birleşmesiniň başlygy
Azat Mamedow