«Ekologiýa Medenýeti-Tebigatyň Gözelligi» atly amaly maslahat geçirildi
12 2026-nji ýylyň 5-nji iýunynda Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ekologiýa Medenýeti-Tebigatyň Gözelligi» atly amaly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty S.Begmyradow, Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň başlygy G.Ýagşygeldiýew, Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň bölüm müdiri A.Arabaliýewa, Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmeni A.Gurbanmämmedowa we Arkadag şäheriniň edara-kärhanalaryndan birnäçe hünärmenler gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler Ynsanyň sagdyn iýmitlenmeginde, dem almagynda, suwsuzlygyny gandyrmagynda, pasyllara görä howa uýgunlaşmagynda tebigatyň ornunyň näderejede uludygy barada belläp geçdiler. Gözel tebigatyň adamzada berýän ähli eşretlerini nazara alyp, ähliumumy ekologiýa howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmek maksady bilen, her ýylyň 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni bellenilýär. Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni öz taryhyny 1972-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan geçirilen maslahatdan alyp gaýtmak bilen, döwletleriň we halkara bileleşiginiň ekologik syýasatynda örän möhüm orun aldy. Şol döwürden başlap, bu sene hökümetleriň, döwlet we hususy pudaklaryň, raýat jemgyýetiniň düýpli ekologiýa meselelerini çözmek üçin köpugurly tagallalaryny birleşdirip, tebigaty goramak babatda çäreleri geçirmekde iň meşhur gün hökmünde belli edildi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ekologiýa üçin howpsuz önümçiligiň döredilmegine gönükdirilendir. Ata Watanymyzyň tebigatynyň baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak we artdyrmak hem-de bu bahasyna ýetip bolmajak baýlygy geljekki nesillere ýetirmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şeýle işleriň alnyp barylmagy ýurdumyzyň geljegi ýaş nesillermizde türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelligine bolan söýgi döredýär we tebigatyň täsinliklerini goramak, ony aýawly saklamaklyga biziň her birimizi borçly edýär. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak, jemgyýetiň durmuş – ykdysady ösüşiniň möhüm şertidir. Ýurdumyzyň bütin dünýäde tebigatyň gözelligini saklap galmak baradaky başlangyçlary bolsa dünýä jemgyýetçiliginde goldaw tapýar. Tutuş Ýer ýüzünde bolşy ýaly, Türkmenistanda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenilýär. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gaýtalanmajak gözelligini geljekki nesiller üçin gorap saklamak, daşky gurşawyň ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň ykdysady we durmuş ulgamlarynda kabul edilen ähli iri milli özgertmeler maksatnamalary we meýilnamalary Durnukly ösüş maksatlarynyň ugurlary, şol sanda ekologiýa düzümi bilen berk utgaşýar. Tebigata aýawly garamak, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljek nesillerimiz üçin gorap saklamak hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hut şu nukdaýnazardan hem, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça alnyp barylýan işleriň has-da ýaýbaňlandyrylmagyna we döwlet ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşmak Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň agzybir işgärleriniň hem esasy maksady bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda tebigaty goramak we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak babatda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegi, gözel tebigatymyzy we özboluşly ekologiýa şertleri bilen tapawutlanýan güneşli ülkämizi gorap saklamaga, diýarymyzda arassa ekoulgamy kemala getirmäge ýardam berýär.
Ekologiýa taýdan arassa şäher bolan Arkadag şäherinde ýaşamaga, işlemäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak , alyp barýan umumy adamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
A.Arabaliýewa
Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň bölüm müdiri