5-nji iýun Daşky gurşawy Goramagyň Bütindünýä güni

24
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy, 
Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz:    
  “Daşky gurşawy goramak, Türkmenistanyň  tebigy 
baýlyklaryny rejeli hem aýawly peýdalanmak
 döwletiň ekologiýa  syýasatynyň wajyp  ýörelgeleriniň 
biridir. Ony durmuşa geçirmek bolsa ýurdumyzyň 
tebigaty goramak ulgamyň    esasy wezipesidir.” 
          
       “Tebigatyň baýlygy- halkyň baýlygy”
    1972-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň  27-nji mejlisinde Daşky gurşawy goramagyň Bütündünýä  güni döredildi. Bu şanly sene şondan bäri her ýylyň 5-nji iýunynda tutyş Ýer ýüzinde dabaraly bellenilip, ol häzirki zaman dünýäsiniň iň derwaýys  ekologiýa meselelerine halkara jemgyýetçiligiň ünsini çekmegiň hereketlendiriji guralyna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Daşky gurşawy goramagyň Bütündünýä güni biziň ýurdumyzda hem dabaraly ýagdaýda bellenilip geçilýär.
Daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, Ýurdyň ekologiýa howpsyzlygyny üpjin etmek meseleleri döwlet syýasatynyň derejesine göterilip, ol Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny aýap saklamakda, ony hasda baýlaşdyrmaga, raýatlarymyzyň ekologiýa abadançylygyny  gazanmaga biziň her birimizi borçly edýär. 
Ýurt Garaşsyzlygy ýyllary içinde ylaýtada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ekologiýa, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ony goramak meselelerine dahylly kanunlarynyň, kararlaryň birnäçesi kabul edildi we olar iş ýüzünde üstünlikli amala aşyrylýar. Diýarymyzyň täsin we ajaýyp tebigatynyň ygtybarly goralmagy, baýlaşdyrylmagy, onuň baýlyklarynyň aýawly saklanmagyny we beýleki il-ýurt bähbitli meseleler kanunçylyk esasynda alynyp barylýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ägirt uly möçberli düýpli özgertmeleriň barşynda inowasiýalar, ekinleri suwarmagyň iň häzirki zaman tehnologiýalary, şol sanda damjalaýyn usulda suwarmak tehnologiýasy önümçilige giňden ornaşdyrylýar. Döwletimizde suwyň her bir damjasyny rejeli peýdalanylmaga çalyşylýar. Garagumdaky möçberi boýunça deňi taýy bolmadyk “Altyn asyr” türkmen kölüni gurmak baradaky täsin taslama hem şu asylly ýörelgä gönükdirilendir. 
Ýeri gelende bellesek, Tebigaty öwrenmek we ol hakda alada etmek ilki maşgaladan başlanýar, soňra bolsa ak mekdeplerde dowam etdirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerde ýaşaýyşa hemde tebigat gözelliklerine söýgi döretmek biziň ählimiziň borjumyzdyr. Bu möhüm işde pähimdar pederlerimiziň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden,  kämilleşdiren we biziň günlerimize çenli gelip ýeten asylly ýörelgelerden ugur almak zerurdyr.
         Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagly  Serdarymyzyň tebigaty goramak, ähli umumy ekologiýa howpsuzlygyny üpjin etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary Halkara derejelerinde ykrar edildi. Munuň özi ozaly bilen howanyň üýtgemegi, ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ýaly möhüm meselelerdir. Olar Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ekologiýa howpsuzlygynyň möhüm şertleriniň biri bolan bag ekmek çäreleriniň ýylyň-ýylyna toý dabaralara beslenilip geçirilmegi netijesinde welaýat merkezi bolan Türkmenabat şäherinde obadyr şäherlerimizde seýilgähleriniň, tokaý zolaklarynyň gerimi barha giňeýär. Boý alýan agaç nahallaryny göreniňde göwniň galkynyp, gelejege umyt döredýär. Şol baglar bolsa Eziz Diýarymyzyň gözelligine gözellik goşýar. Halkymyzyň saglygyny goramakda hem aýratyn ähmiýete eýe bolup, ajaýyp tebigatymyzyň ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna getirýär. Bütin türkmen halkynyň gatnaşmaklarynda bag ekmek çärelerinde ekilen bag nahallarynyň her biri  Garaşsyz Baky Bitarap döwletimizde tokaý zolaklarynyň emele gelmeginde aýratyn ähmiýete eýedir. Bu bolsa ynsan saglygy üçin tenekär howaly, erem bagly ülkä öwrilmegine ajaýyp täsirini ýetirer. Emele gelýän tokaý zolaklary welaýatymyzyň şäherdir obalarynyň ekologiýa derejesine oňyn täsirini ýetirip, halkymyzyň dynç almaklary üçin naýbaşy mümkinçilikleriň döremeginde aýratyn ähmiýete eýe bolar.
 Tomus paslynyň gelmegi bilen tebigaty ýangyn howpundan goramaga hasda ünsli çemeleşmegi talap edýär. Tokaý hojalyklarynda, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetinde, goraghanalarda ýylyň bütin dowamynda ýangynyň döremezligi ugrunda taýsyz tagallar edilýär. Olaryň çäklerine aralaşan her bir adam ýangyn howpsuzlyk kadalarynyň ýerine ýetirilmegini pugtaberjaý etmelidirler. Tebigat we meýdan şertleri bilen bagly işleri ýerine ýetirýänler üçin , çaý gaýnatmak, nahar bişirmek üçin açyk ýerleri saýlap almalydyrlar. Gaýdanlarynda ýanan oduň külüni, közüni topraga gömmelidirler. Tokaý içinde işleýän tehnikalar döremegi ahmal bolan ýangynyň öňüni almak maksady bilen uçgun söndürýän enjamlary ulanmaklary zerurdyr,
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň döredilmegi ösümlikleriň haýwanlaryň seýrek we ýitip ýok bolup barýan görnüşlerini öwrenmek bilen baglanyşykly ylmy barlaglary, gorag çärelerini geçirmek bilen jemgyýetçilik guramalarynyň öz boluşly, ajaýyp türkmen tebigatyny goramak üçin öz güýçlerini jemlemäge borçly edýär. Türkmenistanda Daşky gurşawy goramak we aýawly saklamak, Türkmen tebigatyny gözelleşdirmek we baýlaşdyrmak bilen bagly alynyp barylýan giň möçberli işlere mynasyp goşandymyzy goşmalydyrys.
Pursatdan peýdalanyp Bütin Türkmen halkyny, Türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzy,  Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Daşky Gurşawy goramagyň Bütindünýä güni bilen tüýs ýüregimizden mähirli we gyzgyn gutlaýarys.
                      
Suratlarda: Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň bagbanlarynyň, hünärmenleriniň tebigaty söýjileriň arasynda bolup, agaç nahallaryny ýetişdirmegiň usullary şeýlede Lebap welaýat Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň işgäriniň çykyş edip duran pursatlary
   
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy 
Maksat Hajyýew.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04