Ekologiýanyň gözellik nusgasy Ak şäherim Aşgabat
24 Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynyň her bir güni şanly wakalara, ösüşlere beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli ýoluny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzyň keşbi günsaýyn özgerip, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar. Şanly ýylyň ajaýyp bahary Watanymyzy galkyndyrmak ugrundaky giň gerimli maksatnamalaryň durmuşa geçirilip, asylly işleriň rowaçlanýandygyny tassyklaýar.
Häzirki zaman şertlerinde ylmyň okgunly ösüşi şäheriň bir bitewiligi hem-de şäher ösüşiniň daşky gurşawa, şäher ekologiýa ýagdaýynyň bolsa, adama ýetirýän täsiri nukdaýnazaryndan “şäher ekologiýasy”, “eko şäher”, “durnukly şäher” düşünjeleriniň hem ähmiýetini artdyrýar. Şunuň bilen baglylykda, döwletimizde şäher ekologiýasynyň sazlaşygyny nazarlaýan oňyn tejribäniň özleşdirilmegi wajyp ähmiýete eýe bolýar. Şeýle tejribe ilkinji nobatda, şäher gurluşynda ekologiýa taýdan has amatly usullaryň, tehniki we tehnologiki tejribäniň ulanylmagyny, netijeli taslamalaşdyrmagy, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň, awtoulagsyz günleriň, ählihalk bag ekmek dabaralarynyň geçirilmegi ýaly toplumlaýyn tagallalary öz içine alýar. Bu işler şäher gurluşygy, arassaçylygy; ekologiýa täsirler we geografik ýerleşişi ýaly dürli ugurlaryň, jemgyýet bilen tebigatyň özara baglanyşygy bolan aýry-aýry jähtleriň ylmy seljermelerine esaslanýar. Çünki, jemgyýet we tebigat sazlaşygyny şertlendirýän şäher ösüşiniň özüne mahsus kanunalaýyklyklary, ylmy esaslandyrmalary bar. Adamyň daşky gurşawyny emele getirýän şäherlerdir - etrap merkezleri durnukly ösüşiň durmuş strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy meýdançasy bolup çykyş edýär.
Hormatly Arkadagymyzyň şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmegi netijesinde berkarar Diýarymyzyň ýüregi bolan gözel paýtagtymyz sanlyja ýylyň içinde tanalmaz derejede özgerip, ajaýyp şähere öwrüldi. Paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumynyň üsti durmuş-medeni maksatly täsin desgalar, döwrebap edara binalary, çagalar baglarydyr-orta mekdepler, gyralary al-elwan güllere beslenen, aýna kimin tekiz ajaýyp ýollar bilen ýetirilýär. Ýurdumyzyň ösüşine, halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilip, amal edilýän beýik işler halkymyzda egsilmez güýji, ruhubelentligi kemala getirýär, gurmaga, döretmäge bolan höwesi artdyrýar. Aşgabat şäherimiz häzirki wagtda kuwwatly ykdysadyýetiň, ösen senagatyň, ylmyň we innowasiýalaryň, milli binagärligiň ajaýyp ýörelgeleriniň, gurmagyň we döretmegiň, beýik ösüşleriň dabaralanýan şäherine öwrüldi.
Her ýylyň 25-nji maýynda bolşy ýaly, “Aşgabat şäheriniň güni” hem-de ýurdumyzda okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Soňky jaň” dabaralarynyň bilelikde giňden bellenip geçilmegi türkmen halkynyň durmuşynda aýratyn many-mazmuna eýedir. Şeýle ajaýyp günde gujagy gül çemenlerinden doly mekdep uçurymlarynyň säher bilen milli mukaddesliklerimize tagzym etmekleri milli buýsanjyň belentliginden, bagtyýar geljege ynamyň berkliginden, Watana söýgüniň çäksizliginden nyşandyr. Milli Liderimiz şöhratly halkymyzyň medeni mirasyna aýratyn sarpa goýýar we ýaş nesilleriň ruhy gymmatlyklaryň esasynda terbiýelenmegine uly üns berýär
Aşgabadyň Aziýanyň merjen şäherine deňelmegi ýöne ýerden däl. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylýan ösüşleriň, üstünlikleriň, ýetilýän belent sepgitleriň ählisi, ilkinji nobatda, türkmen halkynyň asuda durmuşda parahat ýaşaýşyny üpjün etmeklige gönükdirilendir. Türkmen halky «Ak zat alnyňa ýagşy» diýip, ýagşy ýörelgä eýerýär. Paýtagtymyzyň ak mermer binalary türkmeniň ak kalbyna çalymdaşdyr. Ady älem içre aýdym bolup ýaňlanýan Aşgabat şäherimiz agzybirligiň, asudalygyň we baky abadançylygyň merkezidir. Halkymyzyň ýüreginde ata Watanymyza, ene topragymyza çuňňur söýgi bar.
Bizi şeýle döwletli döwranyň eýesi edýän, her bir işde bize görelde mekdebi bolup durýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini döwet galamlarynyň mundan beýläkde ýiti bolmaklaryny tüýs ýüregimden arzuw edýärin!
Ekologiýa gözegçilik gullugynyň, Tehnologiýa we Innowasiýa bölüminiň esasy hünärmeni
Nurjemal Ataýewa