Yşgyn dermanlyk ösümligi
32 Yşgynyň Türkmenistanda 4 görnüşi duş gelýär. Olardan: iri tohumly yşgyn, Maksimowiçiň yşgyny, ýürek görnüşli yşgyn Köýtendagda ýaýrandyr. Türküstan yşgyny Kürendag, Günorta-Günbatar Köpetdag, Merkezi Köpetdag, Gündogar Köpetdag, Bathyz, Garagum, Hazar çöllerinde hasaba alyndy. Bu dermanlyk ösümligiň boýy 40-80 sm bolup, ol düzliklerden dag eteginiň aşaky zolagyna çenli, ýapgytlarda we jülgelerde, ownuk toprakly, çagylly topraklarda ösýär. Bu ösümlik halk arasynda gadym döwürlerden bäri belli bolup, dermanlyk serişde hökmünde ulanylypdyr. Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň ”Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikler” atly ylmy kitabynda yşgynyň ähmiýeti barada birnäçe gymmatly maglumatlar berilýär.Yşgyny lukmançylykda agyryny köşeşdirmekde, demgysmada, gan gusmada, bagyr, aşgazan we başga keselleri bejermekde peýdalanylýar. Yşgyn dermanlyk häsiýetine görä ulanylýan otlaryň arasynda peýdalylygy boýunça bäşinji ýerde durýar. Türkmenler gadymy döwürlerden bäri yşgyn ösümliginiň melhemlik häsiýetlerine üns beripdirler. Köpetdag döwlet tebigy goraghananyň meýdanlarynda we oňa golaý ýerlerde yşgyn duş gelýär. Her ýylda geçirilýän ylmy gözegçiliklerde bu melhemlik ösümliginiň ösüş ýagdaýyna üns berilýär. 2026-njy ýylyň howa şertlerine baglylykda ösümligiň ösüş ýagdaýyna amatly şertler döredi. Şeýlelikde ilkinji gögeren yşgynyň ýapraklary fewral aýynyň 26-syna Bakja meýdanynda hem-de mart aýynyň ikinji ýarymynda esasy baldagy çykaran düýpleri Guryhowdan çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda hasaba alyndy. Aprel aýynda Arçabil ýol ugurda, |Markow dagynda, Bajgyran ýol ugurlarda güllän düýplerine gözegçilik geçirildi. Yşgynyň uly ýapraklary görenleri haýran galdyrýar, Arçabil deresiniň ugrunda ösümligiň 80 sm hem gowrak ýapragy bellendi. Bu peýdaly derman ösümliginiň her ýyldaky ösüş ýagdaýlary boýunça goraghananyň her ýyldaky “Tebigat ýyl ýazgy” kitabynda maglumatlar berilmek bilen onuň biologiýasyny we ekologiýasy düýpli öwrenilýär.
Amangözel Nurýagdyýewa
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň kiçi ylmy işgäri