Garagumda suw baýlyklaryny ulanmagyň aýratynlyklary

15
  Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň täze eýýamyň galkynyşy döwründe alyp barýan toplumlaýyn we uzakmöhletleýin, geljegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirilendir. Ýurduň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegine, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanylmagyna, olary dikeltmek we goramak üçin amatly şertleriň döredilmegine, ilatyň ýaşamagy üçin amatly şertleriň üpjün edilmegine gönüden-göni baglydyr. Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, aýawly we rejeli peýdalanmak, täze, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. 
 Suw meselesi umumy adamzat meselesidir. Türkmenistan suw – dünýäniň ähli halklarynyň umumy baýlygy, arassa agyz suwuna deň derejeli, adalatly elýeterlilik şertleri bolsa adamyň düýpli hukugy bolup durýar diýen ýörelgä berk eýerýär. Suw serişdelerine elýeterlilik, ony netijeli dolandyrmak meselelerine döwletleriň ösüşi, olaryň ykdysadyýeti, durmuş ulgamy, adamlaryň abadançylygy, durmuşyň hil derejesi göniden-göni baglydyr.
Suw barada döredilen nakyllar biziň günlerimizde hem özüniň manysyny ýitirmeýär. Ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwa aýawly çemeleşmek bilen baglanşykly “Suw bendinden baglanar”, “Suw ata, toprak – ene”, “Suw bilen toprak – gülzarlyk, suwsyz – çöllük”, “Suw topragyň bezegi, guw – suwuň bezegi” ýaly köpsanly çuň mazmunly nakyllar halk içinde giňden ýaýrandyr . 
Gahryman Arkadagymyzyň “Suw-ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly kitabynda “Ata-babalarymyz suwa belent sarpa goýup, keramat derejesine ýetiripdirler”, “Biziň ýurdumyz dünýäniň suwarymly ekerançylygynyň iň gadymy ojaklarynyň biridigi taryhdan bellidir”, “Ýurdumyzyň suw gorlaryny rejeli peýdalanmak, onuň her damjasyny ýerlikli sarp etmek üçin suw tygşytlaýjy tehnologiýalar, şol sanda suwaryşyň damjalaýyn, sepeleme usullary önümçilige giňden ornaşdyrylýar” diýip, türkmen halkynyň suw baýlyklaryna bolan garaýşynyň, olary ulanmakda tejribesiniň örän gadymdan gelýändigini belleýär.
  Gadym  döwürlerden bäri ata-babalarymyz ýerden, suwdan we beýleki tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak ýörelgelerini hojalyk işlerine berk ornaşdyrypdyrlar. Garagum çölünde, dagetek düzlüklerinde, derýa aýaklarynda ýaşan  pederlerimiz  ýagyş, gar we sil suwlaryny ekin ekmek, mal bakmak işlerinde rejeli peýdalanmagy  başarypdyrlar.  Dag eteklerinde iň çylşyrymly we gurmasy kyn bolan kärizleri gazyp, ýerasty suwlary ýeriň ýüzüne çykaryp, suwarymly ekerançylygy  ýola  goýupdyrlar. Çölde bar bolan takyrlarda ygallaryň, gar-ýagyşyň suwuny ýygnamak boýunça inçe syrlary we tejribeleri gazanypdyrlar.  Mallaryny suwa ýakyp, ýaşan ýerlerini bagy-bossanlyga öwrüpdirler. Meşhur taryhçylaryň  ýazgylaryndan has geň galdyryjy  maglumatlary görmek bolýar. Ata-babalarymyz çöl şertlerinde ýagyş-sil, çeşme, derýa  suwlaryny howdanlary we beýleki gidrotehniki desgalary gurmak arkaly ýygnap, ululy-kiçili ýaplary gazyp, ekerançylyk medeniýetini has ýokary derejelere galdyrmagy başarypdyrlar.
Ýerasty suwlaryň ulanylyş taryhy olar hakdaky biziň günlerimize çenli ýazgy görnüşinde ýeten maglumatlardan has gadymydyr. Ýakyn Gündogarda, Merkezi Aziýada, Hindistanda, Hytaýda, Müsürde 3000-5000 ýyl mundan ozal ýerasty suwlar suw üpjünçiliginde, suwaryş işlerinde, saglygy bejerişde ulanylypdyr. Şol döwürde guýy gazmakda, çeşmeleriň gözbaşyny tapyp ulanmakda, kärizleri gurnamakda, dürli abzallaryň kömegi bilen suwy uly çuňlukdan  ýokary  çykarmakda  tejribe  toplanypdyr. Mysal üçin, Türkmenistanyň çäklerinde b.e. öňki asyrlarda ýerasty suwlaryň Garagum çölünde guýylaryň kömegi bilen alnanlygy ýa-da kärizler arkaly Nusaýa we beýleki şäherlere getirilenligi barada maglumatlar bar. Bu maglumatlar şol döwrüň hünärmenleriniň ýerasty suwlaryň ýatyş, hereket ediş şertleri barada kesgitli düşünjeleriniň bolandygyny kepillendirýär.
   Garagum çölüniň tebigy şertlerini öwrenmekde, aýratyn hem ýerüsti  we ýerasty suwlary  öwrenmekde  W.N.Kuniniň  bitiren  işleri  ulydyr.  Onuň  redaksiýasy bilen çap edilen ,,Garagumyň tebigatynyň ýazgylary” atly kitap şu günlere çenli Türkmenistanyň tebigatyny öwrenmekde  gymmatly  goldanma bolyp hyzmat edýär. Şeýle hem ,,Çölleriň ýerli suwlary we olary peýdalanmagyň meseleleri” (Местные воды пустынь и вопросы их использование) diýen ylmy işi türkmenleriň gadymyýetden bäri ýerüsti akar suwy bolmadyk Garagum çölünde ygallar ýaganynda  takyrlaryň  üstinden syrygýan  suwlary  kaklarda,  sardoblarda  ýygnap, wagtlaýyn arassa suw  bilen mallary hem ýolagçylary üpjün etmegiň täsin  usulyny  oýlap  tapandyklary, çyrla  guýylaryň,  oýlaryň kömegi bilen ygal suwlaryny ýerasty ajy suwa garyp olaryň üstlerinde süýji suwly güberçek emele getirip, bütin ýylyň dowamynda mallaryny hem özlerini içmäge ýaramly suwyň üsti doldurylyp duran hemişelik goruny döredendikleri barada örän gymmatly maglumatlar ýerleşdirilipdir. Şeýle-de bu türkmen usulynyň ylmy esasda guralmagy üçin hem köp işleri ýerine ýetiripdir.
Türkmenistanyň çöllerinde guýularyň we dik guýularyň müňlerçesi bolup, olar öri meýdanlary suwlandyrmakda uly ähmiýete eýedir. Merkezi Garagumda ilatly ýerleriň ýaýrawyna syn etsek, onda biz bir özboluşly häsiýete göz ýetirýäris, ýagny oturymly ilatly ýerler esasan uly guýularyň ýa-da takyrlaryň giňden ýaýran ýerlerinde ýerleşendigini görmek bolýar. Şeýle ýagdaýlar diňe bir Merkezi Garagumda däl eýsem Garagum çölüniň beýleki ýerlerinde hem duş gelýär. Ata-babalarymyz süýji suwuň ýaýran ýerlerini bilmek bilen ol ýerlerde guýulary gazmak, ýa-da kaklary gurmak bilen agyz suw meselesini aradan aýyrypdyrlar. 
 Orta asyrlarda ,,Beýik Ýüpek” ýolunyň geçmeginde hem guýularyň ähmiýetiniň  uly  bolandygy  bellidir. Şeýle hem söwda ýolunyň ugrunda guýularyň döremegine şertler dörändigini bellemeli. Gadym döwürlerden bäri guýulary gurmakda ýerli gurluşyk çig mallary giňden ulanylypdyr. Çäge çöllerinde guýularyň diwaryny sözen agajy bilen, daşlyk ýerlerde daş bilen bekidipdirler.
  Merdana halkymyzyň tebigata, suwa, mährem topraga söýgüsi çäksizdir. Bu mukaddeslikler saçagymyzyň berekediniň, bolçulugynyň, abadan ýaşamaklygyň gözbaşydyr. Pederlerden miras galan bu ýörelge  türkmen halkynyň bütin taryhynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär.

“Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy 
Oguljeren Nuryýewa 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04