Bütindünýä ykrar edilmäniň ýolunda: Mihael Zukkow gaznasynyň bilermenleri ÝUNESKO-nyň sanawyna taýýarlyk görmegiň çäginde Köýtendagda iş saparyny geçirdiler

40
  Köýtendagyň üýtgeşik dag ekoulgamyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek — jikme-jik deslapky taýýarlygy talap edýän, köp tapgyrly we uzak möhletli işdir. 2026-njy ýylyň maý aýynyň 5-8-i aralygynda Germaniýanyp Mihael Zukkow adyndaky Tebigaty goramak gaznasynyň halkara bilermenleriniň amala aşyran sapary şeýle ädimleriň biri boldy.
  Sapar wagtynda hünärmenler türkmen kärdeşleri bilen bilelikde Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyna baryp gördüler. Ekspedisiýanyň esasy maksady meýdan barlaglaryny geçirmekden, tebigy toplumlaryň ýagdaýyna baha bermekden we bilelikdäki hödürnama üçin goşmaça maglumatlary ýygnamakdan ybarat boldy. Bu işler Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Özbegistan Respublikasynyň Ekologiýa we howanyň üýtgemegi baradaky milli komitetiniň hem-de halkara hyzmatdaşlaryň arasyndaky ýakyn hyzmatdaşlykda alnyp barylýar.
  «Köýtendagyň karstlary (ýerasty opurylma netijesinde emele gelýän gowaklar), jülgeleri we gowaklary» atly serhetüsti desgany döretmek baradaky çözgüt 2025-nji ýylyň iýulynda täze derejä çykdy. Şonda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi hyzmatdaşlary bilen bilelikde Niýetler hakynda bilelikdäki Jarnamany we Ýol kartasyny taýýarladylar. Taraplar desgany häsiýetlendirmek üçin Bütindünýä mirasy hakynda Konwensiýanyň esasy ölçeglerini (vii, viii, x ölçegler) ylalaşdylar.
  Eýýäm 2025-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistan we Özbegistan bilelikde «Köýtendagyň karstlary, jülgeleri we gowaklary» at bilen täzelenen Deslapky sanawy (Tentative List) taýýarlap, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy merkezine gowşurdylar. 
Hödürlenýän serhetüsti desga sebitiň iň möhüm aýratyn goralýan tebigy çäkleriniň ikisini: Türkmenistandaky Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyny we Özbegistandaky Surhan döwlet tebigy goraghanasyny birleşdirýär. Köýtendag dag ekoulgamy, döwlet serhediniň onuň gerşi boýunça geçýändigine garamazdan, geografik we ekologik taýdan bitewi landşaft bolup durýar. Pamir-Alaý dag ulgamynyň günorta-günbatar çetki bölegi bolan bu belent dag gerşi daş-töweregindäki ýarym çöllerden tapawutlykda, mese-mälim saýlanyp ýokary galýar.
  Aýratyn howa şertleri we çylşyrymly releft bu ýerde floranyň we faunanyň köp sanly endemik hem-de relikt görnüşleriniň mekanyna öwrülen ekoulgamlaryň özboluşly toplumyny döredipdir.
Halkara guramalaryň we gaznalaryň (şol sanda CXL, CLLC, RSPB) goldamagynda soňky ýyllarda geçirilen bilelikdäki ylmy ekspedisiýalaryň we barlaglaryň netijesinde, alymlar Köýtendagyň biologik köpdürliligi barada täze we gymmatly maglumatlary aldylar.
  Mihael Zukkow gaznasynyň bilermenleriniň we milli hünärmenleriň 5-8-nji maýy aralygynda amala aşyran bilelikdäki sapary ýerleriň häzirki ýagdaýynyň ÝUNESKO-nyň Amaly gollanmasynyň (2024-nji ýylyň neşiri) berk talaplaryna laýyklygy taýdan jikme-jik seljermäge mümkinçilik berdi.
  Öňde entek deslapky baha bermek üçin arza ibermek, serhetüsti desgany dolandyrmak meýilnamalaryny utgaşdyrmak, hödürnama (nominasiýa) bukjasyny kämilleşdirmek we resminamalaryň gutarnykly toplumyny taýýarlamak bilen bagly uly işler garaşýar.
  «Köýtendagyň karstlary, jülgeleri we gowaklary» desgasynyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi diňe bir planetamyzyň bu ajaýyp künjegini geljekki nesiller üçin gorap saklamaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy hem has-da berkitmäge ýardam eder.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04