Haýwan atlarynyň gelip çykyşy we aňladýan manylary
22 Geçmişde ilki bilen eti iýilýän ýabany haýwanlara, sütükli derisi bolan ýyrtyjylara, soňra balyklara at berlendir diýip çaklanylýar. Kem-kemden dürli haýwanlaryň eldekileşdirilmegi bilen öý haýwanlarynyň ady peýda bolupdyr. Ekerançylygyň giň ýaýbaňlanmagy, dürli oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi bilen bolsa, zyýanly hem peýdaly mör-möjekleriň, gemrijiler ýaly ownuk jandarlaryň ady berlip başlapdyr.
Jandar atlarynyň gelip çykmagynda adamyň hojalyk işiniň görnüşleriniň we pudaklarynyň möhüm ähmiýetiniň bolandygyna käbir mysallar getirmek mümkin.
Geçmişde awçylygyň durmuşda möhüm ähmiýetiniň bolandygy sebäpli, aw awlamak üçin eldekileşdirilen ýabany guşlaryň ady köp esasly bolupdyr. Olaryň höwürtgeden alynşyna ýa-da tutlyp eldekileşdirilişine görä iki topara bölüpdirler: birinji topara „balaguşlar“ diýlip atlandyrylypdyr, sebäbi olar ýyrtyjy guşlaryň höwürtgelerinden (jüýje) balaguş wagty alnyp, kiçiliginden eldekileşdirilipdir. Ikinji topara „torguşlar“ diýlipdir. Sebäbi uly guşlar tor ýa-da duzak gurlup tutulyp, eldekileşdirilipdir. Olaryň laçynlara, gyrgylara ýa-da ýyrtyjy guşlaryň beýleki görnüşlere degişliligine görä algyr, baz, garçgaý, tarlaň, tugun, ütelgi, şuňkar ýaly atlar dakylypdyr.
Haýwan atlarynyň käbiri birnäçe görnüşi öz içine alýar. Meselem: “keýik” ady jerene, sogaga, dag tekesine hem dag goçuna berlip bilinýär. Hüwdülerde:
Mergen bolup guş ursaň,
Dagdan keýik düşürseň....
ýa-da “ Saýatly - Hemra” dessanyndaky “Jeren” atly goşgusynyň:
...Seýr eýleýip gezer dag bilen düzi,
Öz ilimiň jerenidir bu jeren
ýaly setirler muňa şaýatlyk edýär. Gadymy türk sözlüginde “keýik” sözi “sugun, umuman, ýabany haýwan” diýip, örän giň manyda alynýar. Bu jandaryň ady bize gadymy türki dillerinden miras galan sözlerden bolmagy mümkin.





Ýabany süýdemdirijileriň, guşlaryň, balyklaryň, süýrenijileriň, mör-möjekleriň we beýleki jandarlaryň atlary olaryň keşbine, beden gurluşyna, iýmitlenişine, sesine, ýaşaýan ýerine we beýleki aýratynlyklaryna görä dakylypdyr. Olary gelip çykyşy we aňladýan manysy boýunça toparlara bölmek bolýar.
1. Bedeniniň umumy reňkine görä dakylan atlar. Olar gelip çykyşy boýunça birmeňzeş bolsa-da, aňladýan manysyna görä tapawutlanýarlar. Meselem: gök kepderi, gyzyl ýylan, ak gogur, çypar hokgar, garagaýçak, sarygöýük (mele ýylan) ýaly atlar diňe belli bir görnüşi aňladýarlar. Emma ak möjek, garaguş, sary balyk, gyzyl balyk, ak çarlak, ak kebelek, gögümtil jikjiki ýaly birnäçe görnüşlere degişlileri hem bar.
2. Bedeniniň belli bir synasynyň, agzasynyň böleginiň reňki boýunça goýlan atlar: ýaşylbaş, gyzylinjik, gökdamak, sarybaş hurmajyk, gökýan, garabaş çarlak, garagulak we başgalar.
3. Jandarlaryň daşky reňki we sesi bilen bagly atlar: alahekek, gökgarlak, gara jokjoky, gara jykjyk.
4. Sesine görä dakylan atlar: zaryn jyzlan, ikatýok, garlak, çyrlak, çekeýik, gurlawuk we ş.m.
5. Jandarlaryň beden agzalary dürli enjamlara, miwelwere meňzedilip dakylan atlar: almabaş, kepjebaş, aýnaganat kebelek, gylguýruk, kaşykçy we ş.m. Bu atlaryň içinde göçme manyda ulanylýanlary hem duşýar. Olardan paltatumşuk-çüňküniň gatylygy, kütüligi; gämideşer, tagtakeser - kellesiniň gaty ösüntgili we ujy çiş bolany üçin balyga dakylypdyr. Şonuň ýaly-da göwresiniň umumy keşbiniň meňzeşligine görä: dabanbalyk, kerseňdüýbi, gapparçanak ýaly atlar berlipdir.
6. Haýwanlaryň bir-birine ýakyn görnüşleriniň ýa-da maşgala arasyndaky mahsus aýratynlygyna görä berlen atlar: eginpisint teneçir, buýraly gotan, hüpükli çuluk, tikenli uly kellelije, otagaly hüwi we başgalar.
7. Jandarlaryň tebigatda özüni alyp barşyna we gaýry aýratynlyklaryna görä dakylan atlar: bagyrtlak (bagryny ýere berýän), gömülgen, titrewük ýylan we ş.m. Bu atlaryň içinde hereket ediş özboluşlylygyna baglylary hem duşýar: keseýörän, ýüzegenje, okýylan, atgarlawaç, çapak, çürçüri we ş.m.
8. Ýaşaýan ýerine bagly at berlen jandar deresygyr, gum pişigi, deňiz pyşdyly, suwtowuk, tagtabit, gasyk biti, çöl çyrlagy, çöl ýarganaty we.ş.m
9. Jandarlaryň iýýän iýmiti bilen bagly atlar: balykçy, syçançy, maslykçy, kelem şirejesi, ýelekbiti, ýorunja ýasmygy we ş.m.
10. Ýakymsyz ysy aňladýan jandar atlary: porsuguş, porsugüzen we.ş.m.
11. Daşky sypatynyň owadanlygyna görä berlen atlar: olara şatowuk, owadan durna, gyzbalyk, owadanbeden tomzak, baýyňgyzy, gyzlarguşy, gelşikli gömülgen we başgalar mysal bolup biler.
12. Käbir jandarlaryň öz adynyň öňünden başga bir jandaryň ady goşulanlar. Ol atlar birnäçe sözden, bir goşma sözden ýa-da tirkeşip gelýän sözlerden ybaratdyr we aňladýan manysy boýunça tapawutlydyr. Meselem: serçe –çuluk, serçe pisint-çuluk, alahekek çuluk, alahekek pisint-çuluk diýlende adyň başynda gelýän „serçe” we ,,alahekek“ sözleri çulugyň haýsy guşlara çalymdaşlygyny aňladýar. „Eşegary“ diýlende arynyň göwresiniň iridigi, uludygy göz öňüne getirilýär. ,,Atýalman“ diýlende bu gemrijiniň towusmaga ezberdigi nygtalýar.
13. Dini düşünjelere bagly emele gelen jandar atlary: pygamberiň gamçysy (ot ýylany), mollatorgaý, hudaýaty, pygamberiň oldurygy (gämideşer balygy) we.ş.m.
14. Nädogry düşünjeler we dürli yrymlar netijesinde dörän atlar: günesöger, oklukirpi, doňuzguş, ýylangözçykaryjy (hudaýaty) we.ş.m.
15. Tabu, ýagny gijesine adyny tutsaň (esasanam meýdan şertlerinde) gelýärmiş diýen howply jandarlaryň hakyky adyny aýtmak gadaganlygy sebäpli ulanylýan atlar. Mysal üçin ýylan deregine: uzynmöjek, gaýyş, gamçy, halypa; möjek deregine jandar, hyrydar, meýdanit, ýüzüýaman diýen atlar ulanylýar. Olar ýaly atlara ,,ewfemizimler“ diýilýär. Megerem „Gurt agzasaň, gurt geler“ diýlen nakylyň döremegi hem tabu bilen bagly bolsa gerek.
16. Haýwanlaryň çagalaryna dakylýan atlar: Meselem: tokgar, tokar (keýik çagasy), goduk (gulan çagasy), çebşek (towşan çagasy), itbalyk (gurbaganyň heniz aýagy çykmadyk çagasy), balaguş (elguşuň çagasy), etene, gyzyletene, kötenek, gamyşganat (guşuň doly ýelek çykmadyk çagasy), uçurym (guşuň ýaňy uçup başlan çagasy), awyja (balygyň ýaňy işbilden jan giren çagasy) we.ş.m.
Biz ýokardaky toparlarda edebi, sözleýiş hem şiwe dillerindäki haýwan atlarynyň döreýşine we aňladýan manysyna seretdik. Ýer ýüzündäki ähli ýurtlarda haýwanlaryň ylmy atlary birmeňzeşdir. Başgaça aýdylanda, haýwanlaryň ylmy atlary adamzadyň ruhy baýlyklarynyň biridir. Bu bolsa milletine, diline garamazdan daşary ýurtly zoologlaryň we tebigaty söýüjileriň Türkmenistanda duşýan islendik haýwany, onuň ylmy ady boýunça anyklap, tanap bilýändigini aňladýar.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri
Şukrullaýewa Zarina