Tebigata sarpa goýalyň

17
  Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan at-myradyň mekany ýylda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň nahalhanasynda “Eziz Diýarymyzy bagy- bossanlyga öwüreliň” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynyň gurnaýjysy bolup çykyş edýän  Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri bagbanlary şeýlede okuw maslahatyna Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat orta hünär okuw mekdebiniň, Türkmenabadyň maliýe we ykdysadyýet orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşdylar. Okuw maslahatynyň barşynda jemgyýetiň bagbanlary Miwe Araşowa we Rozymyrat Saparow dagylaryň nahalhanada ýetişdirilýän agaç nahallaryna, hoşboý ysly bägüllere edilýän agrotehniki çäreleriň geçirilişi dogursunda giň mazmunly gürrüňler edildi. Nahallary ýetişdirmegiň usullary dogrysynda talyplaryň beren sowallaryna kanagatlanarly jogaplar berdiler. Türkmen oba hojalyk uniwersitetini Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň we Türkmenabadyň maliýe we ykdysadyýet mekdepleriniň mugallymlary daragtlaryň, tokaý zolaklarynyň ynsan saglygyna edýän täsiri şeýlede Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yglan eden milli “ Tokaý” döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi dogrysynda çuň manyly gürrüňler berdiler. 
Şu günler jemgyýetiň nahalhanasynda agaç nahallarynyň we hoş boý ysly bägülleriň 20 müňden gowurak düýbi ýetişdirilýär. Her ýylyň bahar we güýz bag ekişliginde bagbanlarymyzyň ýetişdirilen bag nahallaryny we bägüllerini mekdeplere, çagalar bakja baglaryna, ýörite orta okuw mekdeplerine, ýokary okuw mekdebine, edara guramalara, kärhanalara, daýhan birleşiklere paýlap berip, olaryň oturdylyş we agrotehniki taýdan ideg edilişi usullary giňden düşündirilýär. 
 Biz gelejekde hem bu alynyp barylýan işleriň depginini gowşatman dünýäni haýrana goýýan Türkmen tebigatyna bolan söýginiň kämilleşmegini gazanyp,  Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan at-myradyň mekany ýylyny dabaralandyrarys. 
 Okuw maslahatynyň esasy maksady ýurdumyzy gelejekde dolandyrjak ýaşlaryň milli ahlak sypatda kemala gelmeklerinden, daş töweregimizi gurşap alan daragtlaryň we hoş boý ysly bägülleriň ne derejede arzylydygyny wasp etmekden ybarat boldy.
 Amaly maslahatyň ýörite görkezme esbaplar, fotosuratlar we gerbapler bilen baýlaşdyrylmagy bolsa çäräniň täsirliligini artdyrdy.
 Suratlarda: Jemgyýetiň nahalhanasynda bagbanlar Miwe Araşowanyň talyp ýaşlara agaç nahallarynyň ýetişdiriş usullary dogrysynda düşündirýän pursatlary.
Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümiň hünärmeni  
Arslan Merdanow

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04