DÖWLET DOLANDYRYŞYNY KÄMILLEŞDIRMEKDE EKOLOGIÝA MEDENIÝETINI ÝOKARLANDYRMAGYŇ MESELELERI
40 Tebigat – ähli adamzadyň umumy öýi, şonuň üçin tebigaty goramak ählumumy mesele we häzirki döwürde adamlar bu meseläni gowy bilýärler. Ekologiýa meselelerini düýpli çözmek üçin her bir ýurtda, sebitde we halkara derejesinde ekologiýa aňyny, ekologiýa medeniýetini giň gerimde, jemgyýetiň ähli gatlaklaryna ýaýratmagyň, ilatda düýpli ekologiýa aňyny we medeniýetini döretmegiň hem-de ony yzygiderli ösdürmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şol nukdaýnazardan, tutuş ilata, aýratyn-da ýaş nesle ekologiýa bilimini, terbiýesini bermek arkaly eko-logiýa aňyny we medeniýetini döretmek wajyp bolup durýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasaty döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup, durmuş-ykdysady ösüşiň wajyp ýagdaýlarynyň biri hökmünde we durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup çykyş edýär. Aýratyn-da ilat bilen gös-göni baglanyşykda we ösüş maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde ekologiýa meselele-rini hasaba almak bilen dürli çözgütleri kabul edýän ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň döwlet dolandyryşyny kämilleşdirilmeginiň wajyplygy ýüze çykýar. Bu wajyp meselelere täsir edýän ýagdaýlary öwrenmek, döwlet dolandyryjylarynyň hünär taýýarlygyndan, ýagny hünär medeniýetini emele getirmekde ekologiýa medeniýetiniň zerurlygy gelip çykýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy” atly kitabynda ündeýşi ýaly, islendik işi amal etmekde ilki bilen nazary taýdan esaslandyrmak, ata-babalaryň tejribesini, öňdebaryjy daşary ýurt tejribelerini öwrenmek we häzirki ýagdaýlary seljermek, olary ýerli şertlerden ugur alyp ornaşdyrmagy maslahat berýär.
Bazar şertlerinde ekologiýa medeniýeti hünär medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup, döwlet dolandyryjylarynyň işini kämilleşdirmekde, aýratyn-da ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edara-laryň işleriniň döwlet dolandyryşyny kämilleşdirilmeginde örän uly orny bar. Ekologiýa medeniýeti öz içine: ekologiýa taýdan sowatlylygy, bilimliligi, ekologiýa aňyny we başarjaňlygy ýaly düşünjeleri alýar.
Türkmen ata-babalarymyzyň durmuş-da tebigat bilen sazlaşykly ýaşandyklary, ýagny olaryň bu babatda baý tejribesi-niň bolmagy, başgaça aýdanymyzda, türkmeniň medeniýetinde gadym dö-würlerden bäri ahlak-etiki kadalaryň, has takygy, özboluşly ekologiýa aňynyň we medeniýetiniň bolandygy hem-de türkmen medeniýetiniň taryhynda olaryň durmuşynda, ykdysadyýetinde, bu meseläniň uly orun tutmagyna taryhy jäht hökmünde seretmek bolar. Emma, öňki döwürde senagatda ösüşiň pes bolmagy sebäpli, bu meseleleri öwrenmek we bu babatda dürli çäreleri geçirmek hem-de olara ählumumy derejede seretmek zerurlygy ýüze çykmandyr. XX asyryň ortalaryndan başlap adamzadyň tebigata bolan täsiri senagatda ösüşiň netijesinde has güýçlenmegi sebäpli, bu meseläniň barha ýitileşmegine getirdi, netijede ony döwlet dolandyryşynyň bir şahasy hökmünde kabul etmeklik zerurlygy ýüze çykýar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň içerki we daşarky syýasatyndan ugur alyp, bazar şertlerinde ýurduň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakda Türkmenistanda döwlet dolandyryşynyň kämilleşdirilmegi wajyp şert bolup durýar. Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dünýä ykdysadyýetine sazlaşykly birikmegi bilen baglylykda, döwlet gullukçylarynyň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagynyň döwlet dolandyryşynda wajyplygy has-da ýokar-lanýanlygyny aýratyn bellärliklidir.
Häzirki wagtda 2015-nji ýylda kabul edilen durnukly ösüş maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidentiniň goldamagy bilen Birleşen Milleteler Guramasynyň (BMG) Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasynyň (DGGM), Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO), Dünýä ekologiýa gaznasynyň (DEG) we gaýry halkara guramalaryň goldaw bermegin-de Türkmenistanda 30-dan gowrak taslama, bu babatda durmuşa geçirilýär.
Innowasiýa tehnologiýalary milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ornaşdyrylýar. Ol bolsa ýokary hünärli, şol sanda ekologiýa taýdan sowatly, ekologiýa aňy we medeniýeti taýdan ösen hünärmenleriň taýýarlanylmagyny talap edýär. Döwlet gullukçylarynyň ekologiýa medeniýeti – bu olaryň eko-logiýa baradaky bilimlerini, endiklerini döwlet dolandyryşynyň dürli ugurlarynda çözgütleri kabul etmekde we olary durmuşa geçirmekde ulanmaga bolan başarnyklaryna düşünmek bolar. Döwlet gullukçylarynyň ekologiýa medenýetiniň ýokarlanmagy bazar şertlerinde ýurduň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyr-makda wajyp şertleriň biri bolup durýar. Ekologiýa medeniýeti bolmadyk ýa-da pes derejede bolan halatynda dürli döwlet dolandyryş ulgamlarynda ekologiýa taýdan esaslandyrylan dolandyryş çözgütlerini kabul etmek we olary durmuşa geçirmek mümkin däldir. Şol nukdaý-nazardan, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda döwlet dolandyryşyny kä-milleşdirmekde, durmuş-ykdysady meseleleriň çözgütlerini kabul etmegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda döwlet gullukçylarynyň ekologiýa medeniýeti-niň örän wajyp orny bar.
Döwlet gullukçylarynyň ekologiýa medeniýetini gazanmak şu aşakdakylary öz içine alýar:
– türkmen halkynda ata-babalarymyz-dan galan, tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagy üpjün edýän miraslarymyzy dikeltmek;
– daşky gurşawy we tebigaty goramak meselelerini islendik ýerine ýetirilýän işde, taslamalarda ekologiýa pikirlenmesini we ekologiýa başar-jaňlygyny giňden ulanmak.
Ol taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu işi amala aşyrýan hünärmenleriň ukybyna, başarjaňlygyna baglydyr. Şonuň bilen baglylykda, adamzadyň geljekki howpsuz ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilen wajyp işlerde ýaşlaryň bilimine berk daýanylýar. Jemgyýetçilik aňyýetiniň ekologiýa taýdan ýokarlanmagynyň, adam bilen tebigatyň arasyndaky özara gatnaşyklarda sazlaşyga ýetilmegine gönükdirilmegi göz öňünde tutulýar.
Durmuş-ykdysady ösüşiň senagat-laşdyrmak ulgamynyň hem-de Ýeriň tebigy gorlaryny depginli özleşdirmek döwründe tebigata adam tarapyndan täsirler barha güýçlenip, adamyň tebigat bilen birdigine aň ýetirmekden we şol aragatnaşyklaryň sazlaşygyny goldamagyň derwaýyslygyna düşünmekden gelip çykýan däp bolan ekologiýa medeniýetiniň esas goýujy ýörelgelerini saklamak has möhümdir.
Dünýä halklarynyň köpüsinde bar bo-lan we umumy häsiýete öwrülen adam bilen tebigatyň özara, hususan-da ýaşaýyş we ykdysady gurşawyndaky gatnaşyk medeniýetiniň öz aýratynlyklary bar. Mysal üçin, gurak we jöwzaly howa şertlerinde ýaşaýan türkmen we beýleki dünýä halklary üçin suw ilkinji nobatdaky ähmiýete eýedir. Şol tebigy goruň gymmatlygynyň altyna deňelmegi ýaly garaýyş türkmen milletiniň aňynda berk orun tapypdyr. Eýsem-de, “Suw damjasy – altyn dänesi” diýilmegem muny doly subut edýär. Halkyň gadymdan gelýän däp bo-lan ekologiýa medeniýetiniň şol ýörelgesi şu günki günde-de, suw gorlaryna aýawly çemeleşmelidigini we netijeli ulanmagyň zerurdygyny aňladýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda alnyp barylýan suw diplomatiýasy, ekologiýa diplomatiýasy munuň aýdyň şaýady bolup durýar. Şol ýörelgä eýermek ýurtlaryň her biriniň we umumylykda tutuş adamzadyň sazlaşyk-ly hem-de durnukly ösmegine ýardam berýär. Häzirki zaman siwilizasiýasynyň hemme bähbitlerinden peýdalanýan ynsanyň aňynda topragyň, suwuň we howanyň adamyň ýaşaýşy bilen bagly esasy gymmatlyklary hakyndaky pikiri döredýär. Däp-dessurlaryň esasynda emele gelen ekologiýa medeniýeti adamlaryň her biriniň öz işine jogapkärçiliginiň ýokar-lanmagyna ýardam berýär. Tebigatyň başbütin saklanylmagy islendik döwletiň ýaşaýşa ukyplylyk ölçegi bolmalydyr.
Bäşim Rahmanow,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy
"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” zurnaly