SUW- TEBIGATYŇ GYMMATLY HAZYNASY

13
  Daşky gurşawy goramak, ösümlik we haýwanat dünýäsine aýawly garamak, ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini rejeli ulanmak döwlet Baştutanymyzyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugrlarynyň biridir. Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynda suwy rejeli peýdalanmak, zerur bolan suwaryş desgalaryny gurmak hem-de durkuny abatlamak, suwaryşyň kämil ulgamyny döretmek barada uly işler ýola goýulýar.
Döwlet Baştutanymyz şu ýylyň aprel aýynda Sebitleýin ekologiýa sammitine, Araly halas etmegiň  halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň  Baştutanlarynyň Geňeşiniň Astana mejlisinde daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini toplumlaýyn we rejeli peýdalanmak, Aral deňziniň giňişligindäki durmuş-ykdysady ösüşe aýratyn üns hem ýardam bermek, sebitde serhetüsti suw akymlaryny halkara ýörelgelerdir kadalara laýyklykda peýdalanmak, sebitleýin taslamalary, maksatnamalary durmuşa geçirmek, Aralýaka zolagy, bu deňziň akwatoriýasyny ekologik taýdan sagdynlaşdyrmak, sebitde suw hojalygy, energetika, durmuş-ykdysady ösüş babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek ýaly juda wajyp meseleler barada anyk pikir-garaýyşlar, teklipler beýan edildi.
  Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak, tarp ýerleri özleşdirmek bilen täze suwarymly ýerleri döretmek boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan ýurdumyz Güneş çoguna baý ýurt. Ýylyň ähli paslynda diýen ýaly, ol öz ýyly şöhlesini bereketli topragymyza bolluk bilen saçýar. Jöwzaly tomsumyzda bolsa, suwa teşnelik artýar. Şonuň üçin suwuň gadyry asyrlar dowamynda bilnip gelipdir. Suw ýedi hazynanyň biri hasaplanypdyr. Ata-babalarymyz suwuň damjasyny altyna deňäp: ”Suw damjasy-altyn dänesi” diýipdirler. Olar suwuň adam ýaşaýşy üçin ähmiýetiniň örän ýokarydygyna göz ýetiripdirler. Asyrlaryň dowamynda agyz suwunyda, maldarçylyk, ekerançylyk üçin gerek bolan suwy hem örän tygşytly ulanypdyrlar. Muňa degişli döredilen: “Suwly ýer gül, suwsyz ýer çöl”, “Suw hasylyň enesidir”, “Suwsuz durmuş ýok, zähmetsiz – rehnet”, “Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp – il”, “Suw her zady päklär”, “Suwsyz ýer – gysyr mal” ýaly nakyllardyr atalar sözleri halkymyzyň suwa mukaddeslik hökmünde garandygyna şaýatlyk edýär. Suw ýaşaýşyň gözbaşydyr, dirilik çeşmesidir. Onsuz ýaşaýşy göz öňüne getirip bolmaýar. Ol teşneligi gandyrýar, şeýle-de arassaçylygyň hem sagdynlygyň özenidir. Bu günki günde türkmen topragy jennetiň Erem bagyna öwrüldi. Suwdan tygşytly peýdalanyp, toprakdan gyzyl öndürýän başarjaň türkmen iliniň bereketli saçaklarynyň üsti ak bugdaýyň mele çöreginden dolup, «ak altyndan» belent-belent daglar döreýär. Bagtyýarlyk zamanasynda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde göm-gök bolup öwüsýän miweli we saýaly, pürli agaçlar, hoşboý ysly güller Diýarymyza görk berýär. Elbetde, bag-bakjalaryň hem gülläp gül açmagy, boý alyp ösmegi üçin-de suwuň belli bahasy ýokdur. Diýmek, ýaşaýşyň özeni suwdan ybaratdyr. Suw  tebigatyň beren bahasyna ýetip bolmajak peşgeşi we durmuşy janlandyrýan keramatly baýlygydyr. Bu gün türkmeniň towlanjyrap akýan bol suwly derýalary, dury suwly çeşmeleri, aňyrsynabärsine göz ýetmeýän suw gorlary bereketli goýnunda ballar önýän sahawatly topragymyzy, ýaýlymly-ýaýrawly sähralarymyzy,öri meýdanlarymyzy suwlandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň ýokary ösüşlere beslenýändigine anyk şaýatlyk edýär.

Ekologiýa gözegçilik gullugynyň Tehnologiýa we Innowasiýa bölüminiň esasy hünärmeni
Nurjemal Ataýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04