Garagum sährasy- gözellikler dünýäsi
18 Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynda Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümini, Lebap welaýat çagalar kitaphanasy , S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta okuw mekdebi, Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasy bilen bilelikde gurnamaklarynda “Garagum sährasy – gözellikler mekany” atly okuw maslahaty geçirildi. Onda tebigaty goramak we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy bossanlyga öwürmek ugrunda ýetilen sepgitler ýurt, sebit hemde dünýä ähmiýetli dünýä syýasatyny durmuşa geçirmekde alynyp barylýan giň möçberli işler, Garagum sährasynyň şol sanda ýurdumyzda ilkinji döredilen Repetek biosfera döwlet tebigy goraghanasynyň biodürlüligi, baý ösümlik we haýwanat dünýäsi barada giňişleýin gürrüňler edildi.
Garagum sährasy özüniň biologiki köpdürliligi boýunça tapawutlanýar. Bu ýerde gülli ösümlikleriň 750-den gowuragy, guşlaryň 200-den gowurak görnüşi duş gelýär. Garagumda yssy jöwzalarda, gyşyň aýazlaryna çydamly ösümlikler hasaplanylýan Sazak, Sözen, Gandym, Borjak, Ýandak ýaly ösümlikler mekan tutunyp, Sazaklaryň iki görnüşi gara sazak (ojar) ak sazaklar has köp duş gelinýär. Sazaklar çägeleriň süýşmesine aýratyn ähmiýetli ösümliklerdir. Olar demir ýollaryň we gara ýollaryň çäge basmak howpundan goramak maksady bilen ýollaryň ugurlaryna ekilýär. Bu işlerde elbetde Repetek biosfera döwlet goraghanasynyň işgärleriniň mynasyp paýlary bardyr.
Amaly okuw maslahatynyň barşynda maslahata gatnaşyjylar goraghananyň muzeýinde ýerleşdirilen tapyndylar (ekisponatlar) bilen ýakyndan tanyşyp, goraghananyň işgärleri tarapyndan alynyp barylýan işler bilen gyzyklandylar. Garagum sährasynyň gözel tebigatyny ösümlik we haýwanat dünýäsini wasp edýän surat sergisi maslahata gatnaşyjylarda uly täsirini galdyrdy. Maslahatda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Gözel Kulyýewanyň, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygynyň orunbasary Merdan Jumaýew, bölümiň hünärmeni Maýsa Berdiýewanyň, Lebap welaýat çagalar kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Nartäç Gurbanowanyň bahar paslynda tebigaty goraýjylaryň öňünde uly işleriň durýandygy dogrusunda şeýlede Repetek biosfera döwlet goraghanasynyň işgärleriniň çekýän asylly zähmetlerine uly baha berip, bahar gözelliklerine bagyşlanan çykyşlary täsirli boldy,
“Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan –at myradyň mekany” ýylynda geçirilýän çäreleriň çäklerinde geçirilen bu amaly okuw maslahatynyň esasy maksady gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýtýan Garagum sährasynyň bahar paslynyň aýratynlyklaryny wasp etmekden ybarat boldy.
Çykyşlaryň ýörite görkezme esbaplar, fotosuratlar, bilen baýlaşdyrylmagy bolsa olaryň täsirliligini artdyrdy.
Şeýle işleriň sakasynda duran Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag , ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, adamzat ähmiýetli işleri rowaç alsyn.
Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň
Lebap welaýat bölüminiň işgärler boýunça hünärmeni
Gunça Pamyýewa