ÝAŞLARYŇ TEBIGAT BARADAKY BILIMLERINI ÇUŇLAŞDYRMAK MÖHÜMDIR

41
  Ýurdumyzyň   goraghanalarynda yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilip, raýatlaryň, ýaşlaryň ekologik bilimlerini ýokarlandyrmak boýunça okuw sapaklary, meýdan gezelençleri gurnalýar. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň “Tebigat muzeýine” talyplar, mekdep okuwçylary we  biologiýa mugallymlary  yzygiderli gelýärler. Goraghananyň “Tebigat muzeýinde” Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleriniň dürli görnüşleri aýratyn muzeý ekspozisiýasyny düzýär. Muzeýde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri” baradaky neşir edilen ylmy kitaplary hem bar. Ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleri barada tanyşmaga raýatlara uly mümkinçilikler döredildi. 
  Şeýle hem mekdeplerde we Gökdere jülgesindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde tomus aýlary  göçme sergiler gurnalýar. 2026-njy ýylyň 21-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymlary goraghananyň ylmy bölüminiň işgärleri bilen “Himiýa we biologiýa hepdeligi“ boýunça okuw sapagyny gurnadylar. Bu okuw sapagynda okuwçylar  goraghananyň “Tebigat muzeýindäki” eksponatlaryň birnäçesi bilen ýakyndan tanyşdylar hem-de ýurdumyzyň tebigatynda ýaşaýan dürli ýabany haýwanlar barada sorag-jogap alyşdylar.  Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we ýabany haýwanlaryň görnüşleri  barada gymmatly maglumatlar gürrüň berildi. Şeýle hem goraghananyň meýdanlarynda hereket duýujy surat enjamlaryň esasynda alnan ýabany haýwanlaryň wideoşekilleri görkezildi. Görkezilen wideo şekillerde  alajagaplaň, dag goçy, dag tekesi, oklykirpi, syrtlan, guşlaryň dürli görnüşi görkezildi. 27-nji mekdebiň  mugallymlary A. Meredowa, T.Rotaru, O.Ilgeldiýewa, A.Makruşina  ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty, täsin tebigaty babatda alnyp barylýan işleri barada okuwçylara täsirli gürrüňleri berdiler. Mekdep okuwçylarynyň arasynda zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň tebigaty barada has-da gyzyklanýandygy bizi diýseň buýsandyrdy. Mekdep müdiri golaý wagtlarda  goraghananyň çägine ekologiýa gezelençleri gurnamagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Elbetde ýaşlaryň ýurdymyzyň tebigy baýlyklary barada düşünje almaklary hem-de olarda tebigatyň baýlyklaryny goramak barada düşünjeleriniň bilimleriniň ýokarlanmagy wajypdyr.

A.Potaýewa
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04