HAZARYŇ KENARYNDAKY TÄSIRLI GEÇIRILEN OKUW MASLAHATY

20
 Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly sepgitleriň gazanylmagynda Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň yzygiderli gurnaýan döwlet derejesindäki çäreleriniň ähmiýeti bellärliklidir. Her bir ulgamyň işiniň döwrebap kämileşdirilmegi, hünärmenleriň bilim derejeleriniň ýokarlandyrylmagy bilen gurnalýan okuw maslahatlary uly ähmiýete eýedir.  Golaýda aprel aýynyň ilkinji günlerinde Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň guramagynda ýurdumyzyň gözel ýerleriniň biri bolan Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Daýanç” sagaldyş merkezinde Pudaklaýyn kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň hasabat-saýlaw konferensiýasy hem-de ýurdumyz boýunça pudagyň şäher Geňeşleriniň başlyklarynyň, hasapçylarynyň, KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň, gaznaçylarynyň, işjeň agzalarynyň we Geňeş agzalaryň gatnaşmaklarynda «2026-njy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýylynda kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamalaýyn işlerini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak» atly okuw-maslahaty geçirildi. 
 Okuw maslahatynyň esasy maksady ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösüşine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň goşýan goşandyny has-da artdyrmak, kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramalarynyň tertipnamalaýyn işlerini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak, guramanyň agzalaryny döredijilikli zähmete ugrukdyrmak, zähmetkeşleriň kanuny hukuklaryny, bähbitlerini goramakda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary düşündirmek, agzalaryň hukuk düşünjeliligini artdyrmak hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde gazanylýan üstünlikleri, oba hojalyk pudagynda ýetilen belent sepgitleri halk köpçüligine ýetirmekden ybarat bolup durýar.
  Okuw maslahatyň dowamynda ilkinji guramalarda kärdeşler arkalaşygynyň tertipnamalaýyn işleriniň talabalaýyk ýöretmek, zähmet köpçüliklerinde aýratyn hem önümçilik kärhanalarda işgärlere howpsuz zähmet şertleriniň, ekologiýa, arassaçylyk, medeni dynç alyş şertleriniň döredilişi, agzalary döredijilikli halal zähmete ugrukdyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, agzalary köpçülikleýin sporta çekmek, watansöýüjilik, halallyk, merdanalyk ýaly gowy gylyk häsiýetleri kemala getirmek, ynsan saglygyny gorap saklamakda we onuň ömür dowamlylygyny uzaltmakda, zyýanly endiklere garşy göreşmekde, berk bedenli, giň dünýägaraýyşly ylymly-bilimli  ýaş nesili kemala getirmekde döwlet tarapyndan döredilýän giň mümkinçilikler barada giňişleýin bellenip geçildi. Şeýle-de ýurdumyzyň iri pudaklarynyň biri bolan oba hojalygyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda ylmy taýdan ösdürmeklikde amala-aşyrylýan işler, azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde önüm öndürijilere döredilýän giň mümkinçilikler barada hem giňişleýin çykyşlar guraldy.
 Okuw maslahatynyň çäklerinde sportuň  dürli görnüşleri boýunça özara sport çäreleri, döredijilik işi bilen meşgullanýan agzalaryň çeper okaýyşlary guraldy we aýdym-sazly çykyşlary belentden ýaňlandy. Maslahata gatnaşanlara ýörite awtoulaglar bilen Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň gözel ýerlerine gezelenç guraldy hem-de özleriniň boş wagtlary bolsa “Daýanç” sagaldyş merkezinde hereket edýän saglyk merkezinde özleriniň saglyklaryny dikeltdiler. Şeýle hem Türkmenbaşy şäherindäki Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň edara binasynda ýerleşýän täsin ösümlik we haýwanat dünýäsinden söhbet açýan baý muzeý eksponatlary bilen ýakyndan tanyşdylar. 1932-nji ýylda Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak maksady bilen döredilen goraghananyň döwlet derejesinde ýerine ýetirýän işleri barada goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy S. Mämmedow gürrüň berdi. Gojaman Hazaryň arassa howasyndan dem almak adamyň saglygyna oňyn täsirini ýetirýär, şeýle hem  guşlaryň dürli görnüşlerini ýakyndan synlamak bilen ýurdumyzyň baý tebigatynyň bardygyna göz ýetirýäris. 

Berdimyrat Rozyýew
Tütkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04