ALAHEKEK ÇULUGY
14 Ýabany haýwanlaryň arasynda guşlar dünýäsi täsin görnüşlere örän baýdyr, şeýle hem olaryň daşky görnüşleri we ýaşaýayş aýratynlyklary örän täsin. Guşlar özleriniň dürli owazlary bilen daş-töweregi has hem bezeýärler. Türkmenistanda guşlaryň 445-e golaý görnüşiniň gabat gelýändigi barada ornitolog alymlar belleýärler. Goraghanalarda ylmy barlaglar geçirilende her bir ylmy işgär ýabany haýwanlar we ösümlikler barada birnäçe maglumatlary toplaýar. Şeýlelikde birnäçe ýyllaryň dowamynda görnüşler boýunça maglumatlar-gory bilen bilelikde olar barada surat arhiwleriniň gory hem döredilýär. Guşlaryň Çuluklar maşgalasyna degişli görnüşleriniň serçe ýaly ululykdakylary, şeýle hem garganyň göwresinden hem ululary gabat gelýär. Çuluklara degişli görnüşleriň daşky sypatlary bilen birlikde aýaklarynyň we çüňkleriniň uzynlyklarynda hem aratapawudy aýdyň görmek bolýar. Türkmenistanda Çuluklaryň 15 görnüşi hasaba alnan. Olar esasan hem suw howdanlarynda, köllerde, Hazar deňzinde gabat gelýärler. 2025-nji ýylyň aprel aýynda Hazar deňzinde Goňurarka çulugyny we Uly ulit çulugyny kenarýakada ýakyndan synlamaga mümkinçilik boldy. Şeýle hem geçen ýylyň maý aýynda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda Akguýruk çäge çulugy hasaba alyndy. Çalymtyl çuluk Gökdepe etrabynyň suw akabalarynyň ugrunda aprel aýynda hasaba alyndy. 2026-njy ýylyň mart aýynyň 21-22-ine Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän Garakölde suw guşlary boýunça gözegçilik geçirildi. Bu kölüň ýerleşýän obasynyň ady Garaporsaň obasy. Ýaşulylaryň gürrüň bermegine görä Garaporsaň obasy suwa, köllere baý ýer, ýerleri yzgarly, gumy garamtyl bolup ady hem şondan gelip çykypdyr. Garakölüň ýerleşýän ýeriniň täsinligi bir tarapy çäge-çöl bolup sazakdyr we başga çöl ösümlikleri tutýar, şeýle hem köle golaý ýerlerde pagtadyr-bugdaýly ekinçilik ýerleri hem bar. Gyş aýlary kölde has hem dürli guşlary görmek bolýar. Mart aýynda sykylykçy guw, almabaş ördek, sykylykçy jünekeý ördek, kepderi pisintli deňiz çarlagy, köl çarlagy, ala gaz, gök hokgar hasaba alyndy, şeýle hem uzak aralyklarda suw guşlarynyň birnäçesiniň toplanandygy bellendi. Kölüň daş-töweregindäki sazaklyklaryň, ýylgynlyklaryň, toraňňynyň üstünde çöl gargasy, meýdan gulatysy we alahekek we başga-da görnüşler gabat geldi. Kölüň gyrasynda tilkiniň, şagalyň we ýabany pişikleriň yzlary anyklanyldy. Kölüň kenar ýakasyna gonan alahekekler uzak aralyklardan ünsümizi çekdi. Guşlary surata düşürenimizde onuň alahekek çulugydygy anyklanyldy. Alahekek çulugy (Haematopus ostralegus) Çuluk-alahekekler maşgalasyna degişli.

Guşlaryň içinde bu maşgala degişli jemi 4 görnüş bolup, 1 görnüş ýagny alahekek çulugy Türkmenistanda gabat gelýär. Kepderi ululykda, kellesi, boýny, arkasynyň üsti, ganatlary we guýrugynyň ujy gara, aşaky tarapy ak. Aýaklary üçbarmakly reňki gülgüne gyzyl, çüňki uzyndan göni we gyzyl reňkde. Bu görnüş uçup geçýän we käte höwürtgeleýän guş. Ýazyna martdan maýyň başyna çenli, güýzüne awgustdan-noýabr aralykda uçup geçýär. Maýyň ortalarynda höwürtgeleýär. Höwürtgesini uly bolmadyk çukurjagazlarda edýärler, höwürtgesiniň içine daşjagazlar, balykgulak, ösümlik galyndylaryny düşeýärler, olar 3-4 ýumurtga goýýarlar, jüýjeleri iýunyň ahyrynda we iýul aýynda uçurym bolýarlar. Olar balykgulaklar, mör-möjekler we olaryň liçinkalary bilen iýmitlenýärler. Günbatar Ýewropanyň, Demirgazyk-Günbatar we Gündogar Afrikanyň, Arabystanyň, Hindistanyň, Günorta-Gündogar Hytaýyň we Täze Zelandiýanyň ummanly kenarýakalarynda gyşlaýarlar. Alahekek çulugyň sany az, uçup geçende käbir ýerlerde adaty görnüş. Şeýlelikde bu guşyň biologiýasyny, ekologiýasyny we başga ýaşaýyş aýratynlyklaryny öwrenmek wajyp, esasan hem olaryň ýurdumyzyň köllerinde, Hazar deňzinde höwürtgeleýän ýerleriniň anyklanmagy hem zerur. Türkmenistanda guşlar dünýäsiniň, esasan hem suw guşlarynyň goralyp saklanmagy üçin ýurdumyzda Garaköl ýaly kölleriň öwrenilmegi we goralyp saklanmagy uly ähmiýete eýedir.
A.Potaýewa
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy