«TEBIGAT ÝYL ÝAZGYSY -YLMY ÇEMELEŞIKLER »

41
  Ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynda zähmet çekýän ylmy işgärler tebigatyň her ýylda sazlaşykly ösüşine gözegçilik geçirmek bilen howanyň üýtgeýän şertlerinde ösümlik we haýwanat dünýäsiniň görnüş düzümini ylmy tarapdan öwrenmegiň örän wajypdygyny belleýärler. Şeýlelikde diýarymyzyň gözel tebigatyny ylmy taýdan öwrenmekde we gorap saklamakda hereket edýän 9 sany döwlet tebigy goraghanalarda her ýylda “Tebigatyň ýyl ýazgysy” kitaby taýýarlanylýar. Bu ylmy çeşme taýýarlanylanda tassyklanan ýörite usulyýetlere esaslanylýar. “Tebigatyň ýyl ýazgysy” – kitaby birnäçe bölümlerden ybarat bolup, giriş, goraghanalaryň meýdanlarynda geçirilýän işleriň guramaçylyk taraplary, ylmy işlere gatnaşan ýerli we daşary ýurtly hünärmenleriň goşandy, tebigata ýetýän tebigy täsirler we adamyň hojalyk işiniň netijesinde tebigy meýdanlara ýetýän täsirler, howa-toprak şertleriniň ýagdaýy, ösümlik örtügi we ösümlikleriň ösüş tapgyrlary hem-de ýabany haýwanlaryň gabat gelşi, ýaşaýan ýerleri, biologiýasy barada gymmatly maglumatlar ýazylýar. Şeýle hem Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy boýunça agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmekde gazanylýan tejribeler barada maglumatlar görkezilýär. 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleriniň, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi Milli institutynyň alymlarynyň hem-de goraghanalaryň ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda, 2025-nji ýylyň “Tebigat ýyl ýazgysy” kitabynyň netijeleri ara-alnyp maslahatlaşyldy. Institutyň alymlary P.Kepbanow, E.Kokanowa. J.Saparmyradow, G.Gurbanmämmedowa, B.Durdyýew, M.Sahatowa, A.Kulyýew tarapyndan goraghanalaryň taýýarlan ylmy maglumatlaryna seljerme berilip ýurdumyzyň biodürlüligini öwrenmekde we ylmy esasda gorap saklamakda uly işleriň ýerine ýetilendigine baha berildi. Şeýle hem geljekde ylmy gözegçilikleri geçirmekde dürli usulyýetleriň özleşdirilmeginiň möhümdigini alymlar bellediler. Goraghanalarda ýerine ýetirilen ylmy gözegçilikler barada, ylmy işgärleriň dürli suratlar we wideo şekiller bilen bezelen çykyşlary diňlenildi. Netijede goraghanalarda her ýylda täze ylmy maglumatlaryň toplanýandygy barada täsirli gürrüňler aýdyldy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň we ýabany haýwanlaryň görnüşleriniň ylmy tarapdan öwrenilendigini bellediler. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynda oňurgasyz haýwanlaryň görnüş düzümi barada has takyk ylmy maglumatlar berlipdir, şeýle hem 2025-nji ýylda Guryhowdan döwlet tebigy çäkli goraghanasynda, Garaýalçy tebigy ýadygärliginiň meýdanlarynda, şeýle hem Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda alajagaplaň barada gyzykly maglumatlar berildi. Deňiz ekoulgamyny gorap saklamakda Hazar döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň gyşlaýan 42 görnüşi hem-de Ogurjaly adasynda ösýän ösümlikleriň görnüş düzümi boýunça Tebigat ýyl ýazgysy kitabynda maglumat berilýär. Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda Türkmenistanyň Gyzy kitabyna girizilen ösümlikleriň ýaýran ýerleri, ösüş ýagdaýlary baradaky gymmatly maglumatlary goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Ç.Tagyýew gürrüň berdi, şeýle hem Könekesir obasyna golaý derelerden tapylan Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ýemşeni köpeltmekde ýerine ýetirýän işleri örän wajyp. Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda 2025-nji ýylda ýarganatlylar barada täze maglumatlaryň bellenmegi ýurdumyzyň we Merkezi Aziýanyň biodürlüligi üçin hem uly ähmiýete eýedir. Goraghananyň meýdanlarynda duşýan gulakman türkmen ýarganaty barada soňky 55 ýylyň dowamynda dünýäde ilkinji gezek täze maglumatlaryň tapylandygyny ylmy hünärmenler bellediler. Garagum sährasynyň ekoulgamyny gorap saklamakda Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň we «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň çöl ösümliklerini öwrenmekde ýerine ýetirilen işleriň maglumaty berildi. Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň meýdanlarynda gara sazaklaryň ösüş ýagdaýlary barada gymmatly maglumatlar taýýarlanypdyr. Şeýle hem ýurdumyzyň derýa ekoulgamyny gorap saklamakda we tebigy baýlyklaryny köpeltmekde uly ähmiýetli işleri ýerine ýetirýän Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynda sugunlary ylmy tarapdan öwrenmekde geçirilýän işleri diňlemek has gyzykly boldy. Şeýle hem goraghanada 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Gara leglek barada ilkinji gezek maglumat berilýär. Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda ýaýran burma şahly umganyň we geçigaplaňyň ýaýran ýerleriniň öwrenilmegi boýunça takyk maglumatlar toplanypdyr. Şeýle hem 2025-nji ýylda Fransiýadan gelen alymlaryň Köýtendagyň gowaklaryny öwrenmekde ýerine ýetiren işleriniň maglumatlary “Tebigat ýyl ýazgysy” kitabynda berilýär. Şeýlelikde döwlet tebigy goraghanalaryň ylmy işgärleriniň ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda we ylmy taýdan öwrenmekde uly goşantlary bellärliklidir, şeýle hem dünýä ýüzüniň biodürlüligini ylmy nukdaý nazardan öwrenmekde we gorap saklamakda olaryň çekýän zähmeti aýratyn orna mynasypdyr. 

Mahmytgurban Dosow
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň
başlygynyň orunbasary

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04