Goraghanada duşýan guşlaryň görnüşleri
43 Garagum sährasynda guşlaryň jemi 238-den gowrak görnüşi ýaşaýar we şolaryň 61 görnüşi “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynda gabat gelýär. Guşlaryň köpüsi bu ýerde az wagtlyk ýylda iki gezek ýaz we güýz möwsümde goraghananyň üstünden uçup geçýärler, şeýle-de gyşyna aram-aram düşläp, iýmitlenenlerinden soň ýollaryny dowam edýärler. Çölüň gazaply ýaşaýyş şertlerine hemme guşlar uýgunlaşyp bilmeýärler. Garagumuň faunasyna degişli guşlaryň biri bolan çürçüri endemik görnüşdir. Oturymly guşlaryň görnüşlerine çürçürini, çöl gargasyny, baýguşy, ütelgi, çöl käkiligi, gögerçin, sazak serçesi, meýdan serçesi, mollatorgaýy, çöl serçesini, depe syçançysyny we beýlekileri görkezmek bolar. Guşlaryň şeýle görnüşleri goraghanada höwürtgeleýärler we köpelenlerinden soň uçup gidýärler. Olara gylguýruk, sazak serçesi, ýylançy gyrgy, çöl togany, adaty çekeýik, hindi serçesi, çöl çürlentgisi we başgalar degişlidir. Bu sebit üçin mahsus guşlaryň düzümine girýän görnüşleri barada gürrüň edenimizde depe syçançysyny, çakyrygy, togdaryny, bagyrtlagy, baýguşy, çöl torgaýy, mollatorgaýy, çürçürini, çöl gargasyny çöl serçesini, çöl çürlentgisini agzap geçmeli. Görnüşleriň käbirleri höwürtgelemek üçin sazaklyklara mätäçdir olardan ýylançy gyrgy, depe syçançysy, çöl gargasy ýaly guşlar sazagyň üstünde höwürtgeleýärler. Guşlar dünýäsiniň esasy bölegini düzýän çöl toplumlarynyň hususy wekili hökmünde ilkinji nobatda çürçürini görkezmek bolýar. Sebäbi ol çöl şertlerine hakyky uýgunlaşan guşlaryň biridir. Onuň uzyn injik süňkli we gysga barmakly güýçli penjesi bar. Örän seýrek uçýar, çalt we çalasyn ylgaýar. Olaryň ýer gazmak işleri hem çöl landşaftynyň şertlerinde dörändigine şaýatlyk edýär. Çürçüri çekirtgeler, gije kebelekler, garynjalar, siňekler we beýleki mör-möjekler hem-de olaryň liçinkalary, hat-da çägäni berkidiji ösümlikleriň zyýankeşleri bilen iýmitlenýärler. Mart-aprel aýlarynda höwürtgeleýärler. Höwürtgesini esasan, gandymyň, çerkeziň şahalarynda goýýarlar. Höwürtgäniň görnüşi okara sypatly, “alahekegiň höwürtgesi” ýaly üçeklidirler. Guşuň “çür-çür” sesine salgylanyp türkmenler çürçüri diýip atlandyrýarlar, emma gazaklar onuň çägelikde köp ylgaýandygyna üns berip “žorga”(ýorga) diýip atlandyrypdyrlar.
“Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri
Jemal Aýhanowa