“Diýar gözelligi-erem baglarda”
23 Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap, tebigaty, ilatyň saglygyny, biologik köpdürliligini goramak, ýer, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Mälim bolşy ýaly ýer togalagynyň abadan, arassa, howpsuz we rahat mekan bolmagyny üpjün etmek ugrunda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň goşýan goşantlary has aýdyň duýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan toplumlaýyn umumy göwrümli we uzak möhletleýin gelejegi nazarlaýan parasatly ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýyşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmäge gönükdirlendir. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi hem 1971-nji ýylda döredilip, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Daşky gurşawy goramak, Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak döwletiň ekologiýa syýasynyň wajyp ýörelgeleriniň biridir. Ony durmuşa geçirmek bolsa ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynyň esasy wezipesidir” diýip biziň öňümizde goýan anyk wezipelerini başlarymyza täç edinip halal zähmetiň asyl nusgalaryny görkezip zähmetleri çekip gelýäris. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul edýän karardyr-permanlaryny durmuşa ornaşdyrmakda ilkinjileriň hatarynda seslenip, her ýyly zähmet üstünliklerine besleýäris. Ilat arasynda, edara-guramalarda, kärhanalarda, mekdeplerde, ýokary okuw mekdebinde bolup çykyşlar gurnap öz güýjümiz bilen taýýarlan gerbäplerimiziň, foto-wideo şekilleriň, ýörite taýýarlanylan görkezme esbaplaryň üsti bilen gözel tebigatymyzyň täsinliklerini, ösümlik we haýwanat dünýämiz dogrusynda, ýangyn howpy we onuň öňüni almak hakynda rolikler, döwlet tebigy goraghanalarynda alnyp barylýan işler dogrusynda foto suratlary, slaýdlary görkezip yzygiderli işleri alyp barýarys. Mundan başgada özümizde döredilen ýörite nahalhanamyzda bagbanlarymyzyň, hünärmenlerimiziň tagallalary netijesinde agaç nahallarynyň we bägülleriň dürli görnüşlerini ýetişdirýäris. Agaç şitilleriniň kemala gelmegi ugrunda zerur bolan dökünler bilen doly üpjün edilip, bagbanlarymyzyň uly hyjuw bilen zähmet çekýändikleri netijesinde il halar ştiller kemala gelýär. Biz ýetişdirýän şitillerimizi hoşboý ysly bägüllerimizi ýylyň ýylyna agza bolup durýan edara- guramalara, kärhanalara, mekdeplere, çagalar bakja bagyna paýlap berip olara edilmeli agrotehniki çäreleriň geçiriliş usullary dogrusynda düşündiriş işlerini geçirýäris. Biz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde geçiriljek ýazky bag ekişlik çäresine uly taýýarlykly geldik. Bu bolsa Ýurt Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna biziň mynasyp goşandymyz bolar.
Goý şeýle işleriň sakasynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak belent başlary aman bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli tutumly işleri rowaç alsyn !
Suratlarda: Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň bagbanlary, tebigat söýüjiler bilen agaç nahallarynyň agrotehniki taýdan ýetişdiriliş usullary dogrusynda gürrüňleriň geçirlip duran pursatlary.
Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümiň hünärmeni
Gylyjowa Oguljemal