8-nji mart “Halkara zenanlar güni”
31 Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň her bir güni toýdyr baýramlara şanly wakalara beslenýär. Milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýän 8-nji mart Halkara zenanlar güni ýurdumyzda döwlet derejesinde giňden bellenip, merdana halkymyz, ozaly bilen täze maksatlara, beýik işlere ruhlanýar. Nesillerimizde milli buýsanjy, ynsanperwerligiň belent häsiýetlerini terbiýeleýär.
Türkmen halky asyrlar boýy zenan maşgalany “ojagyň çyrasy”, “maşgalanyň gelşigi” diýip uly hormat bilen taryp edip gelipdirler. Biziň taryhymyzda we medeniýetimizde zenan mertebesi mukaddeslik derejesinde göterilýär. Ýurdumyzda beýik özgertmeleri, iri möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmekde özleriniň ähmiýetli goşantlaryny goşup, bitiren aýratyn hyzmatlary hem-de zähmetde, jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünliklerini nazara almak bilen gelin-gyzlarymyza “Zenan kalby” ordeni we Hormatly Prezidentimiziň permany bilen garaşsyz watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýän sekiz we şondan köp çagaly enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli döwlet sylaglaryny gowşurylýar.
Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli zenanlaryna gelin-gyzlaryna Hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlarynyň gowşurylmagy eýýäm asylly däbe öwrüldi. Bu bolsa zenanlarymyzyň mertebesiniň belentdiginiň ýene bir subutnamasydyr. Türkmen medeniýetinde we däp-dessurlarymyzda zenanlara goýulýan sarpa diýseň belentdir. Zenan ojagyň ýylysy, maşgalanyň sütüni we nesilleriň terbiýeçisidir. Halkymyzda “Ene mukaddeslik” diýen düşünje ýöne ýere däl, sebäbi ene bolmak uly mertebe hasaplanýar.
Bahar paslynyň gelmegi bilen älem-jahan täzeden janlanýar. Bu täzeleniş döwri zenanlarymyzyň mähri bilen gözelligi utgaşyp, 8-nji mart baýramyna aýratyn many çaýýar. Tebigat bilen ynsanyň sazlaşygyny saklamakda bolsa zenanlaryň orny örän uludyr. Zenan kalby öz tebigaty boýunça döredijidir we mähirlidir. Şeýle ajaýyp döwürde Daşky gurşawyň asudalygyny we arassalygyny saklamakda zähmet çekýän zenanlarymyzyň geljekki nesillerimize arassa ekologiýany miras goýmak ugrunda uly yhlas siňdirýärler. Ene hökmünde zenanlar ösüp gelýän ýaş nesle tebigaty söýmegi her bir agaja we gül-çemene aýawly çemeleşmegi öwredýärler.
Öý-ojaklarymyzyň ýaraşygy, durmuşymyzyň bezegi bolan zenanlarymyzyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirilip, kämil derejä ýetirilen däp-dessurlarymyzy mynasyp dowam etdirmek bilen ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda yhlasly zähmet çekýärler, ýurdumyzy kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda ähmiýetli işleri amala aşyrylýar. Älemi özleriniň ýyly mähri bilen ýyladýan zenanlarymyz durmuşumyzyň nurly şöhlesi bolup, bizi ýagty geljege atarýar. Goý, zeminiň zynaty, dünýäniň durky bolan zenanlarymyzyň ýüzleri elmydama gülüp dursun, zenanlaryň sarpasyny belent tutup olary bagtyýarlykda bagtly ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň bölüm müdiri
A.Arabaliýewa