Biodürlülik babatda Kunmin-Monreal Çarçuwaly maksatnamasynyň wezipeleri
19 Türkmenistanyň Mejlisiniň 1996-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky “Biologik dürli-dürlilik hakyndaky Konwensiýa goşulmak baradaky” kararyna laýyklykda, Türkmenistan bu Konwensiýanyň agzasy bolup durýar. Şeýle hem, Türkmenistan Biologik dürlülik hakynda Konwensiýanyň 2010-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda kabul edilen Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Genetik baýlyklaryň elýeterliligini kadalaşdyrmak hem-de olary ulanmakdan gelip çykýan peýdany adalatly we deň derejede paýlaşmak hakyndaky Nagoýa Teswirnamasyna we Konwensiýanyň Taraplarynyň 2022-nji ýylda geçirilen 15-nji maslahatynda kabul edilen “Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Kunmin-Monreal Çarçuwaly maksatnamasyna goşulyşdy.
Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Kunmin-Monreal Çarçuwaly maksatnamasynyň esasy maksady – 2030-njy ýyla çenli biodürlüligiň ýitirilmeginiň öňüni almak we 2050-nji ýyla çenli tebigat bilen sazlaşykly durmuşy üpjün etmekden ybarat bolup, ol gury ýerleriň we ummanlaryň 30%-ini goramagy, ekoulgamalary dikeltmegi, tebigaty durnukly peýdalanmagy we genetiki baýlyklaryň peýdalaryny adalatly paýlaşmagy gazanmakdyr.
Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Kunmin-Monreal Çarçuwaly maksatnamasynyň esasy wezipeleri aýratyn goralýan tebigy ýerleri giňeltmek we işiniň täsirini güýçlendirilmek, şeýle hem beýleki tebigy ýerleri goramagyň netijeli gorag çärelerini (OECM) görmek we ykrar etmek arkaly gury ýeri, içerki suwlary, deňiz we kenarýaka sebitleriň goralyp saklanmagyny gazanmakdyr.
2010-njy ýylda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilen Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Taraplarynyň 10-njy Konferensiýasynda Aýtin biodürlülik maksatlary (Aýtin maksatlary) kabul edildi. Aýtin maksatlarynyň 11-nji maksady: 2020-nji ýyla çenli gury ýerleriň azyndan 17%, deňiz gurşawynyň 10% goramak diýlip kesgitlendi. 11-nji Maksada ýetmek – aýratyn goralýan ýerleri döretmek, şeýle hem “obýektiw derejede goramagyň beýleki netijeli gorag çärelerini” ulanmak arkaly gazanylmalydygyny aňladýar.
Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Taraplarynyň 2014-nji ýylda Müsürde geçirilen 14-nji Konferensiýasynda beýleki tebigy ýerleri goramagyň netijeli gorag çärelerine (OECM) resmi kesgitleme berildi.
Beýleki tebigy ýerleri goramagyň netijeli gorag çäreleri (mundan beýläk – OECM) – bu aýratyn goralýan tebigy ýerleriň çäginden daşarda ýerleşýän biodürlüligiň netijeli we uzak möhletli goralyp saklanmagyny üpjün edýän ýerlerdir.
2022-nji ýylda Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Kunmin-Monreal Çarçuwaly maksatnamasy – 2030-njy ýyla çenli Ýer togalagynyň 30%-ini gorap saklamak kabul edildi. Hereket edýän we täze dörediljek goraghanalaryň kömegi bilen Ýer togalagynyň 30% gorap saklamak asla mümkin däl we gymmat. Şu ýagdaýda OECM esasy gurala öwrüldi. Ol döwletlere hususy pudagy, ýerli halky we beýleki edaralary tebigaty goramak işine çekmäge we olaryň goşantlaryny göz öňünde tutmaga mümkinçilik berýär.
Daşky gurşawy goramak boýunça dünýä derejesinde alnyp barylýan işleriň çäklerinde OESM ýurt derejesinde durmuşa ornaşdyrmagyň zerurlygy we artykmaçlygy öwrenilende aýratyn goralýan tebigy ýerleriň (goraghanalaryň) tebigaty goramagyň ýeke-täk guraly däldigi, OESM ornaşdyrylmagy bilen tebigatyň öz-özünden ýa-da jemgyýetiň kömegi bilen goralýandygy, ýerli halk tarapyndan goralýan mukaddes ýerleriň (tokaýlar, daglar, gowaklar, agaçlar), harby okuw meýdançalarynyň – barmak düzgüniniň çäklendirilmegi bilen baglylykda tebigatyň el degrilmedik ýerleriniň we gämi heläkçiliginiň netijesinde emele gelen emeli rifleriň goragynyň emele gelýändigi anyklandy.
OECM derejesine eýe bolmak üçin, sebit Biologik dürlülik baradaky Konwensiýa tarapyndan bellenilen dört kriteriýa laýyk gelmelidir:
1) bu sebit goralmaýar: ol resmi taýdan goraghana ýa-da milli seýilgäh hökmünde bellenilmeli däl;
2) dolandyryş we gözegçilik: bu sebitiň aýdyň çäkleri we durnukly dolandyryş gurluşy bar (jemgyýet, hususy şahs ýa-da edara);
3) uzakwagtlaýyn: dolandyryş çäreleri wagtlaýyn däl-de, hemişelik bolmalydyr;
4) biodürlülik boýunça netijeli bolmagy: bu sebit ekoulgamlary, seýrek görnüşleri ýa-da möhüm tebigy hadysalary gorap saklaýar.
OECM derejesine eýe bolmagyň artykmaçlygy babatda aýdylanda aşakdakylary bellemek ýeterlikdir:
1) durmuş taýdan adalatlylyk: asyrlarboýy çägi (topragy) goraýan ýerli halkyň hukuklary ykrar edilýär;
2) çykdajylary tygşytlamak: döwletiň täze gurluşlary döretmeginiň zerurlygy ýok, ol diňe bar bolan netijeli ulgamy goldasa ýeterlik;
3) baglanyşyk: OECM-ler köplenç goraghanalaryň arasynda däliz (koridor) bolup hyzmat edýär we haýwanlaryň howpsuz göçüp-gonmagyna mümkinçilik döredýär.
OECM derejesine eýe bolmagyň netijesinde gazanyljak maddy we maddy däl peýdalar aşakdakylardan ybarat bolar:
1) döwletlere Biologik dürlülik baradaky Konwensiýanyň Kunmin-Monreal Çarçuwaly Maksatnamasy boýunça kabul eden 2030-njy ýyla çenli Ýer togalagynyň 30%-ini gorap saklamak baradaky borçnamasyny ýerine ýetirmäge ýardam eder;
2) býujet serişdelerini sarp etmezden we çäklendirmeleri bellemezden tebigaty goramaga şert döreder;
3) goraghanalaryň arasynda däliz (koridor) bolup hyzmat edýär we haýwanlaryň howpsuz göçüp-gonmagyna mümkinçilik berer;
4) resmi ykrar etmek – ýerli halk öz çägini goranlygynyň halkara derejede ykrar edilmegini gazanar, bu ýagdaý ýerli halk üçin mukaddes hasaplanýan ýerleriň önümçilik, gurluşyk we beýleki maksatlary üçin alynmagynyň öňüni alar;
5) medeni miras – tebigaty goramagyň global ulgamy hökmünde mukaddes ýerleriň we taryhy landşaftlaryň goralmagyny üpjün eder;
6) täjirçilik we hususyýetçilik – at-abraý we maýa goýum bähbidine eýe bolar – öz dolandyrýan ýa-da eýeleýän ýerine OSEM derejesini alsa at-abraýyny galdyrar, şeýle hem “ýaşyl” maýa goýumlaryna, grantlara elýeterliligini üpjün eder;
7) tebigat üçin anyk netijeler – tebigat, adamzat üçin gymmatly ýerler gorag astyna geçer.
OECM baradaky maglumatlar UNEP-iň Bütindünýä tebigaty goraýyş gözegçiligi merkezi (UNEP-WCMC) tarapyndan dolandyrylýan Bütindünýä OECM maglumatlar gaznasyna iberilýär.
OECM ýerlerini kesgitlemek we habar bermek meýletindir we döwlet edaralary, anyklanan çäk bilen gabat gelýän islendik ýerli halklar we ýerli jemgyýetçilik tarapyndan ýa-da olaryň razylygy bilen, şeýle hem zerur bolanda beýleki hukuk eýeleri we gyzyklanýan taraplar tarapyndan ýerine ýetirilip bilner.
Baş ýurist
J.Halbaýewa
Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň başlygy
R.Nuryýew