ÝERAJY DÖWLET TEBIGY ÇÄKLI GORAGHANASY

17
   Watanymyzda täsin künjekleriň biri bolan Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň tabynlygyna berkidilendir. Bu aýratyn goralýan tebigy ýerlere degişli bolup, Diýarymyz boýunça ady ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen çäkli goraghanalaryň biridir. Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1977-nji ýylyň 16-njy noýabrynda gara sazak tokaýlaryny gorap saklamak üçin döredilýär. Onuň meýdany 30 müň gektar bolup, bu meýdanlar Çärjew etrabynyň çöl öri meýdanlaryny öz içine alýar. Çäkli goraghananyň “Ýerajy” diýlip atlandyrylmagynyň esasy sebäbi hem çäginde birnäçe ajy suwly guýularyň ýerleşýändigi bilen baglanyşyklydyr. “Ýerajy” –  suwunyň tagamy ajymtyk bolan guýunyň adydyr. Käbir ylmy edebiýatlarda  “Ýerajy – ýerasty suwlary ajy bolan ýer” diýlen maglumatlara hem duş gelinýär. Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda Bäşimajy, Rozybaý, Dörtguduk, Halyk, Ýerajy ýaly ajy suwly guýular bar. Bu tebigy çäkli goraghana sähra meýdanlary bilen kölleriň bilelikde emele getiren owadan tebigy keşbini janlandyrýar.
Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy Repetek döwlet biosfera goraghanasyndan 90 kilometr günbatar tarapda  ýerleşýär. Çäkli goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady “Ýerajy” kölünde  we  oňa ýanaşyk bolan  meýdanlarda ösýän ajaýyp gara sazakly tokaýlary gorap saklamakdan,  ýerde - suwda ýaşaýan guşlary we olaryň  uçup geçýän hem-de   ýerli  höwürtgeleýän görnüşlerini,  keýikleri, ýekegapanlary we  beýleki haýwanlary,  olaryň   uýgunlaşan  öri meýdanlary bolup hyzmat edýän tebigy ýerleri gorap saklamak, köpeltmek hem-de dikeltmek we olary ylmy taýdan öwrenmek maksady bilen döredildi.
  Guşlaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen: çöl serçesi, buýraly gotan, gyzgylt gotan, gyzylgaz, togdary, bürgüt, ýylançy gyrgy, sähra gulatysy ýaly guşlar duş gelýär.
Süýtemdirijilerden Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen: oklukirpi, köwük we garagulak ýaly ýabany haýwanlar duş gelýär. Olardan başga-da çäkli goraghananyň meýdanlarynda towşan, çöl pişigi, garsak, tilki, möjek, ýekegapan ýaly ýabany haýwanlara ýygy-ýygydan duşmak bolýar.
 Bu çäkli goraghana zemzen, takyr patmasy, kepjebaş, okýylan, alaýylan, alahöwren, sarygöýük we we beýleki süýrenijileriň mesgen tutan ýerleridir. Sebitiň landşafty- oazis görnüşli bolanlygy sebäpli florasy, faunasy ýurt derejesinde ylmy taýdan öwrenilmäge degişlidir.
  Bahar aýlarynda Çäkli goraghana degişli köllerde: durnalar, gazlar, gotanlar, ördekler, jüptünler, gamaburunlar, kawguşlar, çuluklar, hokgarlar, çarlaklar we beýleki suw-batgalyk guşlar düşläp, dynç alyp geçýärler. Kiçi garajagazlar, ördekler, sakarbalaklar we çarlaklar “Ýerajy” kölüniň ýanynda ýerleşýän, akmaýan şor suwly kiçiräk kölleriň içindäki adalarda höwürtgeläp köpelýärler.  
  Bu guşlar gyşky migrasiýa döwründe Russiýanyň, Gazagystanyň we Özbegistanyň üstünden uçup gelýärler we bahar aýlarynda ýene-de yzyna geçýärler. Şu döwürde guşlaryň birnäçe görnüşi düşläp iýmitlenýärler we höwürtgeläp köpelýärler. Kä görnüşleri bolsa dynç alyp, ýoluny dowam edýärler. Çäkli goraghana göçegçi guşlara düşelge bolup hyzmat edýär. 
Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynda Garagum sährasyna mahsus bolan ösümlik görnüşleriniň ählisi diýen ýaly duş gelýär. Ösümliklerden Dimonyň ýowşany Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ýeke-täk görnüşdir. Çäkli goraghananyň landşaftynda uly çäge gerişleriniň jülge görnüşli peslikleri emele gelipdir. Şol jülge görnüşli pesliklerde ajaýyp gara sazak tokaýlary duş geýär. Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdanlaryny ylmy esasda öwrenip, dünýä ýaýmakda ýurdumyzda ekologik syýahatçylygyň ösdürilmeginde hem ähmiýeti ulydyr. Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň gözel ýerleri daşary ýurtlaryň sähra öwreniji alymlarynyň köpüsiniň ünsüni özüne çekýär. 2023-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň ylym, bilim, medeniýet meseleleri boýunça ýörite guramasy hasaplanylýan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Gazagystan hem-de Özbegistan döwletleri bilen bilelikde hödürlän “Aram guşaklygyndaky Turan çölleri” atly köptaraplaýyn hödürnamanyň kabul edilmegi, şeýle hem ýurdumyzyň “Gaplaňgyr”, “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanalarynyň, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň garamagyndaky Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň düzümine girizilmegi baradaky teklibiň biragyzdan goldanylmagy Türkmenistan Watanymyzyň halkara abraýyny ýene-de bir gezek beýgeltdi. 
  Çäkli goraghana 2 sany aýlaw meýdandan ybarat bolup, şol aýlaw meýdanlara döwlet gözegçileri berkidilendirler we ýokary derejede gorag işini alyp barýarlar. Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasynda goraghananyň ylymy bölüminiň uly ylmy işgäri Hudaýberdi Narmamedow ylmy-meýdan we meýdan gözegçilik işlerini alyp barýar. Şol sebitiň ösümlik we haýwanat dünýäsindäki üýtgeşmelere gözegçilik edýär, suratlara düşürýär. Türkmenistanyň Milli Tokaý maksatnamasynda bellenen meýilnama laýyklykda çäkli goraghanada zähmet çekýän işgärler möwsümlerde çöl ösümlikleriniň tohumlarny ýygnap, bahar we güýz aýlarynda tokaýsyz meýdanlara ekýärler.
  Şeýle ajaýyp pursatda türkmen tebigatynyň täsinliklerini giňden dünýä ýaýmakda uly tagallalar edýän türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdýaryn. Goý Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.

Beşim SEÝITNYÝAZOW
Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylym bölüminiň laboranty.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04