Halkara suwly batgalyk ýerleriň güni mynasybetli: Türkmenistan tebigy mirasy gorap saklamakda eýeleýän ornuny berkidýär.
71 2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Aşgabat şäherinde, Birleşen Milletler Guramasynyň binasynda suwly-batgalyk ýerleriň Halkara gününe bagyşlanan «Tegelek stol» maslahaty geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi, BMGÖM/Ählumumy Ekologiýa gaznasynyň « Aral deňziniň giňişliginde köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak» (Aral taslamasy) atly taslamasy hem-de Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasynyň Ylmy-maglumat merkezi (DÖDK YMM) tarapyndan bilelikde gurnaldy. Bu waka türkmen halkynyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolmak bilen, çölleşmä garşy göreşmek we biologik köpdürlüligi gorap saklamak baradaky ählumumy maksatlara ýetmäge saldamly goşant bolup durýar.
“Howa şertlerine durnukly tejribeleri ýer we suw serişdeleriniň gözegçiligini sanlylaşdyrmak arkaly giňeltmek” boýunça geçirilen «tegelek stol» maslahaty döwlet edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, halkara guramalaryň wekillerini we hünärmenlerini bir ýere jemledi. Maslahatyň maksady — sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly tebigy baýlyklaryň gözegçiligini alyp barmak üçin platforma döretmek Amyderýanyň giňişliginiň ekoulgamlaryny dikeltmek, ýerleriň zaýalanmagynyň aralyk deňagramlylygyna (ÝZAD) ýetmekden ybaratdyr. Türkmenistanyň suwly batgalyk ýerleri biologik köpdürlüligi we landşaftlaryň durnuklylygyny goldamakda möhüm orny eýeleýär, bu bolsa ýurdumyzyň BMG-nyň Çölleşmä garşy göreşmek baradaky konwensiýasy (ÇGGK) we Ramsar konwensiýasy boýunça kabul eden halkara borçnamalary bilen gös-göni baglydyr. Bu tagallalar ýurdumyzyň ekologiýa başlangyçlary boýunça öňdebaryjy ornuny görkezip, milli abadançylyga goşant goşýar.

Tegelek stoluň maksatnamasy anyk çäreleri amala aşyrmaga gönükdirilen we joşgunly häsiýetde boldy. Ramsar konwensiýasynyň Baş sekretary doktor Musonda Mumbanyň wideoýüzlenmesi gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Onuň «Batgalyk ýerleri we adaty bilimler: medeni mirasa sarpa goýmak» atly täsirli ýüzlenmesi suwly batgalyk ýerleriniň diňe bir ekoulgam bolman, eýsem halklaryň janly ruhudygyny, olaryň toprak we geljek bilen baky baglanyşygyny ýene bir gezek ýatlatdy.
Ramsar konwensiýasynyň utgaşdyryjysy Rüstem Nuryýew ähli çäräniň gidişini kesgitlän ylhamlandyryjy gutlag sözi bilen çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň suwly-batgalyk ýerlerinde biologik köpdürlüligini we landşaftlaryň durnuklylygyny gorap saklamakda ajaýyp özboluşly ekoulgamlar hökmünde taryhy ornuny barada nygtap geçdi. Häzirki günde «Biziň ýurdumyz Ramsar konwensiýasy boýunça borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär we şu günki «tegelek stol» maslahaty Türkmenistanyň diňe bir halkara tagallalara goşulmak bilen çäklenmän, eýsem suwly batgalyk ýerlerini goramak boýunça sebitiň tertibini işjeň kemala getirýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. BMGÖM, TDGGM we hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki işimiz arkaly biz geljekki nesilleriň bähbidi üçin ynsan bilen tebigatyň arasynda sazlaşygy üpjün edip, bu örän möhüm ekoulgamlaryň gözegçiliginiň dikeldilmegi we rejeli peýdalanylmagy üçin ygtybarly binýat döredýäris» diýip belledi. Birinji tapgyryň diňleýjileri Ramsar konwensiýasynyň 55 ýyllyk taryhyna we bütin sebitiň buýsanjyna öwrülen suwda ýüzýän guşlaryň hasaba alnyşynyň 60 ýyllygy baradaky taryhy hakynda tanyşdyrdy. Halkara hasaba alyş çäreleriniň utgaşdyryjysy, professor Eldar Rustamow ýüreklerde uzak wagtlap galjak şu sözleri aýtdy: «Türkmenistanyň ornitologlary Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup suwda ýüzýän guşlary, tebigy baýlyklary bahalandyrmak üçin her ýyl geçirilýän Halkara hasaba alyş işlerine goşuldylar we eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagtyň dowamynda bu möhüm wezipäni amala aşyryp gelýärler!».

Türkmenistandaky BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek baradaky konwensiýasy boýunça utgaşdyryjysy Muhammet Durikow çykyş edip, PRICE 4 ulgamy BMG-niň ÇGGK boýunça hasabatlylygyň kuwwatly we döwrebap guraly hökmünde tanyşdyrdy. Ol: « howanyň üýtgemegi bilen suwly batgalyk ýerleriniň guramagy we zaýalanmagy biologik köpdürlüligiň ýitip gitmegine hem-de krizisi has-da çuňlaşmagyna eltýär. Bu bolsa olary goramagy we dikeltmegi ähli halkara ekologiýa konwensiýalary üçin, şol sanda Suwly-batgalyk ýerleri baradaky konwensiýasy (Ramsar konwensiýasy) we BMG-niň Çölleşmä garşy göreşmek baradaky konwensiýasy üçin möhüm wezipä öwürýär» diýip belledi. Onuň bu sözlerinde ýurdumyz tebigy baýlyklaryny goramak ugrundaky göreşi öňe sürmekde uly itrgi berýär.
Soňra Aral taslamasynyň ýolbaşçysy Gözel Atamyradowa GIS-tehnologiýalarynyň şu günki günde aýratyn goralýan tebigy ýerler üçin ygtybarlylygy barda uly höwes bilen beýan etdi. DÖDK YMM-niň hünärmeni Nikolaý Nikolaýew Kelif köllerinde onlaýn arkaly suwuň derejesiniň gözegçiligini geçirmek üçin niýetlenen guraly bilen tanyşdyrdy — bu bolsa sanly ulgamy ösdürmegiň, tebigaty ylmy taýdan goramagyň aýdyň mysalydyr.
Ondan soňra söhbetdeşlik hukuk ugruna geçdi: Tähran konwensiýasynyň gurallary, möhüm ornitologik meýdançalary (MOM), suwly batgalyk ýerlerini we biologik köpdürlüligiň ojaklaryny goramak boýunça kanunçylygy kämilleşdirmegiň strategik ugurlary baradaky çykyşlar geljek ýyllar üçin anyk iş meýilnamasy hökmünde ýaňlandy.
Türkmenistanyň üç sany döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölümleriniň ýolbaşçylarynyň: Arazmyrat Amanowyň (Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy), Ahmetjan Sadykowyň (Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy) we Sähetmyrat Mämmedowyň (Hazar döwlet tebigy goraghanasy) suwda ýüzýän guşlaryň gyşky gözegçiliginiň täze maglumatlary baradaky çykyşlaryndan soňra tegelek stoluň iň esasy bölegi - geçirilen Halkara gyşky hasaba alyş işlerine gatnaşyjylary sylaglamak dabarasy boldy.
Ramsar konwensiýasynyň Milli utgaşdyryjysy R. Nuryýew we halkara hasaba alyş çäreleriniň utgaşdyryjysy E. Rustamow suwda ýüzýän guşlaryň halkara gyşky hasaba alnyşyna gatnaşan ornitologlara we goraghanalaryň işgärlerine şahadatnamalary gowşurdylar.

Günüň ikinji ýarymynda, taslamanyň aýratyn goralýan tebigy ýerler boýunça hünärmeni Swetlana Isaýewa taslamanyň milli hünärmeni Gurban Öwezmyradow bilen bilelikde MOM-lary (Möhüm ornitologik meýdançalar), biodürliligiň esasy ýerleri (KBA) we suwly batgalyk ýerlerini gorap saklamak üçin suw akymyna bolan ekologiýa talaplarynyň seljermesini hödürlediler. Döwlet suw hojalygy komitetiniň we Döwlet statistika komitetiniň wekilleri suw desgalarynyň gözegçiligini hem-de tebigaty goramak işi boýunça maglumatlar binýadyny kemala getirmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar toparlara bölünip, hereket edýän hasabatlylygyň esasynda tebigaty goramak çäreleriniň statistiki hasaba alnyşynyň usulyýetini işläp düzdüler we gyzgyn çekişmeleri geçirdiler.
Tegelek stol maslahaty Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin tassyklanan Döwlet maksatnamasyna laýyklykda sanly gözegçiligi ornaşdyrmaga, ÇGGK boýunça hasabatlylyk ulgamyny uýgunlaşdyrmaga, suwly batgalyk ýerlerini gorap saklamagyň meýilnamasyna we tebigaty goramak baradaky kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça maslahatlara gönükdirilendir.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdüirliginiň Biodürlilik boýunça ylmy bölüminiň baş hünärmeni
R.Amanow