Kunmin-Monreal dünýä derejesindäki biodürlülik boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň 3-nji maksady boýunça sebitara mümkinçilikleri artdyrmak duşuşygy

39
  2026-njy ýylyň 3-6-ny fewraly aralygynda Daşkent şäherinde (Özbegistan) Biodürlilik boýunça Konwensiýanyň Sekretariýaty bilen Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň (TGHB) guramagynda we Özbegistanyň Ekologiýa we klimatyň üýtgemegi baradaky Milli komitetiniň goldaw bermeginde Kunmin-Monreal dünýä derejesindäki biodürlilik boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň 3-nji maksadyny durmuşa geçirmek üçin sebitara mümkinçilikleri artdyrmak boýunça duşuşyk bolup geçdi.
  Kunmin-Monreal dünýä derejesindäki biodürlilik boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň 3-nji maksady 2030-njy ýyla çenli aýratyn goralýan tebigy ýerleri giňeltmek we güýçlendirilmek, şeýle hem biodürliligi goramagyň beýleki netijeli çäreleri (OECMs) görmek we ykrar etmek arkaly gury ýer, içerki suw, deňiz we kenarýaka sebitleriň goralyp saklanmagyny göz öňünde tutýar.
Bu duşuşyk biodürliligi gorap saklamak boýunça milli hereketleri berkitmek üçin Merkezi Aziýanyň bäş ýurduna, şeýle hem Ermenistana, Azerbaýjana, Belarusa we Russiýa Federasiýasyna kömek bermegi maksat edinýär. Duşuşygyň çäginde gatnaşyjy ýurtlar milli esasy çäreleri kesgitleýärler, häzirki kemçiliklere we mümkinçiliklere baha berýärler, şeýle-de netijeli dolandyrylýan goralýan ýerleriň üsti bilen biodürliligi gorap saklamakdaky ösüşi çaltlandyrmak üçin sebitara hyzmatdaşlygy güýçlendirýärler.
  Duşuşyk dünýä derejesindäki biodürlilik boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň 3-nji maksadynyň borçnamalaryny durmuşa geçirmek üçin özara öwrenmegi, tejribe alyşmagy, serhetara hyzmatdaşlygy goldamagy, sebitdäki ylalaşygy we utgaşdyrmagy berkitmek hem-de elýeterli gurallary has netijeli ulanmagy maksat edinýär.
  Goralýan ýerleriň ulgamyny güýçlendirmek işi biodürliligi gorap saklamak, şeýle-de durnukly ösdürmek üçin hem örän möhüm bolup durýar. Dünýä derejesindäki biodürlilik boýunça çarçuwaly maksatnamasynyň 3-nji maksady Türkmenistan üçin ýörite ähmiýete eýedir. Häzirki günde goralýan ýerler Türkmenistanyň meýdanynyň 4,38 göterimini tutýandygyna garamazdan, biziň ýurdumyz gelejekde aýratyn goralýan tebigy ýerleri giňeltmeklige, onuň ekologiki baglylygyna, netijeli dolandyrylyşyna, medeni we tebigy mirasy goramak baradaky Konwensiýanyň ölçeglerine laýyk gelýän goralýan ýerlere ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy derejesini bermäge üns bermek araly bu görkezijini artdyrmak isleýär. 
  Duşuşyga Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri we Conservation X Labs taslamasynyň tehniki maslahatçysy Ş/B/Garryýewa gatnaşdylar.

Rüstem Nuryýew,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04