GUŞLAR DÜNÝÄSINIŇ GYMMATLYGY
14 Türkmenistanyň ýabany haýwanlarynyň içinde guşlar dünýäsi görnüş dürlüligi we täsinligi bilen aýratyn tapawutlanýar. Guşlary öwrenýän ornitolog alymlaryň maglumatlary esasynda aýdanymyzda ýurdumyzda guşlaryň 445-e golaý görnüşi duş gelýär. Guşlar dünýäsinde täsinlik örän köp, ýagny olar öz gözelligi, ýaşaýyş aýratynlygy bilen hem haýran galdyrýar. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky döwlet tebigy goraghanalarda ýylyň dowamynda guşlar boýunça gözegçilikler geçirilýär. Biziň ýurdumyzda dürli ekoulgamlarda ýaşaýan bu täsin jandarlary ylmy tarapdan öwrenmegiň hem-de gorap saklamagyň uly ähmiýeti bar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynda guşlar boýunça gyşky gözegçilik işleri geçirilýär. Gyş döwründe migarsiýa ýollaryny dowam edýän, gyşlamaga galýan guşlaryň görnüş düzümini öwrenmek hem-de olaryň goragyny üpjün etmek işleri meýilnamalaryň esasynda ýerine ýetirilýär. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda we oňa golaý ýerlerde, zeýakaba suwlaryň ugrunda, ygal suwlaryndan ýygnanan ýalpak suwly ýerlerde, suwarymly ekerançylyk ýerlerde, suw-batgalyk ýerlerde ylmy barlaglar geçirildi. Şeýle hem bu geçirilen ylmy gözegçiliklere Türkmenistanyň «Altyn-Asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary guşlar barada gepleşik taýýarlamaga gatnaşdylar. Goraghananyň döwlet gözegçileri Ö.Nepesow, G.Baýramow, A.Jumalyýew, O.Meredow guşlar boýunça sanaw işlerini geçirmek bilen Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak kanunlary we kadalaşdyryjy hukuknamalary esasynda raýatlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirdiler. Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda häzirki wagtda çal durnalaryň (Grus grus) uly toparyny ýakyndan görmek bolýar. Çal durnanyň ýaýran ýerleri Günorta Ýewropadan we Kiçi Aziýadan Gazagystana we Günbatar Sibire çenli bolup, olar Günorta Ýewropada, Pars aýlagyndaky ýurtlarda, Özbegistanyň günortasynda we Türkmenistanda, Owganystanda, Päkistanda, Hindistanda we Demirgazyk Afrikada gyşlaýar. Her ýylda durnalar boýunça gözegçilikler ir ýaz aýlary hem-de güýz aýlary geçirilýär, şeýle hem gyş aýynda gyşlamaga galýan populýasiýasy öwrenilýär. “Durnaly şoruna”golaý meýdanlarda her ýylda durnalaryň müňlerçe sany ýygnanýar. “Durnaly şory” Ahal welaýatynyň “Altyn Asyr” etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň çaginde ýerleşýär, bu meýdanlar birnäçe ýyllardan bäri belli ýer bolup durnalaryň esasy mesgeni hasaplanylýar. Daş-töweregi sazaklyk, ýylgynlyk bilen örtülen bu ýerlerde möjek, şagal, tilki, ýekegapan gabat gelýär. Bu ýylda gyşlamaga galan durnalaryň sany 300-den gowrak bolup olar gündizlerine maýsalyklarda we ýylgynlaryň arasynda iýmitlenýärler. Daň atmazynyň öň ýanynda garaňkylykda durnalar şorlukdan uçup süri-süri bolup meýdanlara ýaýraýarlar. Goýundyr-geçi bakyp ýören çopanlar bu owadan guşlary günde ýakyndan görýändigini habar berdiler. Sebäbi durnalar özleri üçin daş töwerekden hiç bir howpuň ýokdugyny duýýarlar.

Şeýle hem Mäne-Çäçe düzlüginde bagyrtlagyň uly sürüleri her ýylda toplanýar. Bagyrtlak (Pteroсles orientalis) - Türkmenistanyň ähli düzlük ýerlerinde duş gelýär. Ýurdumyzyň günort-günbatar böleginde gyşlaýar, migrasiýasy hem şol ýerler bilen baglanyşykly bolup Köpetdagyň eteklerine toplanyp geçýär. Mäne-Çäçe düzlüginde Çäçe obasyndan Durnaly şoruna çenli aralykda awtoulagda geçilen ýol ugurda 2000-den gowrak göz ýetim aralyklarda sanaldy. Günüň birinji ýarymynda bagyrtlaklaryň ýylgynly meýdanlarda, soň hem açyklyk meýdanlara süýşýändigi görüldi.

Bezbeltek (Tetrax tetrax) – uçup geçýän-höwürtgeleýän we gyşlaýan guş. Her ýylda bezbeltek köp mukdarda gabat gelýär. Uçup geçende oazislerde, Köpetdagyň eteginde we derýalaryň jülgelerinde hasaba alyndy. Ýaňy ýakynda Ak bugdaý etrabynyň meýdanlarynda hem gabat geldi. Mäne-Çäçe düzlüginde ýylgynly meýdanda 400-den gowrak bezbeltegiň ýaýrandygy hasaba alyndy, şeýle hem daýhan birleşikleriň ekin meýdanlarynda köp mukdarda gabat gelýändigini kärendeçiler habar berdiler. Başga-da ördeklerden ýalpak suwly ýerlerde ýaşylbaş ördek (Anas platyrhynсhos), sykylykçy jünekeý ördek (Anas crecca) hasaba alyndy. Gözegçilik geçirilen meýdanlarda sähra göwenegi (Falco tinnuculus), hüwi (Bubo bubo), meýdan gulatysy (Circus cyaneus), uly ak hokgar (Casmerodius albus), gara sar (Sturnus vulgarus), mollatorgaý (Galerida cristada), alaboýun torgaý (Melanoсorypha bimaculata), alaboýun togan (Lanius excubitor), melemtil girrik (Rhodopechus obsoletus) alahekek (Pica pica), gögerçin (Columba livia) hasaba alyndy. Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynda geçirilen ylmy gözegçiliklerde guşlaryň görnüş düzümi we gabat gelşi boýunça gymmatly maglumatlar toplandy. Şeýle hem guşlaryň ýaşaýan ýerlerini gorap saklamagyň wajyplygy bellenildi. Klimatyň üýtgeýän şertlerinde Mäne-Çäçe düzlügine golaý suw – batgalyk ýerleriň her ýylky ýagdaýyny hem öwrenmek örän wajyp, sebäbi guşlaryň birnäçe görnüşleri we başga-da ýabany haýwanlaryň görnüşleri üçin suw-batgalyk ýerler uly ähmiýete eýedir. Bu babatda Türkmenistan döwletimiz 2008-nji ýylyň 22-nji fewralynda Ramsar konwensiýasyna goşulmak bilen halkara derejesinde ýerine ýetirilýän işlere hem uly goşandyny goşýar.
Aknabat POTAÝEWA
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölümiň başlygy
Amanmyrat JUMALYÝEW
Mäne-Çäçe döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň döwlet gözegçisi