Lebap welaýatynyň suw howdanlarynda uçup geçýän we gyşlaýan suw-batgalyk guşlaryň toplumlaýyn gözegçiligi geçirildi
44 Häzirki wagtda Türkmenistanyň günorta-gündogarynda hem-de demirgazyk-günbatarynda, şol sanda Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň we Kelif döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdanlaryna ýanaşýan çäklerde Russiýa we Gazagystan döwletlerinden uçup gelen guşlaryň gyşlamagy dowam edýär. Gyşlaýan guşlaryň esasy bölegi dürli göwrümdäki suw howdanlarynda (zeýakabalardan uly suw howdanlaryna çenli) duş gelip, az sanly toparlary Amyderýada, Garagumderýada, kanallarda, oba hojalyk meýdanlarynda duş gelýärler.

Şu ýylyň ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginde goraghananyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyna laýyklykda ylmy işgärler A. Sadykowyň, Ýe. Agryzkowyň şeýle hem “Diýar” žurnalynyň fotohabarçysy A. Taňrygulyýewiň gatnaşmagndaky topar, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde ýerine ýetirýän “Köp sanly bähbitlerin alynmagy üçin Aral denziniň ginişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasynyň goldaw bermeginde Lebap welaýatynyň çägindäki Amyderýada, Garagumderýasynda, Soltansanjar, Goşabulak, Seýdi, Ketdeşor, Ramanköl, Ýerajy, Şorköl köllerinde uçup geçýän we gyşlaýan suw-batgalyk guşlaryň toplumlaýyn gözegçiligi geçirildi.
Ortaamyderýa sebiti boýunça guşlaryň uçup geçiş döwrüniň hasaplamalarynda sany boýunça gyzylbaş garamtyl ördegiň, almabaş ördegiň, sykylykçy jünekeý ördeginiň, çal durnanyň, ýaşylbaşlaryň, uly we kiçi garajagazlaryň, gyzgylt we buýraly gotanlaryň, gazlaryň, guwlaryň, sakarbaraklaryň köp sanly bolandygy anyklandy.

Geçen ýylky hasaplamalar boýunça seljerme geçirilende, Soltansanjar we Goşabulak köllerinde gyşlaýan guşlaryň sany ortaça görkezijiler bilen deň boldy.
Ortaamyderýa sebitinde gyşlaýan, suwda ýüzýän we suwuň töwereginde ýaşaýan guşlaryň görnüşleri we olaryň sany her ýyl üýtgäp durýar. Kä ýyllarda guşlaryň umumy sany 50-55 müňe ýetýär, kä ýyllar azalýar.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň döredilen döwründen başlap, Amyderýanyň orta akymynda duş gelýän guşlaryň biologiýasyny, migrasiýasyny, iýmitlenýän, gyşlaýan, köpçülikleýin toplanýan ulgamlaryny öwrenmäge uly üns berilýär.
Geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde Amyderýanyň orta akymynda alty ýaşyş häsiýetli guşlaryň duş gelýändigi anyklandy. Olar: hemişelik ýaşaýan, uçup gelip höwürtgeleýän, gyşlaýan, tomusda gelip ýaşaýanlar, uçup geçýän, tötänlikde dürli sebäplere görä, uçup gelýän görnüşlerdir.

Goraghananyň çäginde goraghananyň işgärleri tarapyndan dürli ýyllarda geçirilen ylmy-barlaglaryň netijesinde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň 21 görnüşi hasaba alyndy. Olaryň arasynda gyrgylar maşgalasyna degişli 6 görnüş: ýylançy gyrgy (Circaetus gallicus), sähra garaguşy (Aquila rapax), mazar garaguşy (Aquila heliaca), bürgüt (Aquila chrysaetos), uzynguýruk suw bürgüdi (Haliaeetus leucoryphus), gajar (Aegypius monachus); laçynlar maşgalasyna degişli 3 görnüş: ütelgi (Falco cherrug), laçyn (Falco peregrinus), sähra göwenegi (Falco naumanni) we beýlekilerdir. Olar seýrek duş gelýän, goraga örän mätäç görnüşli guşlardyr.
Amyderýanyň orta akymynyň çäginde duş gelýän guşlaryň görnüşlerini anyklamak möwsümleýin sanyny, gürlügini kesgitlemek, iýmitleniş, gyşlaýyş, köpeliş şertlerini yzygiderli we toplumlaýyn öwrenmek babatda ylmy-barlag işleri dowam etdirilýär.
Sadykow Ahmetjan,
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň, Ylmy bölümiň başlygy