Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda we oňa ýanaşýan meýdanlarda geçirilen guşlaryň gyşky sanawy
9 Hormatly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýurdumyzyň daşky gurşawyny gorap saklamak, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak we biologiki dürlüligini has-da artdyrmak boýunça döwlet we halkara derejelerinde dowamly işler alnyp barylýar. Biziň ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak baradaky birnäçe ylalaşyklaryna, şol sanda suwly-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar konwensiýasyna, bu konwensiýa suwly-batgalyk ýerleriň we suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan mekany hökmünde halkara ähmiýetli bolup, oňa dünýäniň döwletleriniň 160-sy, şol sanda biziň döwletimiz hem goşuldy. Bu bolsa suwly-batgalyk ýerleri gorap saklamaklygy, şonuň bilen birlikde ol ýerleriň biodürlüligini, şol sanda guşlar dünýäsini öwrenmekligi borçly edýär.
Ýurdumyzyň çäginde birnäçe suw howdanlary, köller, derýalar, akabalar we Hazar deňzi bar. Bu ýerlerde ýylyň ähli paslynda guşlaryň ýaşaýyş ýagdaýy, höwürtgeleýşi, uçup geliş we geçiş ýagdaýy, şol sanda gyşlaýyş ýagdaýy hem içgin öwrenilýär. Her ýylyň ýanwar aýynda guşlaryň, şol sanda suw-batgalyk guşlaryň gyşlaýyş ýagdaýyny öwrenmek boýunça ähli goraghanalarda meýdan işleri geçirilýär.

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda guşlaryň 218 görnüşi duşýar. Guşlaryň 32 görnüşi çölde we 26 görnüşi suwuň ýakasynda höwürtgeleýär, galanlary – uçup geçýän, düşläp geçýän we gyşlaýan guşlardyr. Goraghanada suwly-batgalyk guşlaryny öwrenmek boýunça ýörite ylmy-barlag işi alnyp barylýar. Has takygy, 2021-2025-nji ýyllar üçin “Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň we oňa ýanaşyk meýdanlarynyň suwly-batgalyk guşlary (düzümi, ekologiýasy, biologiýasy)” atly tema boýunça barlag işleri ýerine ýetirildi. Bu işiň dowamynda goraghananyň çägindäki we oňa golaý ýerleşýän Sarygamyş, Zeňňibaba, Uzynşor, Atabaýşor we “Altyn asyr” Türkmen kölleriniň suw-batgalyk guşlarynyň görnüş düzümi, sany, migrasiýasy, köpelişi, gyşlaýyş ýagdaýy öwrenildi.
2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň ikinji ongünlüginde Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Ösüş maksatnamasynyň “Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” atly taslamasynyň goldaw bermeginde goraghananyň hünärmenleri tarapyndan Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň we oňa ýanaşýan ýerlerdäki Zeňňibaba, Uzynşor, Atabaýşor we Sarygamyş köllerinde, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Daşoguz akabasynyň ugrunda hem-de goraghananyň beýleki ýerlerinde guşlaryň gyşky sanawy geçirildi.

Sanaw işi awtoulagda (811 km) we pyýada (36 km) alnyp baryldy. Kiçi köller (Zeňňibaba, Uzynşor we Atabaýşor) bir gözegçilik meýdany hökmünde kabul edildi, Sarygamyş köli meýdançalara (Mergenaşan, Maşryk ajy, Gulanly, Hallyçakan) bölünip, guşlaryň toplanýan ýerlerinde bir nokatdan gözegçilik, pyýada we awtoulagda hereketlenmek usuly bilen kiçi we uly dürbilerde gözegçilik işleri geçirildi.

Geçirilen barlag işleriniň netijesinde gyş döwründe guşlaryň 45 görnüşi hasaba alyndy. Olaryň 9 görnüşi oturymly guşlar, ýagny laçynşekillilere degişli depe syçançysy, bürgüt we göwenek, baýguşşekilli guşlardan baýguş we serçeşekilli guşlara degişli bolan mollatorgaý, çürçüri, alahekek, çöl gargasy, şalkyguýruk çürlentgi ýaly görnüşler bolup, olary ýylyň dowamynda goraghananyň meýdanlarynda görmek bolýar. Hasaba alnan guşlaryň galan bölegi uçup-gelip höwürtgeleýän we gyşlaýan görnüşlere degişli boldy. Guşlaryň arasynda suwly-batgalyk guşlary 26 görnüşi ýa-da 57,7 %-i eýeledi. Netijede, jemi 32416 sany guş hasaba alyndy. Guşlaryň arasynda suwly-batgalyk guşlary, ýaşaýşy suwly-batgalyk ýerler bilen bagly bolan laçynşekillilere degişli 2 görnüş (akguýruk suw bürgüdi we gamyş gulatysy) bilen bilelikde 26 görnüş ýa-da 99,1 %-i (32129 sany) eýeledi.

2026-njy ýylyň ýanwarynda, geçen iki ýyl bilen deňeşdirilende, guşlaryň sany köp boldy. Bu bolsa bu ýylyň degişli döwründe howa ýagdaýynyň we iýmit şertleriniň amatly bolandygyny görkezýär. Suwly-batgalyk guşlary Sarygamyş kölünde köp hasaba alyndy (21529 sany), ondan soň sany boýunça Zeňňibaba köli durýar (5384 sany). Uzynşor, Atabaýşor we “Altyn asyr” Türkmen kölüniň Daşoguz akabasynyň ugrunda guşlaryň sany birneme az boldy. Laçynşekilli guşlara degişli bolan akguýruk suw bürgüdi bahar we güýz aýlarynda uçup geçende duşýar, şeýle hem biziň sebitimizde gyşlamaga galýar. Bu guşuň ýaşaýşy, esasan hem suwly-batgalyk guşlary bilen baglanyşykly bolup, olaryň toplanýan ýerlerinde köpräk jemlenýärler, ýagny suw-batgalyk guşlary bu täsin guşuň esasy iýmiti bolup hyzmat edýär. Biziň sanaw geçiren ýerlerimizde Sarygamyş kölünde akguýruk suw bürgüdiniň 5 sanysy, beýleki ýerlerde 1-3 sanysy hasaba alyndy. Bu görkeziji hem suwly-batgalyk guşlarynyň Sarygamyş kölünde köp bolandygyna şaýatlyk edýär.
Umuman, guşlaryň arasynda almabaş ördegiň (12838 sany ýa-da 40,0%), sakarbaragyň (13735 sany ýa-da 42,7%) we kekilli garamtyl ördegiň (3833 ýa-da 12,0%) sany köp boldy, sakarbarak ähli sanaw geçirilen ýerlerde duş geldi. Mundan başga, suw-batgalyk guşlardan uly tersaýak, uly we kiçi garajagaz, uly ak hokgar, gök hokgar, gyzylçüňk guw, guba gaz, aňk, sakarja ördek, çal ördek, ýaşylbaş, tamdyra ördegi, jygaly ördek, kiçi we uly jüptün ördekler, çarlaklardan gülegen çarlak we köl çarlagy ýaly guşlar hasaba alyndy.
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizilen suwly-batgalyk guşlardan gyzylbaş garamtyl ördek Sarygamyş, Zeňňibaba, Uzynşor we 9.4 köllerinde, gara ördek we garabaş gülegen çarlak Uzynşor kölünde hasaba alyndy.
Sanaw döwründe Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizilen guşlardan 4 görnüş (gyzylbaş garamtyl ördek, gara ördek, bürgüt we garabaş gülegen çarlak) hasaba alyndy, olaryň 3-si suwly-batgalyk guşlarydyr.
Arazmyrat Amanow,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy