Türkmenistan boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar aýynyň 26-sy we fewral aýynyň 01-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
25 Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4°С sowukdan +1...+3°С aralygynda maýyl, gündizlerine 0...+2°С-dan +10...+12°С aralygynda maýyl bolar.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-11-den 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...-6°С sowukdan 0...+2°С aralygynda maýyl, gündizlerine -1...+1°С-dan +8...+10°С aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-6°С sowukdan 0...+5°С aralygynda maýyl, gündizlerine +9...+14°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +5...+10°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-7°С sowukdan 0...+5°С aralygynda maýyl, gündizlerine -1...+4°С-dan +10...+15°С aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-7° sowukdan -1...+4°С aralygynda maýyl, gündizlerine 0...+5°С-dan +9...+14°С aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...-9°С sowukdan -2...+3°С aralygynda maýyl, gündizlerine -1...+4°С-dan +7...+12°С aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -7...-12°С sowukdan -4...+1°С aralygynda maýyl, gündizlerine 0...-5°С sowukan +2...+7°С aralygynda maýyl bolar.
Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-10,0 mm bolmagyna garaşylýar.