Bathyzyň alajagaplaňlary!

121
    Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň döwlet tebigy goraghanalarynda ýabany haýwanlary hasaba almakda ulanylýan hereket duýujy surat gapanlaryň üsti bilen dürli ylmy maglumatlaryň toplanmagy dowam edýär.     
   Bathyz,  Köpetdag, Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanalarynyň  hem-de Uly Balkan dagynyň meýdanlarynda ýaşaýan Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sanawyna,  Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň sanawuna hem-de  Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasynyň (CITES) sanawuna  girizilen  alajagaplaň boýunça ylmy gözegçilikler düýpli geçirilýär. Ynha ýaňy –ýakynda Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlaryndan alajabars barada hereket duýujy surat enjamlaryndan alnan maglumatlar goraghananyň işgärlerini, şeýle hem hünärmenleri diýseň begendirdi. Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda öň geçirilen  barlaglarda ene alajagaplaň pişijekleri bilen hasaba alynypdy.  Şonda ene alajagaplaňa “Umyt” diýlip at goýulypdy. 
   Tebigat hem ynsanlaryň özüne edýän umyt - niýetlerini ýüze çykaryp görkezdi. Goraghananyň meýdanlarynda ýaşaýan başga ene alajagaplaňyň pişijegi bilen surat enjamyna düşendigi anyklanyldy. Şeýlelikde ýene-de bir ene  alajagaplaňyň köpelendigi baradaky alnan täze maglumatyň uly ähmiýete eýedigini hem-de alajagaplaňyň we ýabany pişikleriň başga görnüşleriniň ekologiýasyny we biologiýasyny ylmy tarapdan öwrenmekde  Сonservation Х Lab guramasy bilen goraghanalaryň bilelikde ylmy gözegçilikleri geçirýändigini  Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň ýabany pişikler boýunça agzasy Tatjana Rozen belleýär.              
   Şeýlelikde Bathyzda  alajagaplaňlaryň durnukly köpelýän toparynyň bardygyny görýäris.Bu maglumatlar goraghananyň meýdanlarynda alajagaplaňlaryň ýaşaýşy we köpelmegi üçin amatly şertleriň bardygyny subut edýär. 
   Alajagaplaňyň her bir täze nesilini görmek bilen düýbünden ýitip barýan bu görnüşiň dünýäniň ýüzünde goralyp saklanmagy üçin Türkmen tebigatynyň uly ähmiýete eýedigini görýäris. Hereket duýujy surat enjamyndan alnan maglumaty, ýagny  ýaşajyk neslini yzyna düşürip barýan ene alajagaplaň baradaky buşlugy bize Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy N.Hudaýkulyýew ýetirdi. Goraghananyň ylmy bölüminiň işgärlerini geçirýän ylmy barlaglarynyň netijesinde alýan täze  ylmy maglumatlary bilen gutlaýarys hem-de işlerinde uly   üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edýäris.
                                                       
Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň başlygy     
Nurmuhammet Hudaýgulyýew    

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04