Samyryň ýaşaýyş aýratynlyklary
21 Samyr (Martes foina, Erxleben, 1977) - ýabany haýwanlaryň Ýyrtyjylar toparynyň (Carnivora), Samyrlar (Mustelidae) maşgalasyna degişlidir. Türkmenistanda onuň esasy ýaýrawy daglyk ýerleri öz içine alýar. Samyryň bedeniniň ululygy 38-59 sm, guýrugy 23-32 sm ýetýär. Onuň bedeniniň tüý örtügi açyk sarydan, açyk goňurrak reňkde hem bolup gürden, hüjjük. Samyr gymmat bahaly derili haýwanlaryň hataryna girýär.
Soňky ýyllarda Uly Balkan daglarynda we Köpetdagda ýabany haýwanlary öwrenmek boýunça geçirilen gözegçiliklerde onuň bioekologiki aýratynlyklary barada birnäçe ylmy maglumatlar toplandy. Samyr dagetek ýerlerde hem gabat gelýär, şeýle hem pes dag guşaklyklardan başlap ýokary dag guşaklyklara çenli ýaýrandyr. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda samyr Germapda, Murzedagda, Ruhabat meýdançasynda, Guryhowdanda, Garaýalçy hoz tokaýlygynda, Bakja meýdançasynda hasaba alyndy, şeýle hem Duşakerekdagynda, Marköw dagynda, Baharly we Bekrewe tokaý hojalyklaryň daglyk ýerlerinde duş gelýar. Käbir ýerlerde “samyryň ady” bilen atlandyrylýan ýerleriň kordinatlaryny almak olaryň ýaýrawuny anyklamakda uly mümkinçilikleri döredýär. Dagetek ýerlerdäki obalarda hem bu jandaryň gabat gelýändigi barada maglumatlar alyndy. Samyr ilatly ýerlere aralaşmak bilen towuklary awlaýar. Samyryň esasy iýmiti oňurgasyzlar, süýrenijiler, gemrijiler we guşlar, şeýle hem olaryň iýmit düzüminde ösümlikleriň tohumlary we miweleri hem bar. Bu jandar örän ýyndam, göz açyp salymda agaçlara hem çalt dyrmaşyp çykýar. Olar kawkaz hažžygyny we beýleki süýreinjileri çalasynlyk bilen awlaýarlar, guşlaryň höwürtgesinden jüýjelerini hem almak olar üçin kynçylygy döretmeýär.
Garaýalçy hoz tokaýlygynda tomus aýlary geçiren ylmy gözegçiligimizde gije düşelgä golaý gelen samyryň hereketlerini ýakyndan synlamaga mümkinçilik döredi. Şol pursat suratçy Atamyrat Weýisow gije samyryň hereketiniň wideoşekillerini we suratlaryny golaý aralykdan uly höwes bilen düşürdi.

Samyr - surat hereket duýujy gapanlarda
Hereket duýujy surat enjamlarda düşürilen wideoşekillerde tebigatyň ähli paslynda, gün batandan soňra, şeýle hem gijelerine, daňdana golaý olaryň has işjeň ýagdaýyny görýäris, gündizlerine bolsa seýrek gabat gelýär. Olar köplenç ýekelikde duşýar, kähalatlarda ikisini bilelikde görmek hem bolýar, şeýle hem ýaşajyk nesillerini yzyna düşürip ýören pursatlary hem görüldi. Mürzedagda samyryň tilki bilen gabat gelende tilkini gorkuzyşy, şeýle hem iki sany samyryň agaja dyrmaşýan hereketleri hem-de alajagaplaňyň bellik eden ýerine baryp samyryň bökýän pursatlary surat enjamlaryň netijesinde alyndy. 2024-nji ýylda dekabr aýynyň başynda dag derelere gar örtügi galyň düşüpdi, gije sagat 21:30, howanyň temperaturasy -5 С ýetdi, samyryň dikligine galyp hereket duýujy surat enjamyny synlaýan pursadyny göreniňde bu ýabany haýwanda dürli hereketleriň, emelleriň bardygyna göz ýetirýärsiň.
Tebigatda olar aprel aýynda köpelýärler, ýaşajyk nesilleriniň sany 2-7 çenli ýetýär. Olar gaýalaryň jaýryklarynda, agaçlaryň uly köweklerinde ýaşaýarlar. Bu jandaryň hem tebigatda şagaldyr, tilki ýaly duşmanlary, şeýle hem sähra pişigi ýaly bäsdeşleri bar. Samyryň ýylanlara gabat gelende, esasan hem kepjebaşa topulyp, hiç hili gorky ürküsiniň ýokdugyny hem görenler habar berdiler.
Ýurdumyzyň tebigatynda ýaşaýan bu ýabany haýwanyň özboluşly ýaşaýyş aýratynlyklaryny hem-de onuň ýaýrawuny öwrenmek örän wajyp. Şeýlelikde Köpetdag döwlet tebigy goraghananyň ylmy maglumatlar gorunda samyryň bioekologiýa aýratynlyklary barada ylmy maglumatlaryň toplanmagy dowam edýär.
Aknabat Potaýewa,
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy