Göçegçi guşlar
51 Suw we batga guşlary bir ýerden başga ýere möwsümleýin göçýärler. Muňa olaryň ýaşaýan ýerlerinde iýmitiň ýetmezçiligi, gurakçylyk, suwuň derejesiniň üýtgäp durmagy, doňmagy, adam işewürligi bilen baglydyr.
Her ýyldaky bolşy ýaly suw we batgalyk hem-de gury ýer guşlary demirgazyk döwletlerden (Russiýa, Gazagystan we beýlekiler) Hazar deňziniň türkmen böleginiň ähli ýerlerine, ýagny, Garabogaz şäherinden başlap tä Esenguly etrabynyň Çekişler, Aýym, Garşy kenarýaka saý suwlarynda we Eýran Yslam Respublikasynyň serhedine çenli aralykda hem-de Hazar deňziniň türkmen böleginiň kenar ýakalarynda Türkmenbaşy, Balkan, Demirgazyk Çeleken aýlaglarynda, arly gyşy geçirmek üçin galýarlar.
Goraghananyň öňünde durýan esasy maksatlarynyň biri hem gyşlamaga gelýän guşlary ylmy taýdan öwrenmek we gorap saklamakdyr. Guşlaryň dürli-dürli görnüşleri Hazaryň türkmen suwlaryna süri-süri bolup uçup gelýärler. Olar sakarbarakdan, dürli görnüşli ördeklerden, çarlaklardan, çäriklerden, tersaýaklylardan, gazlardan, çuluklardan, guwlardan, ýyrtyjy guşlardan, serçeşekillilerden ybaratdyr. Guşlaryň käbir görnüşleri - gyzylgazlar we uly jüptünler awgust-sentýabr aýlarynda göçüp gelip başlaýarlar. Ir göçüp gelýän guşlar biraz dynç alyp, güýç-kuwwata gelenlerinden soň, günorta döwletlere tarap ýollaryny dowam etdirýärler.
Giç gelýän guşlar bolsa gyşlaryny geçirmek üçin saklanyp galýarlar. Gyşlamak möwsümi noýabr-fewral aralygynda dowam edýär. Ýalpak suwly deňiz giňişlikleriniň baý iýmitlerinden garbanyp, semrän guşlar, mart-aprel aýlarynda ýene-de demirgazyk tarapa, öz dogduk mekanlaryna uçup gidýärler. Gyşlamaga gelýän guşlaryň käbir görnüşleri höwürtgeläp köpelmek üçin Türkmenbaşy we Balkan aýlaglarynyň ululy-kiçili adalarynda saklanyp galýarlar. Olardan kepderi pisintli deňiz çarlagy, sakaw çarlagy, alaburun çärigi, derýa çärigi, kiçi çärigi, uly tersaýagy, uzyn çüňkli jüpdün ördegi, kaşykburuny, ýaşylbaş ördegi, sakarbaragy, uly jüpdünleri mysal getirmek bolar.

Suwda ýüzýän we batgalyk guşlarynyň gyşlamagynda Hazaryň türkmen kenarýakalarynyň halkara ähmiýetini nazarda tutup, 1971-nji ýylda Türkmenbaşy we Demirgazyk-Çeleken aýlaglary gymmatly suw-batgaly haýyrlanýan ýerler hökmünde Ramsar Konwensiýasynyň sanawyna girizildi. Eýýäm 1976-njy ýylda Hazar döwlet tebigy goraghanasy Tebigaty goramagyň Halkara Birleşigi tarapyndan ýörite Diplom bilen sylaglandy. Türkmenistan özbaşdak döwlet hökmünde 2008-nji ýylda Ramsar Konwensiýasynyň sanawyna täzeden goşulyşdy.
Mälim bolşy ýaly 1967-nji ýyldan bäri, dünýäniň 100-den gowrak ýurtlarynda bir wagtda ýagny ýanwar aýynyň 2-nji ongünliginde suw we batga guşlarynyň gyşky sanawy geçirilýär. Şu ýyl hem ýanwar aýynda geçirilmegi göz öňüne tutup, Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy Sähetmyrat Mämmedow, biologiýa ylymlarynyň doktory ornitolog Eldar Rustamow hem-de Hazar goraghanasynyň meýletin maslahatçysy ornitolog Aleksandr Şerbina bilen bilelikde suw-batgalyk ýerlere baha bermek we ylmy taýdan öwrenmek, guşlaryň gyşky sanawyny geçirmek işleri amala aşyrylýar. Gözegçilik we sanaw işleri suw giňişliginde kiçi göwrümli asma motorly gaýyklary ulanmak, gury ýerde (kenar ýakalarynda) awtoulaglar arkaly we pyýada ýerine ýetirilýär. Guşlaryň möwsümleýin göçüşlerini (migrasiýasy) bellige almak işleri goraghananyň meýdanlarynda şeýle hem, onuň daşynda belli bir nokatlarda olaryň uçup geçýän ugry, görnüşleri we sany bellige alynyp bellige alynyp zerur maglumatlar toplanylýar.

Goraghananyň hünärmenleri tarapyndan tebigat baýlyklaryny adatdan daşary ýagdaýlardan gorap saklamak boýunça zerur çäreler amala aşyrylýar. Goraghananyň dürli görnüşli, baý tebigaty türkmen tebigatynyň ajaýyplyklarynyň biridir. Ony goramak, gözel görnüşiniň gözelligini öňkiden-de artdyrmak, seýrek we ýitip gitmek howpy abanýan görnüşlere, aýratyn üns bermek, tebigatyň janly-jandarlaryna aýawly göz bilen seretmek, şol gözellikleri we baýlyklary gelejeki nesillere ýetirmek goraghananyň işgärleriniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň uly laboranty
Azatgül Namatowa