GALOFITLER – ŞORLAŞAN TOPRAKLARA UÝGUNLAŞAN ÖSÜMLIKLER
399 Ýer ýüzüniň gurak sebitleriniň uly meýdanlary, ýaramaz klimat şertleri bilen tapawutlanýanlar, olar uzak wagtlap ýaşaýşa ýarawsyz diýlip hasaplanýardy.
Duzlaşan topraklaryň ajaýyp pionerleri bolan galofitler, ýaramaz şertlere garşy çykyş edýän we diňe bir ýaşaman, eýsem, köplenç öz owadanlygy hem-de çydamlylygy (berkligi) bilen haýran galdyrýan ösümliklerdir.
Galofitler – bu haýsydyr bir görnüş däl-de, dürli maşgalalara degişli bolup, iň geň görnüşlere eýe bolan köp sanly ösümlikleriň toparydyr. Käbirleri ownuk merjenleri ýatladýar, beýlekileri ýeriň üstünde ýaşyl haly ýaly ýaýraýar, üçünjileri bolsa gyzgyn güne tarap boýnuny uzadyp gidýärler. Olaryň her biri özboluşly duza garşy täsirli usullaryny emele getiripdirler, aýratyn usullaryny ösdüripdirler.
Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) maglumatlaryna görä, takmynan 1,4 milliard gektar ýer (bu umumy gury ýeriň meýdanynyň 10%-den gowragydyr) eýýäm duzlanmakdan ejir çekýär, ýene-de 1 milliard gektar bolsa, duzlanmak howpy astyndadyr. Topraklaryň şorlaşmagy – çynlakaý ekologiýa meselesidir, sebäbi ol çölleşme hadysasyny çaltlaşdyrýar, bu ýagdaý gurak (arid) klimaty bolan sebitler üçin aýratyn wajypdyr. Toprak 0,25%-den köp ereýän mineral duzlary öz içinde saklasa, ony şorlaşan diýip hasaplaýarlar. Şeýle gurşawda adaty ösümlikler, glikofitler diýilýänler, ýaşap bilmeýärler. Duzlaryň ýokary konsentrasiýasy güýçli osmotik basyş döredýär, şonuň üçin ösümligiň kök ulgamy toprakdan suw siňdirip bilmeýär. Netijede, ösümlik suwsuzlykdan gurap gidýär. Galofitler bolsa beýle şertlere ajaýyp uýgunlaşypdyrlar. Olar duzuň artykmaçlygyny siňdirip, suwy özleşdirip, içerki suw deňagramlylygyny saklap bilýärler.
Dünýäde galofitleriň genofondy 2000– 2500 görnüşi öz içine alýar. Merkezi Aziýada 34 maşgala degişli bolan 760 görnüş hasaba alnan. Bu ösümlikler oba hojalygy hem-de ekologiýa üçin gymmatly genetiki çeşmedir, sebäbi olar duzlaşan hem-de pes önümli ýerleri özleşdirip bilýärler.
Galofitler – ýaşamak üçin hakykatdan-da inženerlerdir. Olar ýokary duz konsentrasiýasyna garşy birnäçe esasy uýgunlaşma mehanizmini döredipdirler:
– duzuň ýygnanmagy we suw bilen garylmagy. Bu görnüşdäki galofitler – eugalofitler (ýa-da duz ýygnaýanlar);
– toprakdan duzy siňdirýärler we ony öýjükleriň wakuollarynda jemleýärler. Täsirini gowşatmak üçin duzy suw bilen garyşdyrýarlar. Olaryň öýjük şiresiniň osmotiki basyşy ýokary bolýandygy sebäpli, toprakdan suwy “çekmäge” mümkinçilik berýär. Bu ösümlikler sukkulentlerdir – olar galyň, suw saklaýan ýaprakly bolýar. Mysal üçin, olara: ýata, şoratan, käbir şora görnüşli ösümlikler degişlidir;
– duzuň çykarylmagy. Krinogalofitler (ýa-da duz çykaryjylar) diýilýän ösümlikler duz erginini sitoplazma arkaly aňsat geçirýärler. Artykmaç duzlary ýapraklardaky ýörite mäzler arkaly ergin ýa-da kristallar görnüşinde çykarýarlar. Köplenç, olaryň ýapraklarynyň üstünde aý ýaly ýalpyldaýan kiçijik duz kristallaryny görmek bolýar. Şeýle görnüşlere tüýlek frankeniýa degişlidir;
– duzuň siňdirilmeginiň çäklen-dirilmegi. Ýene-de bir mehanizm – kök derejesinde duzlaryň gelmegini çäklendirmek. Käbir galofitler, mysal üçin glikogalofitler (duz geçirmeýänler), pes duza çydamlylyga eýe bolup, orta duzly topraklarda duş gelýärler. Olar ionlary saýlap siňdirýär, artykmaç duz ýygnamagyň öňüni alýar. Olaryň osmotik basyşy duzlaryň hasabyna däl-de, organiki maddalaryň artykmaç düzüminiň hasabyna saklanýar. Bu topara günorta gamyşyny we käbir ýowşanyň görnüşlerini goşmak bolýar.
Şorlaşan ýerleriň berk eýeleýjileriniň arasynda hakyky “ýeňijiler” duş gelýär. Hazar deňziniň kenarlarynda we şor düz-lüklerde, köplenç galyň şoralardan halylary ýaýradýar, şoratanyň geň ýaprajyklary bolsa merjen ýaly sapaklara dakylan. Hatda, köplere tanyş bolan ýowşan ösümligi bu ýerde öz duza çydamly keşbini alýar, dürli akselme ösümliginiň görnüşleri bolsa ekologiýa görnüşiniň tersine, öz ýumşak ýapragyny saklap, mallar üçin gymmatly iým bolup hyzmat edýär. Galofitler gurak zolaklarda giň ýaýrap, çöllerde we ýarym çöllerde uly ýerleri eýeleýärler. Olar şorluk ýerlerde, ýüzi takyr görnüşli we gipsli çöllerde agdyklyk edýärler, bu ýerlerde beýleki ösümlikler ýaşap bilmeýärler. Merkezi Aziýada olara şora, akselme, sazak, ýowşan ýaly uruglaryň wekilleri, şeýle hem şorluklary ýakymly güller bilen bezeýän owadan kermekler degişlidir.
Bu ösümlikleriň çydamlylygy ol diňe bir biologiýa täsinligi däl, eýsem gymmatly çeşmedir. Galofitler tebigy gurşawyň ekologiýasynyň üýtgeşmesinde uly ähmiýete eýedir:
– çölleşmä garşy göreş. Agaç we gyrymsy agaç görnüşli galofitler, gara sazak ýaly, topraklary ýel eroziýasyndan goraýarlar. Şeýle ösümlikleriň ýok edilmegi çölleşmä getirýär, sebäbi agyr klimat şertlerinde aýratyn-da şu ösümlikler beýleki görnüşler üçin amatly mikroklimaty döredýärler. Olar halk hojalyk desgalaryny gum basmalaryndan we tozap gitmekden goraýarlar, şeýle hem haýwanlary güýçli ýellerden hem-de temperaturanyň üýtgemelerinden gorap saklaýarlar;
– topraklaryň biomeliorasiýasy. Alymlar galofitleriň zaýalanan, duzly ýerleri dikeltmek ukybyna has köp üns berýärler. Köp görnüşler ýeriň üstündäki biomassada duzlary ýygnap, toprakdan çykarýarlar. Bu ýagdaýa ösümlik bilen gowulandyryş diýilýär, ol topragy arassalamaga mümkinçilik berýär. Şeýle arassalamakdan 3–7 ýyldan soň ýerleri adaty oba hojalyk ekinlerini ösdürmek üçin ulanmak bolýar;
– oba hojalygynda we senagatda ulanylyşy. Köp galofitler mal üçin gymmatly iýmitdir, esasan-da gurak döwürde, beýleki ösümlikleriň ösmeýän wagtynda. Bu pes öndürijilikli, “taşlanýan” ýerleri oba hojalyk dolanyşygyna goşmaga mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, galofitler bioýangyjyň, ýaglaryň, derman ösümlikleriniň we beýleki gymmatly önümleriň gaýtadan dikeldilýän çeşmesi bolup bilerler.
Howanyň ählumumy üýtgemegi we arassa suwuň ýetmezçiligi şertlerinde, topraklaryň duzlanmagy azyk howpsuzlygy üçin esasy howplaryň birine öwrülende, galofitler aýratyn ähmiýete eýe bolýarlar. Olar hatda iň zaýalanan ýerleriň hem dikeldilip boljakdygyna umyt berýärler.
Galofitleri we olaryň özboluşly uýgunlaşma ýörediş ulgamlaryny öwrenmek – oba hojalygynda we ekologiýada täze, çydamly tehnologiýalary ösdürmegiň açarydyr. Bu kanagatly we çydamly ösümlikleriň – tebigatyň iň ýowuz şertlerine uýgunlaşyp bilmekligi tebigatyň çäksiz parasatlylygynyň diri subutnamasydyr. Belki-de, gurak sebitlerde durnukly ösüşiň we agrobiodürlüligiň saklan-magynyň açary hem şondadyr.
Gülnabat Jumamyradowa, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty
Süleýmandurdy Annabaýew, Ekologiýa gözegçilik gullugy