TÜRKMENISTANYŇ EKOLOGIÝA KANUNÇYLYGY

45
  Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigaty go-ramak we onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak döwletara hem-de halkara derejesinde möhüm orny eýeleýär. Çünki, tebigat bilen adamzadyň arasyndaky gatnaşyklaryň deňagramlylygy bozulan giňişliklerde, daşky gurşawyň hili juda ýaramazlaşyp, käbir görnüşleriň sanynyň azalyp, sebitiň çäginden ýitip gitmegine getirýär.
  Adam tebigatyň önümlerini öz isleg-lerini kanagatlandyrmak üçin peýda-lanýar, özüne zerur bolan ähli zady tebigatdan alýar. Adamyň özüni gurşap alýan daşky gurşawa bolan gatnaşygy ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar esasynda amala aşyrylmadyk ýagdaýynda, bu hereketler we gatnaşyklar ekologiýa taýdan deňagramlylygyň bozulmagyna getirýär.
  Ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýy-ny gowulandyrmak ugrunda Türk-menistanyň Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedow köp işler geçirýär. Hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde eden taryhy çykyşynda birnäçe anyk başlangyçlary, Merkezi Aziýa boýunça BMG-niň maksatly ekologiýa strategiýasyny taýýarlamaklygy, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmekligi, “Hazar ekologik başlangyjyny” döretmekligi teklip etdi we dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni Merkezi Aziýanyň ekologiýa meselelerini çözmeklige çekdi.
Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly kon-wensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (СOP-28) eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz: “Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna özüniň goşulýandygy barada resmi taýdan beýan edýär” diýip belledi. Biziň ýurdumyz Ählumumy metan borçnamasyndan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara gu-ramalary hem-de hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam edýär.
  Esasy Kanunymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynda hem: “Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy baradaky hakyky maglumata we ekologiýa ka-nunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.” – diýip bellenýär. Munuň özi, ýurdumyzda döwletiň iň gymmatly hazynasy bolan adamyň saglygynyň girewi bolan daşky gurşawyň sagdynlygyna aýratyn ähmiýet berilýändiginiň subutnamasydyr.
  Türkmenistanyň BMG-niň ýerine ýetiriji guramalary we beýleki halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça uly tejribesi bardyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Daşky gurşawy goramak barada maksatnamasy (DGGM), Dünýä ekologiýa gaznasy (DEG), Senagat taýdan ösüş maksatnamasy, Azyk we oba hojalygy guramasy (FAO), Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkezi we beýleki halkara düzümleri bilen bilelikde milli we sebit derejesinde ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň onlarçasy durmuşa geçirilýär.
  Daşky gurşawy goramak babatda alnyp barylýan işleriň hatarynda milli kanunçylygymyzda amala aşyrylýan özgertmeler hem aýratyn bellärliklidir. Türkmenistanyň tebigaty goramak kanunçylygy daşky gurşawy hapalanmakdan goramaga, gaýtalanmajak özboluşly biologiýa dürlüligi we biosferany gorap saklamaklyga, ýurduň ýer, suw serişdelerini we beýleki tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmaklyga gönükdirilendir.
  Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Howanyň üýtgemegi boýunça milli strategiýa” hem-de “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy” işlenip taýýarlanyldy. Howanyň tämizligini, arassalygyny üpjün etmek, ýurdumyzyň tebigat gözelliklerini has-da artdyrmak maksady bilen, döwlet derejesinde ählihalk ýowaryny ekologiýa-medeni çäre hökmünde geçirmek berkidildi. Konstitusiýa esaslanyp, ýurtda “Radiasiýa howpsuzlygy hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Agyz suwy hakynda”, “Himiýa howpsuzlygy hakynda”,  “Galyndylar hakynda”, “Öri meýdanlar hakynda”, “Ösümlikleri goramak hakynda”, “Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda”, “Ekologiýa howpsuzlygy hakynda”, “Ekologiýa auditi hakynda”, “Ekologiýa maglumaty hakynda” kanunlar kabul edildi. Öňden hereket edýän kanunlaryň deregine täzelenen görnüşde “Uglewodorod serişdeleri hakynda”, “Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda”, “Ösümlik dünýäsi hakynda”, “Haýwanat dünýäsi hakynda”, “Tebigaty goramak hakynda”, “Ekologiýa seljermesi hakynda”, “Atmosfera howasyny goramak hakynda” kanunlar, şeýle hem Tokaý we Suw kodeksleri kabul edildi. Kabul edilen bu kanunlar ýurdumyzda tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny berkitmek bilen bir hatarda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmaga we olary gorap saklamaga ýardam eder.
  Ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri bilen ýörite meşgullanýan jemgyýetçilik birleşikleri we guramalary hem hereket edýär. Tebigaty goramak we ekologiýa baradaky döwlet syýasatyny halk köpçüligine ýetirmekde giň möçberli wagyz-nesihat işlerini alyp barýan jemgyýetçilik guramalarynyň has irisi Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetidir. Onuň esasy maksady döwletimizde tebigaty goramakda jemgyýetçilik işlerine ýolbaşçylyk etmekden, amatly ekologiýa ýagdaýy ugrundaky jemgyýetçilik hereketlerini gurnamakdan, şu hereketiň esasynda bolsa tebigy baýlyklary aýawly saklamak, gaýtadan dikeltmek hem peýdalanmak boýunça raýatlaryň işjeňligini ösdürmekden, bu baradaky döwlet syýasatyny goldamakdan we wagyz etmekden ybaratdyr.
  Türkmenistanda tebigaty goramak syýasatynyň esasy maksady hakyky iş ýüzünde ýurdumyzyň baýlyklaryny gorap saklamakdan, olary rejeli peýdalanmakdan, daşky gurşawda ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyny çäklendirmekden, tebigatyň hapalanmagynyň hem zaýalanmagynyň öňüni almakdan, jemgyýetde adamlaryň  ekologiýa taýdan howpsuzlygyny, erkin zähmet çekmeklerini, dynç almaklaryny, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesliň maddy we medeni isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanda ykdysady özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy, ýurtda uzak möhletli ekologiýa meseleleri-ni çözmäge, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we raýatlaryň ekologiýa howpsuzlygyny durnukly üpjün etmäge doly derejede mümkinçilik berýär.
Gurbannazar Çowdyrow, 
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty 
Omar Paşşyýew, 
Ýazberdi Toýlyýew, 
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04