ULY BALKANYŇ EFIR ÝAGLY ÖSÜMLIKLERI WE OLARYŇ FITOHIMIÝA BARLAGLARY

15
  Uly Balkan dagy Türkmenistanyň demirgazyk-günbatar çetinde ýerleşip, onuň uzynlygy gündogardan günbatara 70 km, ini bolsa 40 km golaýdyr. Daş-töweregi çöllükler bilen gurşalan dagyň gerişlerinde özboluşly 553-e golaý ösümlik görnüşi bolup, olardan efir ýagly ösümlikleriň 33 maşgalanyň 67 urugy we 96 görnüşi ösýär.
  Düzüminde efir ýaglaryny saklaýan ösümlikler Uly Balkanyň dürli guşaklyklarynda duş gelýärler we olar dürli ýaşaýyş şekillerini öz içine alýarlar. Olara agaçlar, gyrymsylar, gyrymsyjalar, ýarymgyrymsylar, ýarymgyrymsyjalar, köpýyllyk, iki we bir ýyllyk otjumak ösümlikler degişlidirler. Türkmenistanda arçalaryň iki görnüşi – türkmen we zerewşan arçasy duş gelýär. Düzüminde efir ýaglaryny we beýleki biologiki maddalary saklaýan bu ösümlikleri geljekde halk hojalygynda tehniki çig mal hökmünde ulanyp boljak. Olar dermanlyk, bezeg, boýag, iýmitlik, ot-iýmlik häsiýetlidir.
  Türkmen arçasy (Juniperus turcomanica L.) – Türkmen arçasy Serwiler (Cupressaceae Bartl.) maşgalasyna degişli bolup, politip urugyň iki görnüşiniň biri, efir ýagly ösümliklere degişli. Köpetdag-Horasan daglarynyň endemigi, ýerleşyän ýerine we deňiz derejesine baglylykda 1 gektar ýerde 50-den 100-e çenli, kähalatlarda 200 –300 sanysy duş gelýär. Türkmen arçasynyň boýy 2–10 m çenli ýetýän ösümlik. Uly Balkanda tűrkmen arçasy dag gerişleriniň gurak, çagylly we dag eňňitleriniň daşly, ownuk daşly ýerlerinde, çuň jülgeleriň depesinde, belentlikde ösýär. Arlan gerşinde, hekli, toýunsow dag  jynslarynyň dűrli reňkdäki  ýüz açylmalarynda, gaýala-ryň jaýryklarynda ösýärler.
  Käbir ýerlerde dag gerişleriniň ősűmlik őrtűginiň esasy bölegini tutup, uly bolmadyk seýrek tokaýlyklaryny dőredýär. Türkmen arçasy bu daglaryň orta hem-de ýokary guşaklygynda oňat ősűp, käbir ýerlerde beýikligi 12–15 m çenli ýetýär. Aprel–maý aýlarynda enelik we atalyk gozalary emele gelip, tozanlanma we tohumlanyş hadysasyny geçirýär, 1,5 ýyldan soňra, enelik gozalarynyň içinde arçanyň tohumlary bişip ýetişýär. Türkmen arçasy Uly  Balkanyň ösümlik gurşawynyň ýokarky sepini emele getirip, bu dag ulgamlarynyň florasynyň gurujylarydyr. Dag belentlikleriniň kert gaýalarynyň ýüzünde olaryň gür ösen toplumlaryny görmek bolýar.
 TÜRKMEN ARÇASY
  Daglaryň deňiz derejesinden 724–858 m belentliklerinde türkmen arçasynyň ýekeleýin düýpleri GMU (geografiýa maglumatlar ulgamy) tehnologiýalary boýunça bellige alyndy. GMU-nyň görkezmelerine laýyklykda, demirgazyk giňişliginiň N39º42.290', gündogar uzaklygynyň E54º 23.752', deňiz derejesinden 724 m belentliginde arça agajynyň, balkan ýowşanyň, ýakymly pütüniň, zirkiň, sygyrguýrugyň, bathyz ýowşanyň gatnaşmagynda, şeýle hem demirgazyk giňişliginiň N39º43.444', gündogar uzaklygynyň E054º29.720' – deňiz derejesinden 858 m belentliginde  türkmen arçasynyň, boçansowyň borjagynyň, iri gülli garagulagotunyň, balkan gamagynyň, ýaman borjagyň, balkan ýowşanyň gatnaşmagynda olaryň ösýän ýerleri bellige alyndy.
  Türkmen arçasynyň pürlerinden, şahalaryndan we miwesinden alynýan biologiýa taýdan işjeň maddalary ylmy lukmançylykda giňden ulanylýar. Türkmen arçasynyň 300 g gury agramyndaky efir ýaglary miwelerinde 1,35%, pürlerinde  2,55% deň boldy. Uly Balkanda ösýän türkmen arçasynyň düzümindäki efir ýagy, Köpetdagda ösýän nusgalaryndan pes görkezijileri berdi. Bu netijelerde, türkmen arçasynyň ösýän ýerleriniň daşky gurşawynyň howa şertleri bilen baglanyşyklydygy mese-mälim görünýär. Hazar deňzi Uly Balkana ýakyn ýerleşen hem bolsa, gerekli çyglylygy alyp bilmeýändigi hem-de bu daglaryň beýleki dag ulgamlaryndan aýratyn ýerleşmegi, şeýle hem onuň daş-töwereginiň çöllükler bilen gurşalmagy we klimatyň yssy-gurak şertleri bilen düşündirmek bolar. Türkmen arçasynyň tebigy şertlerindäki kadaly ösüşine zyýan ýetmez ýaly, arça toplumlarynyň genofonduny gorap saklamak hem-de medeni şertlerde ösdürip ýetişdirmekligiň örän çylşyrymly bolmagyny (örän haýal ösýär) we onuň gymmatly häsiýetlerini göz öňünde tutup, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizildi.
  Balkan ýowşany (Artemisia balchanorum Krasch.) – Astralar (Asteraceae Dumort.) maşgalasynyň wekili, ýaşaýyş şekili boýunça ýarymgyrymsyja, awgust–sentýabr aýlary aralygynda ösüş möwsümi dowam edýär. Balkan ýowşanyň boýy  40– 80 sm çenli ýetýär. Köpetdag-Horasan arealyna degişli. Onuň köki agaçlaşan, ýerüsti böleginde köpýyllyk, çal gabyk bilen örtülen gysga we uzyn şahalary, gülleýän we miweleýän baldaklary köp sanlydyr. Ir ýaz aýlary onuň terje ýaşyl ýaprajyklary çykyp başlaýar, tomsuna onuň ösüşi haýallanýar we rahatlyk ýagdaýyna geçýär, diňe awgust aýlary gülläp başlaýar, oktýabr–noýabr aýlary tohumlaýar. Bu daglarda olaryň ätiýaçlyk mukdary ýeterlikdir. Balkan ýowşany Uly Balkanyň ähli gerişlerinde, aşaky, ortaky, ýokarky guşaklykda giňden ýaýrandyr we bu daglaryň endemigidir. Efir ýagly ösümlikleriň sanawynda diňe Uly Balkanda iň giň ýaýran görnüşleriň biridir. Ol daşly eňňitlerde we çagyllaşan gury akabalaryň ugrunda ösýär. Balkan ýowşanyň dikligine saklanýan baldaklarynyň açyk ýaşyl reňki we onuň ýapraklarynyň ýiti limon ysy, ony ýowşanlaryň beýleki görnüşlerinden tapawutlandyrýar.
 BALKAN ÝOWŞANY
  Derelerden aşaklygyna gaýdýan gury akabalaryň kenar ýakasy Balkan ýowşanynyň has giň ýaýran ýerleridir. Belli bir ýerlerde balkan ýowşanyň 100 m2 meýdançada 40–50 sany düýbi hasaba alnyp, olaryň käbirleriniň boýy 80–90 sm çenli, ýokary başynyň ini bolsa, 95–120 sm ýetýär.  Sapar-çeşme deresinde hem balkan ýowşanyň giň ýaýran ýerlerini görmek bolýar, bu ýerde onuň tutýan meýdany takmynan 32 ga barabar boldy.
Balkan ýowşanyň 190 g gury ýaş pürleriniň düzüminde 0,47%, güllän şahalarynyň 275 g gury agramynda bolsa, 0,8% efir ýagynyň bardygy anyklandy. Balkan ýowşanynyň ýerüsti böleginiň güýzki ýygnalan 300 g gury agramyndaky efir ýagy 1,82% deň boldy. Balkan ýowşany gymmatly çig mal ösümligi hasaplanýar. Onuň çig maly azyk senagat pudaklarynda, konditer, şeýle hem parfýumeriýa önümlerini taýýarlamakda örän ähmiýetlidir. Onuň düzüminden alynýan efir ýagy alkogolsyz içgileri yslandyrmakda hem az mukdarda düzümine goşulýar. Esasan hem balkan ýowşany  dürli ysly atyrlary taýýarlamakda ähmiýeti örän uludyr.
Balkan ýowşanyň tebigy genofonduna zyýan ýetirmezlik üçin, Uly Balkanyň çäklerinde önümçilik maksatlary üçin giň meýdançalarda ösdürip ýetişdirmekligi teklip edýäris. Balkan ýowşanyň ýaýran meýdanlary Oglanly obasyndan 20 km-de duş geldi. Bu Uly Balkanyň tamamlanýan çäklerindäki pes daglyklardyr.
  Uly Balkanda balkan ýowşanyň ýaýran çäkleri giňdir, emma, tebigy hadysalaryň (gurak ýyllar, sil akymlary), daglaryň köp derelerinde mallaryň bakylmagy, ýollaryň çekilmegi we dermanlyk üçin ýygnalmagy, balkan ýowşanyň düýpleriniň azalmagyna getirýär. Tebigy hadysalaryň we antropogen täsirleriň ýetirýän zyýany mesemälim görünýär.
  Ýakymly pütün (Perovskia abrotanoides Kar.) – Dodakgülliler maşgalasyna degişli bolup, efir ýagly ösümlikleriň görnüş düzüminiň sanawynda getirilýär, ýakymly pütüniň boýy 60–120 sm ýetýän, ýapragyny gaçyrýan ýarymgyrymsyja, eýran-gimalaý arealyna degişlidir. Ýakymly pütüniň Türkmenistanda iki görnüşi duş gelýär ýakymly pütün we Köýtendag pütünidir. Ýakymly pütün Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Kürendagda, Günorta-Günbatar Köpetdagda, Merkezi we Gündogar Köpetdagda duş gelýär. Köýtendag pütüni esasan Köýtendagda ösýär we dag eteklerinden başlap, daglaryň ýokarky guşaklyklarynda hem duş gelýär. Maý– sentýabr aýlarynda gülleýär, iýun–oktýabr aýlarynda tohumlary ýetişýär. Ýakymly pütün Uly Balkanyň dag eteklerinde, dag guşaklyklarynda, deňiz derejesinden 400–1800 m belentliklerde giň ýaýrandyr. Şeýle hem gury akabalaryň ugrunda, daşly we çagylly eňňitleriň ýüzünde ösýärler. Ýakymly pütün Uly Balkanyň Nazarekerem, Gökje, Alekber, Saparçeşme we beýleki derelerinde dag eteklerinden başlap, deňiz derejesinden 650 m belentliklere çenli gür ösen toplumlaryny görmek bolýar. Ol esasan hem Nazarekerem deresiniň balkan ýowşanly assosiasiýalarynda has giň ýaýrandyr.
 ÝAKYMLY PÜTÜN
  Ýakymly pütüniň dermanlyk maksatlary üçin gory ýeterlikdir. Onuň gülleri we oty dermanlyk çig mal bolup hyzmat edýär. Dermanlyk maksatlary üçin ösümlik gülleýiş döwründe ýygnalýar. Ylmy lukmançylykda ösümligiň otundan taýýarlanan jöwheriniň  we şerbetiniň ýarany bitiriji, gan basyşyny peseldiji, ýüregiň urşuny kadalaşdyryjy häsiýetleri ýüze çykaryldy. Şeýle hem pütüniň jöwheri, peti we efirli ekstrakty antibakterial işjeňlige eýedir. Bu ösümligiň tehniki çig malyny derman, azyk we parfüumeriýa senagatynda ulanmak mümkinçiligi bardyr. Onuň ýakymly ysly we ýertudana (klubnika) tagamly bolmagy, bu ösümligi tagam beriji hökmünde ir-iýmiş gaplananda, konditer we alkogolsyz içgi suwlaryny yslandyrmakda  ulanmak bolar.
  Uly Balkanyň ýakymly pütüniň giň ýaýran önümçilik ähmiýetli meýdanlary Nazarekerem deresinde bellige alyndy. Şeýle hem bar bolan maglumatlara görä, onuň düzüminde 0,94–3,60% efir ýagynyň (kamfora, limonen, sineol, tuýon, gumulen we başg.), saponinleriň, alkaloidleriň, kumarinleriň we flawanoidleriň bardygy tassyklandy. Onuň 57 g gury agramynda 1,75% efir ýagy bar.
  Türkmen tilkiçaýy (Stachys turcomanica) – Dodakgülliler (Stachys setifera C.A.Mey) maşgalasyna degişli bolan tilkiçaý urugynyň Türkmenistanda 4 görnüşi duş gelýär: eýran tilkiçaýy (Stachys setifera C.A.Mey), ak tüýli tilkiçaý (S.lavandulifolia Vahl), üç damarly tilkiçaý (S.trinerýis Aitch. et Hemsl.) we türkmen tilkiçaýy (S.turcomanica Trautv.). Olaryň diňe bir görnüşi Uly Balkanda, Kiçi Balkanda, Kürendagda, Günorta-Günbatar Köpetdagda, Merkezi we Gündogar Köpetdagda hem-de Bathyzda ýaýrandyr. Türkmen tilkiçaýy köpýyllyk ýa-da ýarymjyrymsyja, boýy 15 – 30 sm ýetýän, ok kökli polikarpik, Köpetdag-Horasan arealyna degişli. Maý – iýun aýlary gülleýär, iýun – awgust aýlarynda miweleýär. Ol tohumy arkaly köpelýär. Uly Balkanyň Gurbannepes we Tizmergen derelerinde, arçalyklaryň we göwenlikleriň arasynda, daglaryň deňiz derejesinden 400 – 1600 m belentligine çenli ýaýrandyr. Türkmen tilkiçaýyna çagyllaşan daşly we ownuk toýunly ýerlerde  duş gelmek bolýar. Onuň köp sanly ýaş şahalary ýyldyzjyk şekilli tüýjagazlar bilen  örtülendir. Ol ösýän ýerlerinde uly bolmadyk bölekleýin toplumlary emele getirýär. Seýrek ot-çöpleriň hataryna girmeýär.
 TILKIÇAÝ
  Tilkiçaý urugynyň görnüşleri gadymy eýýamdan bäri dermanlyk ösümlik diýlip hasaplanýar. Türkmen tilkiçaýynyň düzüminde 0,033–0,150% efir ýagy (limonen, kampfen, Betta-pinen, 1,8 sineol) kumarinler, flawonoidler, betamizin, uglewodlar, fenolkarbon turşulyklary we K witamini  saklanýar. Türkmen tilkiçaýynyň miweleýän döwründe efir ýagynyň has köp ýygnanýan wagty hasaplanýar. Onuň miwesinde 0,11% – 0,14%  çenli efir ýagy saklanýar.
  Onuň çig maly ösümligiň gülleýän döwründe ýygnalýar. Türkmen halk lukmançylygynda ösümligiň otunyň peti we jöwheri ýürek-damar kesellerinde, gan aýlanyşyň bozulmalarynda peýdalanylýar. Şeýle hem ýaralary bitirmekde ýapgy hökmünde ulanylýar. Onuň efir ýagy parfýumeriýa senagatynda giňden peýdalanylýar. Türkmen tilkiçaýy dermanlyk, bezeg we tehniki çig mal ösümligidir.
 Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitaplarynda ýurdumyzyň dürli çäklerinde ösýän, boý alýan, düzüminde efir ýagyny saklaýan endemik görnüşleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär.
Ogulnabat Rahmanowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, biologiýa ylymlarynyň kandidaty 
Maral Sahatowa, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty
"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” zurnaly

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04