GAPLAŇGYR DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNDA DUŞ GELÝÄN ÇOMUÇLAR
19 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenista-nyň Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, onuň baýlyklaryny artdyrmak we aýawly peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler häzirki wagtda aýratyn derwaýys häsiýete eýedir. Türkmen halky ylham çeşmesi hasaplanylýan gözel tebigatymyzy asyrlar boýy gorapdyr. Tebigatymyzyň täsinliklerini özüniň medeniýetine, däp-dessurlaryna ornaşdyrypdyr. Dünýä belli türkmen halylarynyň reňki dürli ösümliklerden alnypdyr, ýüzlerçe dermanlyk ösümlikler halk lukmançylygynda ulanylypdyr. Şeýle melhemleriň biri-de çomuçdyr. Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösüm-likleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik işinde çomuç barada, olaryň dermanlyk häsiýetleri we ähmiýeti, peýdalanylyşy, ösüşi, ýaýraýşyny beýan edýän giňişleýin maglumatlar berilýär.
Türkmenistanda çomuçlaryň 22 görnüşi duş gelýär. Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghananyň meýdanlarynda ösýän çomuçlaryň ýaýran görnüşlerinden porsy çomuç, Litwinowyň çomujy we Kareliniň çomujy bar.
Porsy çomuç (Ferula foetida (Bunge) Regel), Garauklar maşgalasyna degişli – boýy 100–120 santimetr bolan köpýyllyk monokarpik otjumak ösümlikdir. Gymmatly dermanlyk, ot-iýmlik we bezeg ösümligi. Köki ýogyn bolup, her tarapa şahalanan baldagy bolsa ýogyn berdaşly, gyzylymtyl-ýogyn, ýokary bölegi gür şahalanan, şar şekilli sübseligi emele getirýär. Ýapraklary nobatlaýyn ýerleşen, ownuk, ýokarsy ýalaňaç, aşagy az-kem tüýlüje, baldakdaky ýapraklary has kiçi, içi bugraly tüýjagazlar bilen örtülen. Gülýapragy açyk sary ýa-da kremniý reňkli, güberçek. Ösümlik mart–maý aýlarynda gülleýär, maý–iýun aýlarynda miweleýär. Çomujyň köküniň şepbikli smolalary dermanlyk çig mal hasaplanýar. Halk lukmançylygynda çomuçdan taýýarlanan dermanlar hem-de melhemler irki döwürden bäri gysylmanyň we damar çekmäniň garşysyna, kakynda, tutgaýda, bronha dem gysmasynda, öýken inçekeselinde, süýji keselinde, bagyr sökelliklerinde, howply çişlerde, daşky usulda ýara bitiriji we dermatozlarda peýdalanylýar.
Litwinowyň çomujy (Ferula litwinowiana K.-Pol.), Garauklar maşgalasyna degişli – boýy 30– 50 santimetre ýetýän köpýyllyk monokarpik otjumak ösümlikdir. Gymmatly dermanlyk, ot-iýmlik we bezeg ösümligi. Köki galyň we şahaly, ähli tarapdan şahasy inçe we galyň, ýokarky bölegi bolsa sferik oky emele getirýär.
Baldagy inçe ýalpyldawuk, inçe buýraly tüýjagazlar bilen örtülen. Ortasyndan şahalanýar, aşaky şahalary nobatlaýyn, ýokardakylary bilelikde toplanan. Ýapraklary ýumşak, tüýlüje üçleýin bölünen. Baldakdaky ýaprak-lary güberçek. Saýawany deň, merkezin-däkisi sapaksyz, gapdaldaky saýawa-ny, köplenç, jübüt we uzyn sapaklyja 10 güllüje.
Halk lukmançylygynda çomujyň kökünden çykarylan sakyzy bagyr, aşgazan we göz kesellerini bejermekde ulanylýar. Ylmy lukmançylykda ondan öndürilen melhemleri demgysma we newroz kesellerinde ulanylýar.
Kareliniň çomujy (Ferula karelinii Bunge), Garauklar maşgalasyna degişli – boýy 30–50 santimetre ýetýän köpýyllyk monokarpik otjumak ösümlikdir. Köki çuňluga gidýär, kluben görnüşinde ýognan. Şahalary has eglen, aşakylary göni, ýokarkylary halka emele getirip, bilelikde ýerleşýär. Ýapraklary sarymtyl-ýaşyl reňkli, çal, gyralarynda çykyp duran ak damarly. Baldaklary, ýapraklary inçe gynlyja. Saýawany 15–23 şöhleli, uzynlygy 12 santimetre çenli. Gülleri sapaksyz. Çomuç aprel–maýda gülleýär, maý–iýunda miweleýär, tohumdan köpelýär.
Halk lukmançylygynda çomujyň köki bilen guýruk ýagyndan taýýarlanylýan melhemi döwük-ýenjikde, paradontozda ulanylýar.
Goraghananyň meýdanlarynda çomuçlar Ýedihowuzda, Çyryşlyda, Sarygamyş kölüne golaý meýdanlarda hem-de goraghananyň ýanaşyk meýdanlarynda, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň akabasynyň ugrunda, Atabaýşor kölüniň töwereklerinde, Baleýşem obasyna golaý meýdanlarda duş gelýär. Beýleki ösümlikler bilen bir hatarda, porsy çomujyň ösüş aýratynlyklary hem Gaplaňgyr döwlet tebigy gorag-hanasynyň ylmy hünärmenleri ta-rapyndan giňden öwrenilýär. 2025-nji ýylyň maý aýynda Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda sazak, çerkez, çereten ýaly gyrymsy we ýarym gyrymsy ösümlikler bilen bir hatarda porsy çomuja hem gözegçilik işleri geçirildi. Netijede, 1 ga meýdanda 77 düýp miweläp başlan we 102 düýp miwelemedik, jemi 179 düýp porsy ço-muç hasaba alyndy, umumy sanyndan onuň miweli ösümlikleri 43 göterime deň boldy. Bu iş porsy çomujyň ösýän beýleki meýdanlarynda hem dowam etdirilýär.
Çomujyň goraga mätäç üç görnüşi, ýagny porsy çomuç (Ferula foetida (Bunge) Regel), garagum çomujy (Ferula karakumica Geld. et A. V. Pavlenko), täjik çomujy (Ferula tadshikorum Pimenov) 2024-nji ýylda çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizildi. Biziň ýurdumyzda türkmen halk lukmançylygynda peý-dalanylýan dermanlyk ösümliklerini hemmetaraplaýyn öwrenmeklige giň ýol açyldy. Indi, biziň öňümizde ülkä-miziň seýrek we peýdaly görnüşlerini köpeltmek boýunça gorag hem-de ylmy-barlag işlerini has köp geçirmek wezipesi durýar.
Tirkeş Öwezow,
Begenç Piriýew,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy
"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” zurnaly