Döwlet gözegçileriň bilimini ýokarlandyrmak barada ylmy-amaly maslahat
10 Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň 2025-nji ýylyň iş meýilnamasyna laýyklykda 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda ministrligiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramak müdirlikleriň, Döwlet tebigy goraghanalaryň, Tokaý hojalygy müdirlikleriň, Tokaý zolaklara gözegçilik gullugynyň döwlet gözegçileriň bilimini ýokarlandyrmak boýunça okuw maslahaty geçirildi.
Maslahatda ilki bilen Türkmenistanyň gatnaşýan konwensiýalary we olaryň ähmiýeti barada gysgaça düşündiriş okuwy geçirildi.
Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we tebigatdan peýdalanmak hakyndaky kanunçylyk namalary boýunça, şeýle hem olaryň degişli maddalaryndan ýerlikli peýdalanmak barada düşündirildi.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Kanunlaryndan gelip çykýan 2025-nji ýylda kabul edilen jemi 23 sany kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen tanyşdyryldy we olaryň mazmuny barada gysgaça tanyşdyryş okuwlary geçirildi.

Daşky gurşawy goramak müdirlikleriň, Döwlet tebigy goraghanalaryň, Tokaý hojalygy müdirlikleriň, Tokaý zolaklara gözegçilik gullugynyň gorag bölüminiň başlyklary alyp barýan işleri barada çykyş etdiler. Olaryň alyp barýan işlerinde ýüze çykýan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, meseleleri çözmekde degişli maslahatlar we usulyýet kömegi berildi.
Maslahatda Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Kodeksine degişli maddalar boýunça giňişleýin okuw maslahaty geçirildi, teswirnamalar düzülende kodekse degişli maddalaryň haýsy kanundan gelip çykýandygyna üns bermelidigi barada düşündirildi.
Maslahatyň tamamlaýjy tapgyrynda özara sorag-jogap alyşmak arkaly okuw maslahaty dowam etdi we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we tebigatdan peýdalanmak hakyndaky kanunçylyk namalaryna üýtgeşmeleri girizmek barada bellikleri hem-de teklipleri hödürlediler.
Sorag-jogap alyşmagyň dowanda Döwlet gözegçileri üçin Daşky gurşawy goramak hem-de Tokaý hojalygy müdirlikleriniň hünärmenleri tarapyndan taýýarlanylan gollanma ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu gollanma Ministrligiň garamagyndaky Tokaý hojalyklarynda, Daşky gurşawy goramak müdirliklerinde (gullugynda) hem-de Döwlet tebigy we biosfera goraghanalarynda işleýän döwlet gözegçileriniň gündelik işinde peýdalanmak üçin niýetlenendir.
Gollanmada döwlet gözegçileri tarapyndan daşky gurşawy goramak boýunça döwlet gözegçiligi amala aşyrylanda kadalary we talaplary berjaý edilmegi hökmany bolan Türkmenistanyň tebigaty hem-de daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylygynyň degişli maddalaryndan göçürmeler ýerleşdirildi.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak
müdirliginiň baş hünärmeni R.Amanow