Dag-dereleriň gözellikleri

13
   Ýurdumyzyň daglyk ýerleriniň her bir deresiniň gözel we täsin tebigaty bar. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ruhabat meýdançasynyň tutýan meýdany 26784 gektar bolup, onuň meýdanlary 4 bölege bölünýär: Keçun – 4658 ga, Asylma 1191 ga, Pöwrüze - 6538 ga we Babazaw - 14397 ga. Şeýle hem 32800 gektardan ybarat gorag zolagy bar. Bu meýdanlarda  “Bars deresi”, “Dagyş deresi we Dogry dere”, “Ogurly dere”, “Garaňky” ýaly birnäçe dereler gabat gelýär. Goraghananyň Ruhabat meýdançasynyň Babazaw böleginde “Daştoý” dagy bolup onuň, deňiz derejesinden beýikligi 2534 metre çenli ýetýär. Şeýle hem bu  dagyň adybir deresi Daştoý – deresidir, ol iň uzyn dereleriň biri hasaplanýar. Daştoý deresiniň hem bir bölegi goraghananyň ýeri, şeýle hem  4 kilometrden gowragy gorag zolagyň çägine degişli. Derede agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň birnäçesi türkmen arçasy, türkmen kerkawy, dagdan, türkmen zirki, ownuk miweli wişniýa, üçgat, Buzýeniň çybygy, injir giňden ýaýrandyr. Köpetdag goraghanasynyň ösümlik dünýäsi boýunça geçirilen ylmy gözegçiliklerde derede ösümlikleriň 389 görnüşiniň ýaýrandygy boýunça maglumatlar berilýär (Конспект флоры Центрального Копетдага - Г.Камахина. 2004). “Daştoý” deresinde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2024) girizilen ösümliklerden dermanlyk birsepere, türkmen arçasy, horasan sarysolmazy, köpetdag daşkekresi, Ewbankyň tekesakgaly,  zakaspiý sümmüli, Wawilowyň sogany hem duş gelýär. 1980-1982-nji ýyllarda bu deräniň gorag zolagyna degişli çäklerde  we goraghana ýanaşyk ýerlerinde ekilen pisse agaçlary boýunça hem gözegçilikler geçirilýär. Tomus aýlary deräniň içinde ösümlikleriň gülleýän wagtlary mör-möjekleriň dürli görnüşleri hasaba alyndy. 2025-nji ýylyň  dekabr aýynyň ahyrlarynda geçirilen ylmy gözegçiliklerde derede azda-kände garyň bardygyny belledik. Garyň üstünde ýabany pişikleriň yzlary mese-mälim görünýär. 
 ö   
   Şeýle hem alajagaplaňyň yzlary deňiz derejesinden 1500 metre golaý belentliklerde hasaba alyndy. Derä tarap 500 metr geçilen ýol ugurda aýraklaryň sürüleri gabat gelip başlady, her sürüde 5-den 15 aralykda olaryň baş sany sanaldy, jemi geçilen 3,5 kilometr aralykda  deräniň ugrunda aýraklaryň  78 sany dürli ýaşdakylary gabat geldi. Deräniň ugrunda iki ýerde umgalaryň sanawy hem alyndy, geçilen ýol ugurda: 1-nji gabat gelen sürüde - 33 sanysy we 2-nji gabat gelen sürüde 8 sanysy bellendi. Aýraklary we umgalary  ýakyndan görmäge hat-da surata düşürmäge uly mümkinçilikler boldy. Aýratyn hem derede käkilikler örän köp mukdarda we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen  1 sany sakgally garaguş duş geldi. Öňki geçirilen gözegçiliklerde  deräniň ugrunda Gyzyl kitaba girizilen gajar hem-de göwenegiň höwürtgeleýän ýerleriniň koordinatlary alyndy. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynyň aglaba bölegi döwlet serhet zolaklarynyň çäginde ýerleşýär.
ş
  Şonuň üçin hemişe serhetçiler bilen söhbetdeşlikler yzygiderli gurnalýar. Ýurdumyzyň edermen serhetçileri diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny, ösümlik we haýwanat dünýäsini  gorap saklamaga uly goşant goşýarlar. Ýaňy-ýakynda serhet çäkde Dogryderäniň ugrunda manul pişigine gabat gelendigini olar habar berdiler. Şeýlelikde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2024), Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň gyzyl sanawuna we Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasynyň (CITES) sanawuna  girizilen  manul pişiginiň geljekde ýaýrawuny, bioekologiki aýratynlyklaryny  öwrenmäge uly mümkinçilikler döreýär. Her bir deräniň tebigy gözelliklerini ylmy tarapdan öwrenmek, şeýle hem takyk ylmy maglumatlary toplamak maksady bilen ylmy gözegçilikleriň dereler boýunça geçirilmegi dowam edýär.

Aknabat Potaýewa
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň, Ylmy bölüminiň başlygy
Rejepgeldi Orazgeldiýew  
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ruhabat meýdançasynyň bölüm başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04