“Türkmenistanda Suw üpjünçiligi, arassaçylyk, gigiýena we saglygy goraýyş barada başlangyç maglumatlaryň seljermesi” atly taslama
21 2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Aşgabat şäherindäki edara binasynda BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň bilermenleriniň gatnaşmaklarynda “Türkmenistanda Suw üpjünçiligi, arassaçylyk, gigiýena we saglygy goraýyş barada başlangyç maglumatlaryň seljermesi” atly taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen söhbetdeşlik - okuw sapagy geçirildi.

Söhbetdeşlik - okuw sapagyna ýurdumyzyň ähli ministrliklerinden we pudak edaralaryndan hünärmenler gatnaşdylar. Ýokarda agzalan taslama BMG-nyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň suw we saglygyň problemalary boýunça Protokolyň çäklerinde işlenilip taýýarlanylýar. Bu söhbetdeşlik - okuw sapagyna Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň degişli hünärmenleri hem gatnaşdylar. Söhbetdeşlik - okuw sapagynyň gün tertibine laýyklykda, gatnaşyjylar iki topara bölünip, her topara suw meseleler barada ýumuş tabşyryldy. Gatnaşyjylar berlen ýumuşlary höwes bilen ýerine ýetirdiler.
Daşky gurşawy goramak müdirliginiň esasy hünärmeni,
Kajarow Allanazar