ÇÖLLEŞME HADYSASYNYŇ ÖŇÜNI ALMAK: TÜRKMENISTANYŇ TÄZE BAŞLANGYJY

13
   Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli, bu halkara guramasy-nyň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli umumy mejlisinde eden çykyşynda halkara parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitarap döwlet hökmünde ählumumy hem-de sebit derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge ukyply esasy we kesgitleýji şert hökmünde özara hormat goýmak gepleşiklerini döretmäge gönükdirilen anyk çäreleri mundan beýläk-de amala aşyrmaga taýýardygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan Merkezi Aziýa ýurtlary üçin çölleşmä garşy göreşmek boýunça sebit merkezini döretmek başlangyjyny öňe sürdi.
Häzirki wagtda çölleşme dünýä derejesinde ekologiýa we durmuş-ykdysady meseleleriniň biri bolup, BMG-niň Daşky gurşaw maksat-namasynyň berýän bahasyna görä, dünýäniň gurak sebitleriniň meýdanynyň 69%-i çölleşme hadysasyna sezewar bolupdyr. Dünýä derejesinde suwarymly ýerleriň 30%, düme ýerleriň 47% we öri meýdanlarynyň 73%-i zaýalanandyr.
   Çölleşme sebäpli umumy ýitgiler 50 mil-liard amerikan dollara barabar diýlip hasap edilýär. Çölleşme hadysasyna bir tarapdan ýerleriň tebigy guraklaşma hadysasy, beýleki tarapdan bolsa adamyň hojalyk işleriniň netijesi hökmünde garalýar.
  Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde 1992-nji ýylda geçirilen Daşky gurşaw we ösüş boýunça hal-kara maslahat ösüp barýan ýurtlaryň Çölleşmäge garsy göreş boýunça hal-kara konwensiýasyny taýýarlamagyň zerurlygy hakyndaky teklibini kabul etdi. BMG-niň Baş Assambleýasy Konwensiýany işläp düzmek barada gepleşikleri geçirmek üçin, 1992-nji ýylyň dekabrynda merkezi Ženewa şäherinde ýerleşýän Hökümetara komiteti döretdi. Halkara derejesinde köp sanly alymlaryň we bilermenleriň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleriniň hem gatnaşmagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmäge garşy göreş boýunça konwensiýasynyň teksti işlenilip taýýarlanyldy. 1994-nji ýylyň 17-nji iýunynda Konwensiýa kabul edildi we şol gün BMG tarapyndan Çölleşmäge garsy göreşiň halkara güni diýlip yglan edildi. Konwensiýany ilkinji 50 sany döwlet gol çekip tassyklanyndan soň, Konwensiýa 1996-njy ýylyň 26-njy dekabrynda güýje girdi. Türkmenistan ilkinji döwletleriň biri bolup, 1995-nji ýylyň 27-nji martynda Konwensiýa gol çekdi. Türkmenistanyň Mejlisi Konwensiýany 1996-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda tassyklady.
  Çölleşmäge garşy göreş boýunça konwensiýanyň esasy maksady – adamyň hojalyk işi netijesinde döreýän çölleşme hadysasynyň öňüni almak hem ony togtatmak we amala aşyrylyp bilinjek ýerlerde ekologiýa mümkinçilikleriniň çäklerinde zaýalanan ýerleriň biologiki önümliligini dikeltmekdir. Çölleşmäge garşy göreş boýunça Konwensiýa gol çeken taraplar – ýurtlar Konwensiýanyň 4-nji we 5-nji maddalaryna laýyklyk-da milli hem-de sebit derejesinde aşakdakylary ýerine ýetirmek babatda borçlanýarlar. Ýagny, bu borçnamalar çölleşmäge garşy göreş hereketleriniň milli maksatnamasyny işläp taýýar-lamakdan, çölleşmek hadysalaryna gözegçiligiň, barlagyň we çaklamanyň milli ulgamyny döretmekden, ýer, suw, tokaý we öri meýdan baýlyklaryndan rejeli peýdalanmakdan hem-de biologiýa dürlüligini gorap saklamakdan, tebigaty goramak hakyndaky kanunçylygy kämilleşdirmekden, ekologiýa babatda bilim bermekden we ilaty, aýratyn hem oba ilatyny çölleşmäge garşy göreş hereketlerine çekmekden, ylmy-barlag işleriniň netijelerini önümçilige ornaşdyrmakdan, halkara we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
   Gazagystany, Gyrgyzystany, Täjigistany, Türkmenistany we Özbegistany öz içine alýan Merkezi Aziýa sebiti özüniň medeni we taryhy ösüşiniň umumylygy bilen häsiýetlenýär hem-de çölleşmegiň düýpli serhetüsti meseleleri bolan gurak we ýarym gurak zolagy emele getirýär. Bu sebit özüniň gurak we ýarym gurak ekoulgamlary sebäpli, howanyň üýtgemeginiň täsirlerine has gowşak sebitleriň sanawyna girýär. Sebitiň ýurtlary howanyň üýtgemeginiň ekstremal täsirlerine sezewar bolýarlar, çaklamalara laýyklykda, bu täsirler geljekde has hem güýçlener.
Merkezi Aziýanyň çölleri we dag sähralary hojalyk mallary üçin ot-iým gory bolup, olar esasan öri meýdan hökmünde peýdalanylýar. Sebitiň umumy meýdanynyň 68% golaýyny öri meýdanlar tutýar, bu meýdanlary oňat önümli ýagdaýda saklamak örän wajyp meseledir. Antropogen täsirler, ýagny adamyň hojalyk işleri – (çenden-aşa mal bakmak, tokaýlary çapmak, täze ýerleri sürüp özleşdirmek, döreýän ýangynlar) öri meýdanlarynyň hasyllylygynyň peselmegine hem-de zaýalanmagyna getirýär. Mysal üçin, ýowşanly çöl örüleriniň täzeden dikelmegi üçin azyndan 20 –25 ýylyň gerekdigini gözegçilikler görkezýärler.
Gurakçylyk we çölleşme oba ho-jalygynyň önümliligine we biologiki dürlülige ýaramaz täsir edýärler, klimat hem-de adatdan daşary howa ýagdaýlary bilen bagly bolan heläkçilikli hadysalaryň, tozanly hem-de çäge-tozanly tupanlaryň sany artýar, suw serişdeleriniň ýetmezçiligine garaşylýar.
  Tokaý agaçlarynyň çapylmagy we mal bakylmagy tokaý meýdanlarynyň ep-esli azalmagyna getirdi. Dag tokaýlary ýapgytlarda toprak we suw serişdelerini goramak wezipesini ýerine ýetirýärler, olaryň meýdanynyň azalmagy bolsa dagyň aşaky böleklerinde toprak eroziýasynyň (ýuwulmagynyň) güýç-lenmegine we çölleşme hadysasynyň ösmegine getirýär.
Topragyň eroziýasynyň güýçlenmegi, möwsümleýin ýagynlaryň endigan bolmazlygy, ýokary gurakçylyk we ösümlik örtüginiň dikelmegi üçin uzak wagtyň zerurlygy sebäpli, günorta daglyk ýerlerde – Günbatar Týan-Şan, Pamir-Alaý daglarynda we Köpetdagda topragyň zaýalanmagy hem-de çölleşme hadysasy aýratyn hem çalt depginli bolup geçýär. Düzlükleriň we daglaryň derýa boýundaky tokaýlary, çöllerde sazak tokaýlary seýrekleşip, olaryň tutýan meýdany hem güýçli azalypdyr.
  Özbegistanyň Nukus şäherinde 1995-nji ýylyň sentýabr aýynda bolup geçen Halkara konferensiýasynda Aral deňziniň ýakasyny durnukly ösdürmegiň meseleleri boýunça Jarnama kabul edildi. Jarnamada oňa gatnaşýanlaryň özara hormat we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda sebit derejesinde ähli babatda geljekki hyzmatdaşlyk boýunça borçnamalary beýan edilen. Şeýle-de, Aral deňziniň ýakasynyň ekologiýa meselelerini çözmekde düýpli öňe gidişligi gazanmak barada aýdyldy.
  Häzirki wagtda Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlary BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş boýunça konwensiýasy-nyň taraplarydyr. Konwensiýanyň Düzgünnamasyna laýyklykda, bu ýurtlar Çölleşmäge garşy göreş boýunça hereketleriniň milli maksatnamalaryny kabul etdiler we ýerine ýetirýärler. Şeýle hem, BMG-niň Çölleşmäge garşy göreş boýunça konwensiýasy bilen baglanyşykly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Çölleşmäge garşy göreş boýunça he-reketleriniň sebitleýin maksatnamasy taýýarlanyldy we kabul edildi.
  Çölleşme hadysasynyň we gu-rakçylygyň serhetüsti meselelerdigi sebäpli, olaryň garşysyna göreşmek üçin bilelikdäki hereketler zerurdyr. Beýleki halkara konwensiýalar we degişli ýuridik şertnamalar, şeýle hem, çölleşmäge we gurakçylyga garşy göreş bilen bagly se-bitleýin we ählumumy maksatnamalar bilen özara baglanyşyk üpjün edilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, çölleşme hadysalarynyň sebitde ýerleriň zaýalanmagyna we çölleşmäge garşy göreş boýunça hereketleri utgaşdyr-mak maksady bilen hem-de çöl ekoulgamlaryny dikeltmegiň we gorap saklamagyň wajyp meseledigini göz öňünde tutup, Türkmenistan  Merkezi Aziýa we onuň bilen goňşy döwletler üçin Çölleşmäge garşy göreş boýunça sebit merkezini döretmegi teklip edýär. Şeýle merkeziň döredilmegi sebit mümkinçiliklerini birleşdirmäge, daşky gurşawy goramak ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, sebitleýin we halkara maglumat hem tejribe alyşmagy giňeltmäge, Konwensiýany ýerine ýetirmeklige ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hemaýatçylary çekmeklige, çölleşmäge garşy göreş boýunça hereketleriň milli we sebitleýin maksatnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmäge ýardam eder.

Muhammet Durikow, 
Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara toparynyň Ylmy-maglumatlar merkezi
"Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” zurnaly

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04